MENU

08:53
Ynanman

YNANMAN

Yşgyñ dälihanasynda,
Ýan bermedik bir telbe men
Ýerinde dursun ýüregim,
Owal amanat, elleme!.

Çapyp barýan bedew ýaly,
Çapyp barýar bu ömrümem,
Nerme-näzik bu göwnümiñ,
Tapyp bilemok göwnünem.

Soltany men akmaklaryñ,
Asyllylañ ýesiri men,
Ýeri dörjeläp tapmadym,
Asmanda ýok nesibimem.

Sen gowsy gonma gursagma,
Gonsañ ganatyñ tüýdüler,
Içigara däl men düşün,
Kalbyma kömür guýdylar.

Ynanman, ynanjak bolma,
Sygynman sygmajak ýerme,
Laçyn şahyr aýtmyşlaşyn:,
,,Söýgi gawun" ynam terne.

Diýme ,,kesir, özdiýenli",
Çepim-sagym oñuşanok,
Senem janygyp oturma,
Çyn söýenler gowuşanok...

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 126 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 07:26, 24.04.2023
Laçyn hanym “söýgi - gawun” diýende oň sýüjüligini göz öňünde tutdymyka ýa-da içine gurçuk düşmesini?
Baýram kaka, “Çyn söýenler gowuşanok...” diýip pessimist bolmaňsana. Onda, gowuşanlaňky çyn söýgi däl bolýamy? Gowşmadyklaňkam - çyn söýgi?
avatar
0
2 Анонимно • 08:47, 24.04.2023
Salam! Söýmek üçin gawun ýaly bişen ynam gerek a ikimiziñ ynamymyz bolsa terne diýjek boldym. A çyn söýenler gowuşanok diýibem Zöhre-Tahyr, Leýli-Mejnun... We ş.m-leri mysal getirip bolar, muny diýmek bilenem özüñden geçip söýmeli biri bar bolsa olam Biribardyr diýjek boldum...
avatar

uCoz