Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:03
1 gezek (bolan wakalar)
1 GEZEK (BOLAN WAKALAR)


Büzmeýinde Hojamyrat aga diýip biri ýaşapdyr.
Onuň başdan geçirenleriniň käbirlerini hödürleýäris

Obamyzda derek ýok!

1 gezek Hojamyrat aga kişmiş satmak üçin bazara barýar.
Onsaň alyjy gelip “Kişmişiň bahasy näçeden?” diýmegiň ýerine:
-Kişmişiň nämeden -diýýär.
-Kişmişim üzümden.
-Men ony soramok, kilosy nämeden diýýän?
-Kilosy demirden, inim.
-Alaýt ýaşuly, sen-ä tüýs bir dereksiz adam ekeniň!
-Inim, derek diňe bizde däl, obamyzda-da ýok. Pylan agalarda biri bardy welin, onam düýn-öňňun ýykyp aýyrdylar - diýende alyjy görgüli hüňürdäp, Hojamyrat aganyň ýanyndan ýeňsesini el ýaly edipdir.

Eklemeli orsumyz köp!

1 gezek Hojamyrat agany göreldeli kolhozçy hökmünde Moskwa iberipdirler.
Hojamyrat agany Moskwanyň beýik-beýik jaylary, maşynlaryň sil suwy ýaly akyp durşy haýrana goýupdyr. Emma, ony has haýran galdyran zat - adamlaryň köplügi bolupdyr.
Oba gaýdyp gelensoň obadaşlary:
- Hojamyrat aga, iýen-içeniň özüňki, gören-eşdenleriňden habar ber - diýipdirler. Hojamyrat aga:
- Aý, adamlar, gürledip nätjekdiňiz, arkaýyn işläberiň. Öň bir guşak dakynyp işleýän bolsaňyz, indi iki guşak dakynyp işläň. Biziň eklemeli orsymyz gaty köp eken - diýipdir.

Eneň barmy?

1 gezek Hojamyrat aga Köwata gidýär.
Şol ýerde-de çaý gaýnadylmak üçin çöpleme çöpläp ýörkä, keýpi damagyny çalyp barýan ýigitleriň birisi:
- Şunuň ýaly ataň bolaýsa, çöpleme çöpleder ýaly - diýýär. Muny eşidip duran Hojamyrat aga:
- Ogul, onyň-a gürrüňini etme, eneň bar bolsa ata bolup beräýerin - diýipdir.

Wagon sanamaşak

1 gezek demirýolyň gyrasynda mal bakyp ýören Hojamyrat geçip barýan otlynyň wagonlaryny sanamaga başlaýar:
- 1, 2, 3, 4, 5, 6.....
Hojamyrat aga mallaryny ýatdan çykarýar.
Haçanda otly geçensoň, görse, geçileriniň biri otlynyň aşagyna düşen eken.
Muny gören Hojamyrat aga:
- Wah-h, magun sanamak nämäňe gerek diýse-ne.
Ýeri şolaryň biri kem bolsa dakyp biljekmi?
Ýa-da biri artyk bolsa alyp galyp biljekmi?...
Ondan-a geziberd-ä mallaryňy bakyp -diýip, öz-özüne igenmäge durupdyr.

