MENU

03:21
Ýör, oglum, ýör!

ÝÖR, OGLUM, ÝÖR!

Ýör, oglum, ýör,
Ataňy gör!
Biridir ol ýedi arkaň.
Heniz giç dälkä görmäge,
Heniz mümkinçilik barkan,
Ataňy gör,
Ýör, oglum, ýör,
Sähra sary, burugsaýan,
Garaşma:ly dynç gününe,
Garaşma:ly rugsada.

Ýör, oglum, ýör,
Ataň saňa
Ýatlap berer nerdemleri,
Gojalşandyr, çöküşendir
Külpet gören gerdenleri.
Ýör, oglum, ýör,
Heniz ýaş sen,
Düşünmersiň aýdanlarna.
Zeleli ýok,
Meňzeş olar
Sary sähraň aýdymlarna.
Ýyllar geçer, ulalarsyň,
Aýdany galar aňyňda.
Bu durmuşdyr, peýda bolar
Gyssanan çagyň alnyňda.

Ýör, oglum, ýör,
Adam pahyr
Ötegçidir tapgyr-tapgyr.
Salama barmaga ataň
Ýene näçe wagt tapdyr?!
Garrandyr ol, garaşýandyr,
Bikarar, bitakat, tapsyz.
...Oglum, salama gideli,
Salam sünnetdir, sogapdyr

© Meretmämmet HANMÄMMEDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 123 | Добавил: Мango | Теги: Meretmämmet Hanmämmedow | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Pero • 10:41, 29.05.2023
Gowy goṣgy eken,täsirli. Ýetireniñize sagboluñ! Meretmämmet Hanmämmedowyñ döredijiligi bilen tanyṣ däldim.
avatar
0
2 Pero • 10:53, 29.05.2023
Nerdem sözi ulanypdyr weli,merdem bolmalymyka,ya...
avatar
0
3 Medicall • 11:15, 29.05.2023
Nerdemem bolup biler - ner sözünden ýasalyp. Eger nerdem bolsa gowy gelşipdir

Ajap goşgyken. Ýetirip duruñ!
avatar

uCoz