MENU

14:44
Ýürek sözüm
ÝÜREK SÖZÜM

Ylym-bilim diýip, çykdym ýollara,
Özge ýurda gadamlarymy basdym.
“Ynanýaryn, başararsyň, ýeňersiň”
Diýlen beýik söze, men gulak asdym.

Saçlarymy sypap, daran günleriň,
Dolanyp gelmegini, isleýän eje!
Ýyljajyk gujagyň doly mähirden,
Şol mähriňden ganmak isleýän eje!

“Gyzym mertsiň, polat ýaly mäkämsiň,
Başyň dik tut beýik Watanyň barka.
Bu bir sanalgy gün, derrewjik geçer”
Diýipdiň, bal sözüň küýseýän kaka!

"Hany yylgyr, mydam gülsün gözleriň,
Aglamak ýok, saňa söýgimiz soňsuz.
Diýip öz gözünden ýaşlar akdyran,
Uýam, durmuş kyn ekeni dogansyz.

Gözel Mary, önüp-ösen mekanym,
Şol toprakda oýnap ösdüm, ulaldym.
"Ýurduma kömegim ýetmeli" diýip,
Ençe wagt aýra gezmeli boldum.

Abat aýdar: nesip etsin ödemek,
Şol beýik ynama ýürekden uýup.
Ozal: "körpejämiz" diýenleň bary,
Indi ýüzlenýärler: "mugallym" diyip.

Ogulabat Agamyradowa
Türkiýe Respublikasynyň
Bartyn șäherindaki Bartyn uniwersitetiniň
“Synp we jemgyýetçilik ugry
boýunça mugallymçylyk” bölüminiň talyby


Şahyr Gülşirin Hanowanyň goşga syny:

Ogulabadyň bu goşgusy, Watanyň, ene-atanyň beýik ynamyna ýugrulan juwan ýüregiň sözi. Elbetde käbir ýüzugra düzedilýän kiçijek tehniki kemçilikler diýmeseň bu goşga kämil goşgy diýibermeli. Goşgy ýazmagyny dowam etse Ogulabada: "geljegine uly ynam bildirilýän ýaş şahyr" diýip arkaýyn aýtsa bolar!

Çeşmesi: https://www.atavatan-turkmenistan.com/yurek-sozum-agamyradowa-ogulabat-agamyradowna/. 31.03.2023ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 55 | Добавил: Bagabat | Теги: Ogulabat Agamyradowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 BayramberdiGeldimyradov • 14:28, 05.04.2023
Maña-da Gülsiriniñ aýdanyna gosulaýmak galýar
avatar

uCoz