MENU

01:15
Ýöntemje pikir
Eger bolýan bolsa asmana uçup,
Bulutlañ üstünde agynasadym,
Arzuwymy örklän täleýden gaçyp,
Arkama umytdan ganat ýasadym.

Daglañ gaýasynda uçasym gelýär,
Dostlaşasym gelýär bürgütler bilen,
Çeşmesinden göwnüñ synjasyn alyp,
Dañlyşasym gelýär çözgütler bilen.

Subut edip şunçalaryñ içinde,
Köpeldilen ýöne bir san däldigim,
Men şeýlekin gowy bolasym gelýär,
Synlap erbetleriñ juda känligin.

Ýok-ýok ,,ýene pikirlenip gör..." diýme,
Eger bolýan bolsa asmana uçup,
Bulutlañ üstünde agynajak men,
Arzuwmy örüklän täleýden gaçyp...

©Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 108 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Мango • 02:16, 19.08.2023
nejis däl.
ýöne, "Çeşmesinden göwnüñ synjasyn alyp / Dañlyşasym gelýär çözgütler bilen" - diýeňde "synjaly" ýerini gelişdirmedim...

Synja (Istinja) näme?
Istinca (synja) sözlükde pislikden tämizlenmegi islemek diýmekdir. Dini termine görä uly we kiçi hajatyňy bitirip uýat ýerleriňi tämizlemegi aňladýar...
(sorularlaislamiyet.com)

"göwnüň synjasyny almak" diýeniňde "göwnümi kir-kimirden arassalajak" diýýänem bolsaň, ýene-de synjada täzmizlenilýän hapa başgarak hapa-da...
aňladabildimmi?

***
jemlemede "Bulutlañ üstünde agynajak men /Arzuwmy örüklän täleýden gaçyp..." diýen sözlem ýerbe-ýer.
ýöne goşga başlaňdaky "Bulutlañ üstünde agynasadym.../...Arkama umytdan ganat ýasadym" sözlem agsaýar.
ilki arzuw edýär "agynasadym" diýip, yzyndanam "ganat ýasadym" diýip anyk aýdýaň....
aňladabildimmi?
avatar
0
2 Pegas • 10:35, 19.08.2023
Bogun sanyň hatyrasyna "örklän" ýaly sözüniň "örüklän" ýaly görnüşde ýazylmagyny dogry däl hasaplaýan. Gözdençykgynçlyk bolýar.
avatar
0
3 Medicall • 22:35, 19.08.2023
"Synja" diýmän "täret" diýseñem bolar jigimjan,
Birem ol "örüklän" diýen sözde üns bermän harp ýalñyşy gidipdir.
Goşgy welin GOWY! hökman arzuwlaryñ hasyl bolar, ynanaý, arassa arzuwlar iru giç ganat bekleýär hökman!
Galamyñ ýiti bolsun! Diñe öñe!
avatar

uCoz