07:54 Ýüregiňizi çagaň eli ýetýän ýerinde goýuň! | |
Gussa ýüregimi bermejek bolup, Ony aýalamda apalap ýörün. Hem öňümden çykan adamlara men Ýüregmi görkezip, güjeňläp ýörün. Onda görsegyzar çagajyklaryň Yzlary bar mosalajyk ellerniň. Eger ýüregňizi bermeli bolsa, Ony çagalaryň ellerne beriň. Olardan hiç aýamadym ýüregmi, Gussadan gaçmagyň çäresin bilmän. Käte öz-özümden ýadyrgan wagtym Ýol gözledim olaň gözüne ilmäň. Men olaryň gözlerini söýýärin, Eremän bilemok bakyşlaryna. Bu dünýäniň ähli ajap zatlary Degýär çagalara bagyşlanara. Gülküleri derman bolar derdiňe, Undar goýberersiň ykbalyň oýnun. Bir geregi: mähir doly ýüregňiz Çagaň eli ýetýän ýerinde goýuň! 08.01.2025ý. 02:03 ©Enemähri GUWANOWA | |
|
Всего комментариев: 0 | |