* * *

1 gezek diýip başlaýan bolan wakalary dowam edip bilersiňiz.
Bölümler: Degişmeler | Görülen: 111 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Degişmeler | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 12
avatar
0
1 Мango • 17:22, 18.12.2022
1 gezek obalarda "men palçy" diýip aýlanyp ýörýänleň bar wagty (90-njy ýyllar bolsa gerek)... eline kündik alyp täret kylmaga çykan ýaşula köçeden barýan "palçy" diýýämişin:
- Ýaşuly, pal atýan men. Başyňda bela görünýär. Pal atyp bereýin....
- Eşdemok, oglum näme diýýäň?
- Pal atýan diýýän. Başyňda bela görünýär. Pal atyp bereýin....
- Gulagym agyrrak, ýakynyma gelsene, näme diýýäň...?
Gelýär ýakynyna ýaşulyň.
Olam elindäki kündügini inderýär "palçyň" kellesinden....
- Oglanyňy "iks-iks-iks"-iň çagasy. Sen öz başyňdan injek belany görüp bilýäňmi, meniň belamy görer ýaly..... ýok bol, garaňy saýla şu ýerden, gaýdybam görünäýme.....
:-)
avatar
0
2 Мango • 17:26, 18.12.2022
1 gezek taksä mündim. Saklan taksistimem narkoman eken.
- Agam Teke bazara äkitjekmi?
- Näçe berjek?
- 5 manat.
- Mün.
Gapyny ýapyp-ýapmankam:
- Nasyň barmaý?
- Ýok.
Bir salym dymyşlyk. Ýene sorag:
- Çilimem ýokmy?
- Ýok.
Ýene dymyşlyk. Bir salymdan:
- Niräk barýadygaý?
- Tekä.
- Hä... bolýa.
Neşesi kemterlik edýän taksist azarlaýar, aňy çala işleýär.
"Gunçaň" ýanyna ýetdigem welin... maşyny ýatdy....
Ikisem kemli janawerler - özem, maşynam.
Bulara münen kliýent - menem düzüw däl....
Düşdüm hiç zat tölemän....
:-)
avatar
0
3 Bagabat • 09:20, 19.12.2022
1 gezek, Hojamyrat aga meýdanda goýun bakyp ýörkä, özi ýaly bäş-on oýnam janlyň yzyna düşüp ýören sakgaldaşyna sataşdy. Guşluk çaýyna bile oturdylar. Çaý başynda-da mesawy söhbete başladylar:
-Sakallaş,-diýdi Hojamyrat aga:-Şy: "ölinçäň öwren" diýilýäni dogr-ow!
-Äh-ä, äh-ä,-diýip, gürrüňdeşi gepi gyzykdyrdy.
-Bi soňky çagalar bizzen dagy ýaman kän bilýä. Bütüki ortanjymyň ulusy arada ylym hakda gür berýä. Bäş-on ýyllykda biri bolupmyş. Ady Neptunmyş. Ine şo benne-de hammamda suwa düşüp durka kellesine şetdaly gaçypdyr welin, "Afrika!" diýip ulili bilen bagyryp, şo eneden dogma murdarlygynda köçä çykaýypmyş...
Söhbetdeşi geňirgendi:
-Beh...Sakallaş bi aýdanyň-a düşündim weli, o diýýäniň ylym bilen näme dahyly ba?!
Hojamyrat aga, çaýdaşyna: "Sakawyň soňunawyr sered-ä-how!" diýýän pisint ýazgaryjy äňedip aldy. Soňam käsesinden şirpildedip owurtlady-da, äwmän-alňasaman dowam etdi:
-Onsa-aň o murdar benne, şeýle göz-gülban pormyda jemagat arasyna çykanyna utanjyna ylmyň täze kanunyny açypmyş...
-Aý goý-a, o nähili kanunka?
-Hamana kersendäki suwa daş atsaň, suw çogýamyş-da, şo çogan suwam ýokaryk uçup gidibermän, ýere dökülýämiş...
Hojamyrat agaň çaýdaşy aňk-taňk boldy. Ol oýun edýändir öýdüp, onuň ýüzüne çiňňerildi. Birdenem arkan-ýüzin gaýşyp, tüňçe gaýnaýan dek "şyg-şyglap" gülmäge başlady:
-He-he-he...Aý sakallaş, senem-ä bejerip äpberýäň-aý...he-he-he...Ýüz-gözüňi üýtgetmän: "Täze kanun açypdyr" diýen bolup otyň weli, men türkana çaga-da: "Be-e o nähili kanunka?" diýip gara çynym bilen gulagymy pakgardýan-laý...he-he-he...Oň o "açdy" diýilýän kanun-a hiç haçanam ýapyk dä:-di. Biz-ä ýaňy patanaklap ugran mön çagakagam suwly legene daş oklasaň-a çogýanny, dökülen suwuň uçup gitmän, ýere siňýänni bilýädik. Onsa-aň, ulile äşgär zady gaýtadan "açdym" diýen bolup sereşlän bolma nämä gerekdikä? Ýa o: "Nepdon" diýýän leňeleç bennäň şeýtmek bilen öz ryswalygyny bassyr-ýussur etjek boldumyka?
