MENU

08:34
Ýürek

Ýürekde hiç wagt gara bolmaýar,
gara bolan pikir-düşünjämizdir.
Ýürek elmydama ýagşa meňzeýär,
ýagyş bolsa ähli zatdan tämizdir.

Käte ýürek bir zat, aň bir zat diýer,
dünýäde goh bolsa, şolaň sesidir.
Dogry bolup biler aklyň aýdany,
ýöne ýüregiňki haýyrlysydyr.

Akyl aýdym aýdar, haýrandyr älem,
oňa ähli barlyk sesini goşar.
Ýüregiň urgusy — dünýäň hüwdüsi,
ol şonuň üçinem ebedi ýaşar.

2021

© Süleýman HOJANEPESOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 88 | Добавил: LegLek | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Arzuw_Umydow • 21:16, 15.02.2024
Beh, kellä geýipsiñow. Hindi kinolaryndaky eneleriñ maslahatyna eýerip ýüregiñ islegi bilen bolsañ, betbagtlykdan başga ýere barmarsyñ.

Ýüregi nämedir bir zada meñzetmek ýalñyşlyk. Onda-da ýagyşa. 2000m-den gaýdan ýekeje damja ýere düşinçä aerozollardan ýaña 40% hapalanýar. Nuh eýýamyndaky ýaly 40 gün ýagyş ýagsa, şondan soñ arassa ýagyş ýagmagy mümkin...
avatar

uCoz