00:24 "Ýokarda bir Aý bar..." | |
![]() "Ýokarda bir Aý bar, Aşakda bir jaý bar, Pygamberiň saçagynda, Bize goýlan paý bar..." Ýaremezandan. Ýokarda bir Aý bar, Kalpda-da iman, Ýerde ynsanlaryň şu güni, düýni, Sen ýagşylyk eýle, sogap et dynman, Düz bolsun bar zadyň ahyry, düýbi, Gara ýer aýňalsyn, aladalardan, Çökder bir bolmasyn ynsanyň müýni... Ýokarda bir Aý bar, Ýekeje Aý bar. Her ýürekde Alla, her tende-de jan, Ýagşylyga ýaran bolmasaň ynsan, "Adama sansyň sen, Taňra bolsa jan!" "Ýokarda bir Aý bar, aşakda bir jaý" Ynjytma topragy, toprakda bir jaý, Bir müdimi jaý, Ýokarda - da hon-ha, bar ýekeje Aý, Soň ony görkezmez, toprakdaky jaý- äpişgesiz jaý. Şükür Alhamdulillah, enteg-ä görýäs, Ýokarda bir Aý bar! Diýmek, ýagşy amallara, sogaba, Şüküre, imana wagtymyz jaý bar! © Baýramsoltan GURBANOWA | |
|
Всего комментариев: 1 | |
| |