MENU

18:42
Yrymçyldyň...

...Ýok, ýok! Men-ä ynanamok.
Ýöne sen
yrymçyldyň (görseň, edil ejem-dä!).
Gorky bilen tisginerdiň käte bir
Öňümizden gara pişik geçende.

Ýyldyzly asmana seredip siňe,
Balkyldadyp jeren bakyş dideleň:
“Erte howa gowy bolar,
ýyldyzlar
patrak ýaly seçilende gijeler”
— diýip, ýorumyňdan göwnüň hoş bordy.
Çagaňkydy ýüregiňem, päliňem.
Ýöne seniň bilen galmaklyk üçin
Men yryma ynanmajak däldimem...

Birden dünýämizde boşluk döredi
Ýyldyzy patrak deý seçilen gije,
Ykbalmyzyň çatrygyndan gap-gara
pişik geçen
hemem hijran derdinden
Ýüz-müň ýola ýanyp-öçülen gije.

Hany, ilki arzuwlaryň başgady,
Dilegleriň gowulykdy ahyry!
Yrymçylym, ýüregiňe dönenim,
Şol gün jäjem döwülipdi ahyry!..

Sapa HOMMADOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 135 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
1
1 Мango • 21:02, 03.12.2023
bu goşgyň yzam bolaýmaly.
sebäbi: "Yrymçylym, ýüregiňe dönenim,
Şol gün jäjem döwülipdi ahyry!.."
sebäbi jäjem döwülen bolsa, onda toý boljakdyr.
avatar

uCoz