01:19 Yşgym bar | |
Yşgym bar Ilki bilen saňa bolan ýa Allam, Köňül içre bir çümmüjek yşgym bar. Ruhum synag üçin jahana ýollan, Dünýälikden berenlerňe şükrüm bar. Höwesim - başarsam il derde ýarap, Bir ýetim balanyň ýarasyn sarap. Emma, gazanmaga ep-esli sogap, Ejiz gerdenimde biraz keşgim bar. Gursagyma gussa düşmez myş-myşdan, Gussam - geçmişimde eden etmişlem. Maý gözleýän duşman ýetik durmuşda, Akyl bilen göçülmeli küşdüm bar. Bendäň men alymlar söhbedin diňlän, Ylym ummanyna dabanyn öllän, Kalbymda resulyň ömrüni geňlän, On bäş asyr ozalyndan uçgun bar. Belli däl ajalyň haçan geljegi, Dowzahdan çukurmy, behişt genjimi, Ýa Hak, Özüňe sygynýan okap Elhamy, Köňül içre bir atymlyk yşgym bar. Patma, Emin, Ýasin atly köşgüm bar. Bar eýle Bar etmäge, ýok etmäge kadyr Sen, Allam tende dertlerimi ýok eýle. Bu jahana synag üçin iberdiň, Kalpda iman, aňda akyl bar eýle. Ryskymy ber her günüme ýeterlik, Mal-döwleti - dünýäligi geçerlik, Haýru-yhsan - huzuryňa elterlik, Halallygy ýaşaýşyma ýar eýle. Ejiz göwräm huzuryňda epilse, Kabul eýle dergähiňe eltilse. Haram edeniňe göwnüm ymtylsa, Soňa goýma bu dünýämi nar eýle. Senam dilde, gybatlarym az bolsa, Sabrym artyk bolsa, şükrüm kän bolsa, Gözel ahlak ýüregimde bar bolsa, Namys-haýa al ýüzüme tug eýle. Dogry ýolda dogrulara sataşsam, Ol Emine ymmat bolup ýetişsem, Köwseriñden bir goşawuç suw içsem, Iki dünýe dostlaryňa ýan eýle. Serimde Şu ýerlerde ýaşaýar bu bedenim, Şu halk bilen gürrüň edýär dilim hem. Her çag Ýaradanyň boýun damardan, Ýakynlygy gitmeýär hiç serimden. Serimde iki jahana serwerim, Dört müň sünnet amanady ymmata. Melekler janyny alanda sorap, Ýer ýüzünden göterdiler hümmeti. Serimde paýhasly enem Hatyja, Bar baýlygyn gaýgyrmady din üçin. Ilki şehit bolan Sumeýýa enem, Şirin janyn aýamady din üçin. Serimde ol Ýunus Emräniň yşky, Niçik saldy öz nebsini terbiýä. Bir ahy ot bolup daglary çawlan, Şybly babam yşka düşen öwlüýä. Serimde serpaýly atam Pyragy, Erenlerden pata alyp dertlenen. Olaryň derdine düşmüşem bu gün, Arman ömrüm ömürlerne ters gelen. Herhal, Alla hakda, dostlary hakda, Müň bir hyýal orun aldy göwünde. Şu ýerlerde ýaşasa-da bedenim, Asyl ruhum ýaşanok bu döwürde. | |
|
Всего комментариев: 0 | |