MENU

23:49
Yzyña gaýt

YZYŇA GAÝT


Näçe gezek ýat öýleriñ
aýnasyndan daşa bakdyñ.
Näçe düşek täzelediñ?
Her ýerden läş ysyn alan
Senem myrtar tazymydyñ.
A wyždanyñ sesi näme,
Ýa-da onam öçürdiñmi?
Ynsabyñy top deý depip
Gurruk guýa gaçyrdyñmy?
Özüñi ýigreneñokmy?
Onda gaty ilerläpsiñ!
Bihaýa duýga aldanyp
Kerepläpsiñ, kerepläpsiñ.

Yzyña gaýt, yzyña gaýt
Ýalan bilen ýaşalmaýar.
Hapa ýokan ýürekleriñ
Bäbenegi ýaşarmaýar.
Kalby aglamaýanlar soñ
Iblise-de sapak berer.
Ondan soñrasyn göz öñe
Getirmegem şeýle agyr.

Mukaddes kitabyñ nije
Nije kasamlaryn ýatla.
Bu ýoluñ soñy aýylganç,
Gaýdyp bir ädim-de ätme!

Ahlak yokka, ösmän geçsin
Medeniýet, siwilizasiýa.
Barjak ýeriñ iñ soñunda
Otly gorp bolandan soñra
Çür başyna çykañda nä?

Men naçar, haýyrly dostuñ
Alysdan golum salgaýan.
Seniñ giç aglajak agyñ
Men şindiden aglaýan.

Gaýt yzyña, gaýt yzyña
Ojagyñda garaşýalar.
Barýan ugruñ otly tordur
Çolaşmawer, çolaşmawer.

© Meñli AŞYROWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 111 | Добавил: Medicall | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 6
avatar
0
1 Tuman • 00:02, 23.03.2023
Her ýerden läş ysyn alan
Näme wampirmi?
avatar
0
2 Tuman • 00:24, 23.03.2023
Lşiň ysyn alýan bolsa wampirdir anyk
avatar
1
3 Medicall • 00:33, 23.03.2023
Wampirde wyždan bolýamyka? "öçürdiñmi" diýipdir, ondan öñ onda wyždan bar bolsa, öçürip bilýan bolsa, ýene ýakybam bilýändir, onsoñ wampirdigi anyk däl görünýär
avatar
0
4 Tuman • 00:37, 23.03.2023
Bilemokda özünden soraýmasak
avatar
0
5 Tuman • 00:39, 23.03.2023
Edil şuwagta Balkanda men nirede Meňli baryp soraýyn
avatar
1
6 Мango • 13:28, 23.03.2023
Men naçar, haýyrly dostuñ
Alysdan golum salgaýan.
Seniñ giç aglajak agyñ
Men şindiden aglaýan.

şu ýeri has ýürekden bolupdyr.
beýleki kupletlerde birazajyk käýinme bar.
bu kupletde alada we ýüregiň ezilmesi has ýiti.
"naçar" hem "dost".
eliňden zat gelmezlik.
eliňden gelmese-de iň bolmanda dil kömegi, nesihat.
hem oňuň halyna aglamak...
berekella.
avatar

uCoz