MENU

11:06
Ýürekden söý sen
Ýürekden söý sen

Tylla saçlaryny ýaýdy ikindi,
Seň ýoluňa şo-ol garadym oturdym.
Bu durmuş düýş bolup duýulmaz indi,
Sen ýene kalbyma şowhun getirdiň.

Häzir başga birin salsa-da ýada
Şapaga boýalan galňas köýnegiň,
Gowsy sen barlygyn aňma dünýäde
Öň bir köýüp, soň ýene-de söýmegiň.

Saçlarmy ýat elleň sypanyn duýup,
Diýäýme: “Baryny gürrüň bersene,
Menden öňem birin söýdüňmi?” diýip,
Soraýma, soraýma, ýalbarýan saňa.

Duýulmasyz zatlar duýulman galsyn,
Soralmasyz zatlar galsyn soralman.
Nämä geregi bar bir şowsuzlygy
Ýene-de bir gaýtaladyp ar almaň.

Arzuwly günlerden gürrüň açaly,
Ynan bagtlydygňa, ýürekden söý sen.
Aýdylmasyz zatlaň ýitsin açary,
Bilinmän galýan zat azmy nä eýsem?!

© Atajan Annaberdiýew
Категория: Goşgular | Просмотров: 100 | Добавил: garagar | Теги: Atajan Annaberdiýew | Рейтинг: 4.0/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 garagar • 23:10, 12.02.2024
"Bilinmän galýan zat azmy nä eýsem?!"
avatar

uCoz