MENU

20:13
Ýürekdäki ses

ÝÜREKDÄKI SES

Ne saňa, ne maňa aýan bu täleý,
Öz saýlan ýolumyz özümize geň.
Kada-düzgünleri bozup bormy teý!
Olar «Arma-an» diýen sözümize deň.

Duýman durkam alyp gelýär serhede,
Adamlara mahsus meýil gähide...
Göz, dil diýen zatdan bolup elheder
ne aýlanyp bilýäs seýilhählerde.

Restoran-kafeler ikimize ýat,
Ýuka däl bolsa-da jübülerimiz.
Söýgi biziň üçin çekende perýat
Pynhan derdinişen jübütleri biz.

Küýseg telwas urup gelende sere
Biri-birimize geçýär essimiz.
Siňýär şirin-şirin SMS-lere,
Tolgunjymyz, gülkülermiz, sesimiz.

Jaňlaşmasak, ýürek bilen oňuşman
düşýän ýermiz del dünläleň nirikä?
Biz – birek-birege hiç wagt gowuşman,
Pynhanlyga siňip gitjek lirika...

24.10.2023ý

© Akmyrat JUMAÝEW
Просмотров: 95 | Добавил: Arzuw_Umydow | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 garagar • 21:17, 20.01.2024
Gowy goşgy. Akmyrat aga, kapyýaň gözleginde galyp, aýtjak zatlaryňy aýdyp bilmedik pursatlaň boldumy?
avatar

uCoz