MENU

19:29
Ýurt

ÝURT

Ýurt tutundy Oguz – edermen emin,
öňe salyp, gök börüsin – gurduny.
Nuhuň tupanyndan çalygyp Zemin,
Ýafesiň aýagnyň düşen ýurdy bi.

Alla bu mekana beripdir kerem,
çöl beren,
dag, derýa hem deňiz beren.
Şu ýurtdan güýç alyp, kän döwlet guran,
türkmen dünýä subut etdi zordugyn.

Belent ruh – Allanyň beren senedi,
dost köpeldi,
duşmanlarmyz kemedi,
içoguzy, daşoguzy jem eden
Gorkudyň paýhasy bilen nurdy bi.

«Türkmenler ýurduny saýlapdyr gowy!»
bu jümle jigerne ýapyşdy ýagyň.
«Ýurt» diýip, hikmeti, bilegi ýogyn
Röwşen
oýnamaga gylyç syrdymy?!

Agzalalyk şek ýetirdi zandyna,
Soň hiňlenip ugradylar «Ýandyma»,
umytdy Pyragyň şygyr bendine,
Şüküriň eline goşa tardy bi.

Läheň gerek – umman göwsün dilmäge,
Hakdan kerem gerek eken gülläre.
Garaşsyz Watany bilen dünýäýe,
Şugla saçýar türkmen Güneş – Nur kibi.

© Aşyrmät GARLY
Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Medicall | Теги: Aşyrmät Garly | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Мango • 22:23, 15.02.2023
Aşyrmät kaka, şu ýer-ä birhili:
"içoguzy, daşoguzy jem eden
Gorkudyň paýhasy bilen nurdy bi".

düşnüksiz.

şu ýerem soragly:
"Şugla saçýar türkmen Güneş – Nur kibi".
güneşler millimi? özbek güneşi başga güneşmi?
näme diýmek isläniňiz düşnüklem bolsa - düşnüksiz.
ýene goşgularyňyzy paýlaşyp duruň.
avatar
1
2 Pero • 10:25, 16.02.2023
Gorkudyň paýhasy bilen nurdy bi".
Ruhnamadan bilşimize görä Türkmen sözi-asly nurdan diymek.
Onda Gorkut ata ýaly akyldarlaryñ paýhasynyñ saýasynda Nur-türkmen derejä ýetipsiñ diýmek isläpdir şahyr.
Şugla saçýar türkmen Güneş – Nur kibi".
Kim şugla saçyar-Turkmen
Näme ýaly şugla sacyar-Güneş yaly(milletleşdirenok) yagny Nur yaly. Nur şugla saçyarmy ony weli anyk bilemok. Men-ä şeyle düşündim
avatar
0
3 Мango • 10:53, 16.02.2023
dogry. aý hawa.
ulu-ulu sözlerd-ä...
diýişiň ýaly Türkmen şugla saçýar Güneş ýaly diýilsede, ýene-de jedelli-dä... şugla saçmak meselesi (bir hili gipnozlap ynandyrjak bolýan ýaly).

«Türkmenler ýurduny saýlapdyr gowy!»
bu jümle jigerne ýapyşdy ýagyň.

ine, şu ýeri barada pikir etsek.
(häzirki) türkmenistanyň ýeriniň köp bölegi çäge, gum.
hawa dagam bar, derýa-deňizem, subtropik ýerlerimizem bar... ýöne hasaplaňda köp topraklarymyz çöl.... erbet diýdigim däl, ýöne faktda.
osoň eýrana gitseň köpetdagy aşyp, ýa türkmensähra barsaň... edil Asyrmät kaka ýaly "ýurd-a saýlap bilipdirler" diýýäň. dagyň ileri ýüzi tebigat tarapyndan seretseň has gowy suwy, çeşmesi, bagy, bakjasy bilen...
ýöne «Türkmenler ýurduny saýlapdyr gowy!» diýen sözi has giňeldip, türkmenleriň guran imperiýalarynyň territoriýasynam hasaba alsaň, onda - dogram bolýa. eýran, turan, kawkaz, türkiýäň topraklary... bu ýerler gowy ýerler.
bu zatlar ýöne pikir ýöretmedir.
ters manylar çykarmaweriň.
avatar

uCoz