MENU

16:39
Ýok, gardaş, agtarma özüňden günä!

Kakabaýa

Ýok, gardaş, agtarma özüňden günä,
Goşgy ýaz.
kyssa ýaz gussa çekme-de.
Ýeri, ak «Wolgaly» gatnamanda nä,
Ertir-agşam çagalarmyz mekdebe.

Aslynda biz baýlygyn däl, Baýronyň,
Pyragynyň yzyn yzlap selpedik.
Biz bu dünýä diňe keýp etmäge hem
Gelnimizi bezemäge gelmedik.

Studentlik öwretmändi diňe bir,
Özümiz kitaba bendi etmegi.
Makaronly ýyllar öwrenipdik biz,
Sada geýinmegi,
Bergi etmegi.

Ýok, biz iller ýaly miweler bişse,
Agtaryp kurortlaň gowudan gowsun,
Sergin ülkelerde, diýardan daşda,
Goşga geçirmedik Türkmeniň tomsun.

Ýalňyşsak-da, ýara alsak-da herhal,
Ýan bermän gideli diňe öňe biz.
Çünki janymyzy goramaga däl,
Söweşmäge giripdig-ä jeňe biz.

Ýok, gardaş, agtarma özüňden günä,
Hem çekme sen ýalňyşlygyň keşgini.
Bize hiç mahalam miýesser etmez.
Ýeňles şahyrlaryň ýeňil geçgini.

Goý, gözläli,
urunaly her ýana,
Çözläli üzülse üzülsin kelep.
Guwwaslar gark bolar däli derýada,
Azaşsa, çöllerde azaşar belet.

© Nobatguly REJEBOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 87 | Добавил: Lacrymosa | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Seljuk • 01:30, 26.11.2023
"Ýok, gardaş, agtarma özünden günä..."

"Özünden" däl-de, "özüňden" bolmaly öýdýän.
avatar
0
2 Lacrymosa • 18:49, 27.11.2023
Sagja boluň, Seljuk aga! Düzetdim. Aýdyp duruň şeýdip
avatar

uCoz