MENU

13:48
Ýum gözleriňi

ÝUM GÖZLERIŇI

Gözdäki yşgyňy görmesin özge,
Özgeler seretse, ýum gözleriňi!
Ýakyp barýan mähir bardyr bu sözde,
Sözlerim eretse, ýum gözleriňi!

Göz ýummagyň göz ýummakdan parhy kän,
Aşyk göwnüň aşyk göwne arzy kän.
Hyýallarmyň düýşleriňe karzy kän,
Birini kem etse, ýum gözleriňi!

Alajyny gözläp, amatyn tapyp,
Salgysyn, sebäbin, sagadyn tapyp,
Ruhum käte-käte ganatyn kakyp,
Seriňde ses etse, ýum gözleriňi!

Sensiz günler gelmez ýaly çemime,
Bir bak, tapan hasabymyň jemine.
Ömrümi ömrüňe, demim demiňe,
Artyk däl, deň etse...
ýum gözleriňi!

© Aýgül BAÝADOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 133 | Добавил: Aygul | Теги: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 5.0/9
Всего комментариев: 5
avatar
1
1 Medicall • 15:24, 13.03.2023
bu goşgyň ýakymly, sazlaşykly ýaňlanşyny, daşymdan gaýtalap okadym..
avatar
1
2 Мango • 23:12, 13.03.2023
berekella.
avatar
1
3 ibrahimbadakhshan • 02:45, 14.03.2023
Tüweleme!
avatar
0
4 Medicall • 11:17, 14.03.2023
Her bentdäki göz ýummagyň aýratyn degişliligi bar, "göz ýummagyň göz ýummakdan parhyny" her bentde aýratyn görkezişini has haladym.
avatar
0
5 Pero • 11:22, 14.03.2023
Aýgül,bu ajaýyp goşgyñy okap,bir zat ýadyma düşdi: Bir akyldardanmy nämemi sorapdyrlar diýýä:"Adam nähili zat"diýen ýalyrak edip. Olam diýipdir diýýä:"Agyp-dönüp duran,haýsy tarapdan gopjagyny bilip bolmaýan bir jandar."
Içki dünýämizdäki dyngysyz duýgy öwrülişikler sebäpli hakykatdanam adam diýen närsä mydama bir gözüñi ýumup seretmeli. Sebäbi ondaky ahwal ertir bizde bolar a bizdäki onda bolar. Sebäbi hemmämiz adam ahyry
avatar

uCoz