MENU

21:15
Yssy, Jokrama yssy...
Yssy,
Jokrama yssy,
Sowadyjy sowuk demin üfläp dur.
Ukynyñam biraz ýüregi gysdy,
Ýaltalygym bolsa eýýäm uklapdyr.

Gybyrdanyp,
Güýmeýärin ellerim
Belli bir işiñem başyny tutman.
Biýaradan ýaşyl öwsen mellegiñ,
Gumlamaga girdi pil bilen kätmen.

Aýdyma gygyrýar jübi telefon,
Gün bolsa depämden çykarýar ýalyn.
Suw der bolup gözüm açyp oýansam,
Meñ eden işimiñ barysy ýalan...

© Remezan Mämetgurbanow
Категория: Goşgular | Просмотров: 98 | Добавил: Kyyas | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Pero • 14:55, 14.06.2023
Biýaradan ýaşyl öwsen mellegiñ,
Gumlamaga girdi pil bilen kätmen.

Sözlerde biraz ỳalñyṣluk bar: birinjiden gumlamaga däl-de agdarmaga bolsa ýerine düṣerdi. Ikinjiden,mellegiñ nämesini gumlamaga girdi? Jogap ÿok. Diymek sözlem düzüliṣini üýtgetmeli:mellegiñ dål-de mellegi diýneli. Indi täzeden okalyñ:
Biýaradan ýaşyl öwsen mellegi,
Agdarmaga girdi pil bilen kätmen.
avatar
0
2 Aksary • 22:38, 14.06.2023
@Pero hanym gumlamak bilen agdarmagyñ hersi aýratyn.gumlanmagy talap edýän ekinler bar.
avatar
0
3 Aksary • 22:40, 14.06.2023
pil bilen kätmen.

Kätmen bilen gumlanýanyny geñ gördüm.
avatar
0
4 Мango • 22:55, 14.06.2023
GUMLAMAK
1. Ösümligiň we ş. m. düýbüne gum dökmek, düýbüne gum üýşürmek, düýbüni ýumşatmak. Pomidoryň düýbüni gumlamak.
2. Mal ýatagyna, mallaryň aşagyna gum dökmek.

– ösümligi dälde "mellegi gumlamagyň" gürrüňi barmy?
– ösümligem mellekde-dä... mellegi gumlamak, ösümligi gumlamak bor-da...
– "Gumlamaga girdi pil bilen kätmen" - muňa nätüsli düşünmeli?
– pil bilen gum sepseň - pil bilen gumladygyň, kätmen bilen ösümligiň düýbüni ýumşadyp gum üýşüreniňem - kätmen bilen gumladygyň borda-how.
– häää...
avatar
0
5 Kyyas • 07:51, 15.06.2023
Özümem näme diýjegimi bilmändim.
Pil bilen kätmen alyp mellegi gumlamaga gireli... Biýaralar ýaşyl öwsüp gol ýazypdyr, otuny çapyp, düýbüni ýumşadyp gumlamaly!
avatar

uCoz