MENU

14:56
Zeýrenç
ZEÝRENÇ

Ruhuňy ürküzýär deňziň gomlary,
Döndüň umman içre gorkak gaýyga.
Indi uçmaga-da höwesiň gaçdy,
Kaýyl bolup ýaşap ýörsüň aýlyga.

“Gursagymda ýeke setir galmady,
Ýüregmi (agzymdan) gusasym gelýär.
Şaýym çykmasa-da bir däne çilime,
Az-owlak ýygnanyp gidesim gelýär.

Hamala öýkenim agralýar kem-kem,
Dem alsam
Çyg çekip, gatan sement deý
… ”
Bir gije duýdansyz goştorbaň bilen
Çykyp gaýtdyň, güm bolup bu sebitden.

Gitdiňem-dä,
ýeri, onsoň, kelläňden,
Sogrup bildiňmi bir, ruhuň gohuny?
Aňsatmy, nä, äpet göwräň içinde
Göterip gezmeklik serçäň ruhuny?!

© Begençgeldi ORAZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 140 | Добавил: Aksary | Теги: Begençgeldi Orazow | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Pero • 13:56, 17.12.2023
Ýene-de öz-özi bilen söweşýär awtor...
avatar

uCoz