MENU

22:49
Ýolma, guşuñ ganatyn!

ÝOLMA, GUŞUŇ GANATYN!

Ne oýundan, ne çyndan,
Ýolma guşuň ganatyn!
Pent bolsun şu menden
Ýolma guşuň ganatyn!

Kim galkar asman sary,
Ýolsaň guşuň ganatyn?!
Uçýan, uçmaýan bary
Bolmazmy garym-gatym!

Guşuň ganatyn ýolma,
Bozma kaddy-kamatyn.
Bolsaň bol ýerde ýorga,
Ýolma guşuň ganatyn!

© Bapba GÖKLEŇ
Категория: Goşgular | Просмотров: 112 | Добавил: Мango | Теги: Bapba GÖKLEŇ | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Sylapberdi • 23:16, 25.11.2023
Bapba şahyryñ koronny goşgusy
avatar
0
2 sussupessimist • 00:08, 26.11.2023
Ay yok, edil koronny etmäň. Prosto yazan goşgusy. Mundan guyçli eserleri kän. Barysyny bir temada yerleşdirmän zordan saklanyp otyryn. Kayaymesinler diyip
avatar
0
3 Hydyr • 09:52, 26.11.2023
Baobany men birinji gezek ýazyjylar soýuzynyň ýaşlar bilen geçiren ýygnagynda gördüm. Aý, herkim goşgy okady, gürledi. Men hiç kimi tanamok diýsemem bolýa. Ýygangy alyp barýanlaň biri iň soňunda Bapba senem bir goşgyňy okap ber diýdi. Olam yzyrakda oturan eken, "Ýolma guşuň ganatyn" goşgusyny okap berdi. Ähli ýygnak bir ýaňa şol goşgy bir ýaňa boldy. Soň derrewem turuşdylar. Men Bapba bn görüşjek bolup çykdym. Ol gaçyp diýen ýaly gidipdir. Ýogsa maýam ýokdy, sähel eglenen bolsa görüşip bilerdim. Nesibe, gynandym. Ýöne soň kän görüşdik, bizde oturdyk, kän gezek ýatybam gidendir. Bizem Bapbalara kän barardyk. Dogrusy,Ylýasy has gowy görerdi. Oňa Ilýuş diýýädi. Men gatyk iýmämsoň, kän gidip bilemokdym, olar gatykly unaş iýerdiler. Meni näme üçindir agressiw görerdi. Garaz, şeýleräk. Ýöne Bapba ýaly mert, dostuna wepaly ýigitler az dogýandyr. Goşgularam özi ýaly, kän buýtar-suýtary ýokdur. Suratyny gözledim, arman obada galypdyr. Ýogsa Mango iberjekdim. Ýene bir gezek. Suraty kimde bar bolsa goýsun, ýigit gören ýaly bolarsyňyz. Ol ýogalmazynyň öň ýany täze ýyly bizde garşylamakçy eken. Alla başgaça etdi. Ýatan ýeri ýagty bolsun, iman baýlygyny bersin, ýigide.
avatar

uCoz