MENU

13:46
Ýüregim...

ÝÜREGIM...


Ýüregim ýumruklap döş kapasamy,
«Açyň!» diýip,
Bendi ýaly eňreýär.
Daşarda dünýäniň başga hasaby,
Bilýäňmi,
Oň bolşy lola meňzeýär —
Päklige orun ýok,
Ýer ýok akylla,
Dälä meňzeýär ol,
Yşykla — seret —
Arasyndan germaw ýaly gapyrgaň:
Hormat ýok ol ýerde yşka-hesere,
Yş ýok hatda hormat-sylag ötere,
Umydyňy ýyrtar serhet simleri,
Pessejik petikler dyza çökerer,
Sygmarsyň,
Inçedir ýollaň inleri,
Tümlükdir,
Gözleriň nury ýok bolar,
Gümansyzdyr howa ýetmän öljegiň.
Ýüregim,
Bes et sen ýumruklamagy,
Düşün,
Daşky dünýäň başga ölçegi!

© Orazmyrat MYRADOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 156 | Добавил: sussupessimist | Теги: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 4.3/6
Всего комментариев: 7
avatar
1
1 sussupessimist • 13:52, 22.06.2024
pessimistlikde aýyplajagyňyzy bilsem-de, gowy görýän-äý şu goşgyny.
Meniň-ä, gaýtam, näme üçindir bagtyýarlyk baradaky goşgular sussumy basýar...
Ýo, ýazan adam dogrudanam dyňzap duran bagtyna bäs gelmän ýazsa - oň begenji maňa-da ýokardy, ýöne beýle esere, gynansam-da, kän duşamok.
Muň ýaly sussupessimistik edebiýat bolsa derdiňi egismäge ýardam edýär.
avatar
2
2 sussupessimist • 13:56, 22.06.2024
Orazmyrat aga, sag bol şuň ýaly we beýleki eserleri ýazanyň üçin. "Äý, kime gerek?" diýip, goýbolsun etmän, daşyňa çykaranyň üçin.
Maňa gerek!..
avatar
0
3 Mekan2 • 14:03, 22.06.2024
maňa-da gerek
avatar
0
4 Seýrаn • 14:20, 22.06.2024
Orazmyrat aga gowy ýazýar we ýöne san bolsun edenok. Ähmiýetli temalary gozgap bilýär. Ýüregem şeýle eken.
avatar
1
5 Мango • 14:44, 22.06.2024
ýürekde ýüreg-ä barken, daşyna çykjak diýip dyzap duranwolsa... tüweleme.
avatar
0
6 Мango • 14:51, 22.06.2024
şuwat daýymdan sorasam ýürek warada, geň zatlar ýazyp ýaty...
ýürek sözi belki diýýä, "ýör, ýöre, ýüre... dowam et, durma..." manylaryndan dörännir diýýä.
ýör - ýöre - ýüre - ýöreýän - ýüreýän - ýörek - ýöregen - ýüregen - ýürek...

garaz, ýürek ýüreýäni üçin ýaşaýyşam ýüräp dur, dowam edip...
avatar
0
7 Merdan • 10:30, 23.06.2024
Gowy gowy
avatar

uCoz