Hojamyrat aga: "Näbileýin-dä? O "alym" diýilýän jemendelere kim düşünjeg-aý?" diýen terzde kibtini gysdy. Soňam şo agras keşbi bilen düzediş berdi:
-Aý sakallaş, näme edenem bolsa, etmedigem bolsa o bennäň adynywyr dürsje tutaly. "Nepdon" dä-de, o kellesine şepdaly gaçanyň ady "Neptun" bolmaly...
avatar
0
4 Bagabat • 09:27, 19.12.2022
1 gezek, belli sazanda Mäne Gara bir toýda saz çalyp otyrmyş welin, bir käse içip, on çüýşelik kükreýän süwümsiziň biri onuň saz çalşyna, oturşyna-gürleýşine, geýnişine at dakyp, yrsarap o bendäni halys peteň edipdir. Olam nä, bagşy halky köpüň adamsy bolýa, köpçülikde-de her hili dubanuta duşulýar, hernäçe ýaňky pyýany ugruna kowup, höre-köşe etjek bolsa-da, o nejis teý per bermän, Mäne aga näme diýse tersinden tutýarmyş. Ahyry Mäne aga onuň uguny ymykly ýekelemek üçin, mylaýymlyk bilen:
-Inim, ýüzüň-ä ýaman tanyş görünýä weli, özüň nirede ýaşaýaň-a?-diýip, içginsiräp sorapdyr.
O nejisem :-) kejirligini edip diýýämiş:
-Eşegiň t...şşagynda!
Onda Mäne aga hatda ýüz-keşbinem üýtgetmän jogap beripmiş:
-Hä-ä, tüweleme, tüweleme, bolubilýä. Özüň-ä köşek ýaman yrga ýerde ýaşaýan ekeniň. Ýöne, o taýda inim, ýeke özüň ýaşaýaňmy? Ýa ýanyňda ejeň-kakaňam bamy? :-).
avatar
0
5 Bagabat • 09:28, 19.12.2022
1 gezek, bagşy, sazanda Nurýagdy Baýram geçen asyryň 90-njy ýyllarynda bir toýa baryp, saz çalýarmyş welin, ýaş-ýeleňler: “häzir Bally Hajy gelýä-de, Bally Hajy gelip aýdym aýdýa” bolşup, hyşy-wyşy edip başagaýmyş. Onsoň öz sungatyna sarpa goýulmaýanyna Nurýagdy aga biraz öýkelejek bolupdyr. Bally Hajy gelensoň obaň ýaşlary, aýal-ebtatlary hümer bolup, oň aýdymyny diňleýärmişler. Nurýagdy aga-da Bally Hajyň ýanyna ýakynlap, birneme gyşygrak gürrüň bilen özüniň öýkesini bildiripdir. Şonda Bally Hajy aýdym aýtmasyny kesip:
-Halypa, bi halkyň tükenen sammyklygyny menden görýäň-maý?-diýipdir.
avatar
0
6 Bagabat • 09:39, 19.12.2022
1 gezek, Juma Ýazmyrat bilen dostlarynyň biri, ile belli suratçylaryň biriniň toýuna görünmäge barypdyr. Şonda Juma Ýazmyrat, dostunyň gulagyna pyşyrdap, şol döwürde öwüp arşa çykarylýan meşhur suratkeşleriň biriniň adyny tutupdyr-da, şonuň bilen tanyşmagy özüniň köpden bäri arzuw edýändigini aýdypdyr.
Eger-de şol suratkeş hem toýda bar bolsa ony özüne görkezmegi haýyş edipdir. Dosty oňa suratkeşi görkezipdir. Seretseler, ine bir saçy orus güjüginiň salpy gulaklary ýaly çowlum-çowlum bolup, egnine düşüp duran, şilliň uzyndan gelen, arryk bir zatmyş ýaňky meşhur suratçy.
Juma Ýazmyrat ýaňky tanyşmagy arzuw edip ýören suratkeşini synlapdyr-synlapdyr-da: “Bäh, “pylan hudožnik” diýseler, “kimkä, ölmänkäk bir görüp galaýsak” diýip ýördüm welin, bü-ýä bir, Hywa tarapyna inçeräk taýak sokaga-da tam hekläbermeli çotga çalymdaş bir zat ekeni” diýipdir.
avatar
0
7 Bagabat • 09:49, 19.12.2022
1 gezek, biriniň düýşüne boýdan-başa ak geýnen, jowur ak saç-sakgally goja giripdir. Ol: “Weli!” diýip oýlanypdyr-da, oňa sorag bilen ýüzlenipdir:
-Atam, durmuşyň manysy näme, aýdyp bersene?!
Goja oňa ýazgaryjy alarylypdyr-da, diýipdir:
