MENU

13:08
Ynha ol


YNHA OL

Içimde goh bar
Depämde gara bulut diýip
Bar günäni bir zada ýüklemäýin
Hem seplemäýin sebäpleri
Bir zad-a bolýar maňa bu günler
Göýä, agaçlary başly-barat ösen
Düşnüksizlik jeňňelinde
Atymy ýeke çapyp ýörün
Baryp direjek ýaly maňlaýymy
Ullakan köwükli agaja

Men haýsy bagda uklap galypdyryn
Depämden ýyldyzsyz asman
Gözlerini alardyp seredýär
Şemallar uwlaýan ýaly
Ýapraklara özüni emaý bilen urup
Oýarýar gijäň ýary
Seýrany diňläp ýatyrdym
Bir nätanyş ruhly adamy

Ters ugra barýan uçardan gaçdym
Ýaňyja, terje, dogry ýerde.
Elime ilen çöp bilen ýazýan şu wagt
Döwülýär, ýene biri, ýene biri, ýaz diýýär
Ýok men bu setirlerde
Diňe yzyna düşýän gözlerimiň
Bir zat garaşýar maňa, biri, bir ýer
Her nokatdan soň, tirkeş-tirkeş
Sözler ot alýar, tüsseleýär
Howruna ellerimi ýyladýan
Jeňňelimi ýakasym gelýär içimde
Şu wagt azaşýan, seçme deý agaçly
Seni küýseýän, geçen günlerim.

Hany, nirede galypdyk
Ynha dowamy soňky ýoluň
Içimi çekýän, içime çekýän setirlerimi
Belki öz-özümi, menimi we seni...
Öwrülesim gelýän ýaly Seýrana
Ýene barýan, tark-tark-tark
Sesem çykanok ýörämde
Pyşyrdaýan sözlere içimi
Ýanýan, sygmaýan, boşadýan içimi,
Ýuwaş boluň, ş-ş-ş-ş
Eşidýäňizmi
Içimde goh bar...
Bir zad-a bolýar maňa bu günler

© Seýran OTUZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 131 | Добавил: sussupessimist | Теги: Seýran Otuzow | Рейтинг: 5.0/5
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Medicall • 13:40, 24.12.2023
Pursat şu pursatdyr Seýran! : sesleriñ içinden öz sesiñi tanap, özüñi tapyp özüñe dolanmakda...
Ruhdaş hem ajaýyp eseriñiz üçin minnetdar!
avatar
0
2 Мango • 16:15, 24.12.2023
seýranyň içgeplemesi, içiniň gohy-galmagaly baradamyka?
(diýip sorasaň bolýamyka?)
seýran seýranyň içinde ýoluny ýitiripdir...

Depämden ýyldyzsyz asman
Gözlerini alardyp seredýär

göz öňüme gelip gitdi gözlerini alardýan asman.
---
Ullakan köwükli agaja...
"köwekli" bolmaly dämi?
avatar
1
3 garagar • 23:54, 24.12.2023
Şol agaç pikirlendirýär meni. Ol girelgesimi ýa çykalgasy...

"Şemallar uwlaýan ýaly
Ýapraklara özüni emaý bilen urup
Oýarýar gijäň ýary"

owadan setirler.Ýapraklar bilen şemalyň gatnaşygy barada köp ýazylýar. Bu başga bolupdyr.

"Her nokatdan soň, tirkeş-tirkeş
Sözler ot alýar, tüsseleýär
Howruna ellerimi ýyladýan"

Göz öňüme geldi

'Ýuwaş boluň, ş-ş-ş-ş
Eşidýäňizmi
Içimde goh bar..."

Hat-da, gahrymanyň özem biz bilen sessiz durup, ol gohy diňleýän ýaly.

Eşitdim.
avatar

uCoz