MENU

19:04
Ýürekler sowamasyn!
ÝÜREKLER SOWAMASYN!

Has-da sowuk geldi bu gyş,
Artdy ownuk gaýgylaram.
Uçan şol durnalar bile,
Gitdi käbir gargalaram.

Aý, howaň sowany hiç-le.
Ýöne kä gelýärsiň gabat,
Kalby sowan adamlara.
Ýeri, muňa näme diýjek,
Aýdyň, sözlem bolsa galat.

...Düzedilmedik hatalar,
Göwni aldan görksüz günä,
Kalbyň ýylysyn ogurlap,
Salýar bizi gör ne güne.

Ýüregmizi sowadýarys,
Göwnümizi tutup uly.
Towugna tok diýilmedik,
Gara nebsiň bolup guly.

Ara düşse, öýke-kine
Ýene bagyşlamak gerek.
Gulplama:ly barylmaly
gapyny açmaga derek.

Dag başynyň doň gary deý
Ýüregi gar eýlär gahar.
Ýylylyk kalby ýylatmaz,
Ony ýyldar diňe mähir.

Söýeliň, päk söýgi başy
belalardan sowup durar.
Eger ýürekler sowasa,
Söýgimizi sowuk urar.

Bolubersin howalaram,
Antarktidadan sowuk.
Başaralyň, iň esasy,
Ýürekleň sowugyn kowup.

...Galsak birden aýaz gyşda,
Gülmese günleriň ýüzi,
Mähir-muhabbetden doly
Ýürekler ýyladar bizi!

Nury SAKÇYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 73 | Добавил: Sakçy | Теги: Nury Sakçyýew | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Mekan • 23:38, 18.01.2023
Has-da sowuk geldi bu gyş,
Artdy ownuk gaýgylaram.

Meñkä ownuk däl, grant doñdy.

Goşgy hakynda. Öwgüli söz aýdyp biljek däl, döwgülinem aytmayyn.
avatar

uCoz