MENU

11:18
Yrym-yrym, ýom-ýom

YRYM-YRYM, ÝOM-ÝOM

Ynananym ölmegeý!
Yrym-yrym, ýom-ýom.
Sen bir çyzma,
maňlaý öň,
Çyzym-çyzym, ýol-ýol.

Dört pasyl, dört gapylar,
Bir açyp, bir ýapylar.
Meni ýerden tapybam,
Uçup ýörme, gon-gon.

Tebsiränim, telperim,
Mähir silin eňterip,
Haýsy ýoldan elteýin,
Dumly-duşum oý-oý.

Howada ysy süýdüň,
Bulutlar tüýdüm-tüýdüm.
Birje gezek «Ýaz!» diýdiň,
«Ýazma!» diýdiň zol-zol...

Ygtykadym, ygrarym!
Dünýä ýazyp sygýaryn...
Geňleseler dymýanym,
Jogap tapgyn zor-zor.

Diýgin «Göýä telbe deý,
Ýitdi, gitdi, gelmegeý!».
Ynanmadyk ölmegeý!
Yrym-yrym, ýom-ýom!..

© Aýgül BAÝADOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 159 | Добавил: Aygul | Теги: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 5.0/6
Всего комментариев: 5
avatar
1
1 Medicall • 17:55, 21.04.2023
"Birje gezek «Ýaz!» diýdiň,
«Ýazma!» diýdiň zol-zol..." ýazma diýýänçi-da şolaň özi aslynda:), ine şunuň ýaly goşgy okasam poeziýaň jadysyna haýran bolýan. Aýgüliň goşgulary ýürege has ýakyn gelýär,

ýetirip duruň.
Aýgül! ylham atyňyz büdremesin!
avatar
1
2 Medicall • 22:30, 21.04.2023
Aýgül, şu teswirde goýjak ýazgymy Halypa Şahyr Oguljemal Çaryýewa siziñ goşgyñyza ugratdy:

Ажайып гошгы. Айгулун гошгулары гыргызларын сейрек хасаплаян ,,айгул" гули ялы айратын ве уйтгешик. Бир гун гелер,-- Ырым-ырым, ём-ём-- Дурун--дурун, эм-эм. .. болар.Устунлик.
avatar
1
3 Мango • 22:59, 21.04.2023
Gowja zat bolupdyr.

Dört pasyl, dört gapylar,
Bir açyp, bir ýapylar…

Owadan.
Şonam bileňokmy diýmän “Yrym-yrym, ýom-ýom” nirede ulanylýar.
Manysy näme? Bir zady, yrymy tasa getirensiräp etmekmi?
avatar
1
4 Балканов • 14:49, 22.04.2023
Örä ajaýyp goşgy. Berekella!
avatar
0
5 lirika • 11:12, 26.04.2023
Gosgyñ adyny okamda Seýitmyrat Geldiýewiñ: ,, Yrym-yrym, ýom-ýom eken" gosgusy ýadyma düsüp gitdi...
avatar

uCoz