MENU

01:52
"Zenan diýmek..."
"ZENAN DIÝMEK".

Zenan diýmek - eneňdir,
Ýary gije ýatandyr,
Daň saz berse dogandyr,
Aňzaklarda doňandyr,
Hor - zar etmejek bolup,
Gije - gündiz eňendir,
Sebäbi, ol eneňdir.

Zenan diýmek - uýaňdyr,
Ýúzúň nury, tuwagy,
Utanjyňdyr, haýaňdyr,
Ýagşy günde begenjiň,
Kyn gúnúňde söýäňdir,
Saňa geljek belanyň,
Öňüňdäki gaýaňdyr,
Sebäbi, ol uýaňdyr.

Zenan diýmek - ýaryňdyr,
Ömürlik ýanýoldaşyň,
Baýlygyňdyr, baryňdyr,
Alawlaýan ojagyň,
Namysyňdyr, aryňdyr,
Keşgiňi deň çekişýän,
Ýakyn howandaryňdyr,
Sebäbi, ol ýaryňdyr.

Zenan diýmek - gyzyňdyr,
Teşne kalbyň gandyrjak,
Aýdymyňdyr, sazyňdyr,
Ömre şatlyk getirjek,
Gül - gunçaly ýazyňdyr,
Ogul bilen deň durjak,
Dowamyňdyr, yzyňdyr,
Sebäbi, ol gyzyňdyr.

Zenan diýmek - dünýedir,
Adamzada dowamdyr,
Gelip - gidýän demiňdir,
Sorup alýan howaňdyr,
Zenan başy dik bolsa,
Ýaşaýşa gúwäňdir.
Ondan gymmat zat bolmaz,
Tumaryňdyr, dogaňdyr.
Çünki zenan - ýaryňdyr.
Çünki zenan - gyzyňdyr.
Çünki zenan - uýaňdyr.
Çünki zenan - ENEŇDIR.

© Gurt NÄZLIÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 90 | Добавил: Medicall | Теги: Gurt Näzliýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 11:36, 19.08.2024
Hor - zar etmejek bolup,
Gije - gündiz eňendir...

hor-zar etmejek bolup gije-gündiz eňmek.... 
şu eňmek sözi gelişmändir...
avatar

uCoz