-Gugllaý-da-hou, jigi! Nä ýaltanýaňm-aý?! Ýa tarifiňi ekonomlaýaňmy?
avatar
2
8 Мango • 09:51, 19.12.2022
1 gezek Hojamyrat aga Bagabat kaka gabat gelipdir.
Guşluk kofesini şirpildedip owurtlaga-da diýipdir:
- Inim Bagawatjan, ýadyňa düşýämi geçen gezek hol dört-bäş ýyllykda, pökgi oýnamaga gidip, täzeje tigrini ogurladyp gelen, erni suwly ortanjymyň ortanjysynyň gürrüňini beripdim. Ýadyňa düşdimi? Hä-hä şo "Ýoldaşda".
Ine, buwünem ortanjymyň ulusynyň bäş-on ýyllykda bolup geçen Neptunly gürrüňini aýdyp berdim.
Indiki gezek, maňa ýatlatsaň, nesip bolsa ortanjymyň körpesiniňem bir delje gürrüňi bar iki-üç ýyllykda bolup geçen, ana, şony aýdyp bererin...
avatar
1
9 Мango • 11:09, 19.12.2022
1 gezek Bagabat kakaň ýanyna Şirhan gelipdir, ýörite. Sorapdyr:
- Agam, "kliffhenger" bolanda näme bolýar, aýdyp bersene.
Bagabat kaka-da oňa ýazgaryjy alarylmanjyk, diýipdir:
-Gugllaý-da-hou, jigi! Nä ýaltanýaňm-aý?! Ýa tarifiňi ekonomlaýaňmy?
avatar
1
10 Bagabat • 17:36, 19.12.2022
1 gezek, biri bilen öýündäki keçesi gepleşip başlady.
Özem sende ýok mende, güpür-tapyr.
O bolşuna-da, gürleşjekmi, adam sypatyna bir gir ahyry.
Ýog-a o keçjal keçe, oň bilen hut tigir sypatynda gürleşdi.
Aýdýan zatlaram bir mojuk, bir mojuk weli, edil ýöne gorkujygyňdan ýaňa injigiňi saňňyldadyberýär.
“Mende” diýýä, “keçeler halkyna bezeg berýän ähli nagyşlar ba” diýýä.
“Şoň üçinem” diýýä, “men keçeleň ählisiniň görküni özümde jemleýänim sebäpli, ýöne-möne keçe däl-de, hemmejik keçeleň, ýä:ni, güllikeçe, düýpkeçe, ýankeçe, ojakbaşy, garakeçe, atkeçe, tegelekkeçe, sallançakkeçe, sepkeçe, durluk we başgalaň atasy Keçe Babadyryn!” diýip hemle urýar.
Üstesine-de: “Şü war-a” diýýä, “meň tutuş tenimde” diýýä, ““daragt”, “äşe”, “älem”, “goçak”, “bäş aýlam”, “buýnuzly”, “goşa ýürek”, “hamtoz”, “tazyguýruk”, “düýeboýun” ýaly hemme keçe nagyşlar ba:dyr” diýip magtanýar.
Eýdeni bilenem oňman: “Şu meň gyrama jäheklenen gara ýüň bolsa, biler bolsaň, kosmosyň tükeniksiz tümlügedir çensiz-çaksyz sowuklyga beslenen wakuumyny aňladýandyr. Şoň üçinem siziň hemmäňiz näçe ýaşasaňyzam iň soňy ölersiňiz, ölersiňiz, ölersiňiz...” diýip elheder aldyrmaga çytraşýar.
“Bolýa-how... Bizem bilýäs-laý, näçe ýaşasaňam ahyry gitmelidigini... Onnoňom-hou, bro, bi sen özüňäwir ýaz ýüňünden-ä ýüzi, baýzy ýüňdenem ýeňsesi dokalan keçe weli, bi kosmos-posmosy, wakum-sakumy nädip bilýäň-aý?!” dagy diýäýdi welin, o keçe ot alyp galaýdy.
Dem salymda jynsy üýtgäp, adaty tigir sypaty, gyzyl ot bolup ýanyp duran dowzahy-ýelsepit kaddyna öwrüldi-de, o eýgörmüş muň üstüne dyzaberdi.
Onsoň bu-da, hernäçe kanagatly-şükrana bolsa-da: “Äý bütüki düşnüksiz ýagdaýdan-a ýagdaý bolmaz-laý...” diýip içinden iňkisli hüňürdedi. Soňam hassahanada däli dugtor bolup işleýän tanşyna jaň etdi.
Olam, halyndan habar alansoň: “Gelibersene. Myň ýaly bir zat dagy bolsa, başlamanka mundan gelip durmal-a!” diýdi.
Bardy.
Tanşy onuň bilen birneme sorag-jogap alyşdy-da, birdenkä, penjiräň erňeginde kiçeňräk golçada çala dürterip duran kaktusa ýüzlendi:
-Ýeri, kallega, bu syrkawa näme diagnoz goýmagy teklip edýäňiz?
Kaktus, megerem birzatlar diýip, jogap berenem bolsa, keçäň söhbetdeşi ony eşitmedi.
Ýa-da o keçeleň diline gowy düşünse-de, kaktuslaňkyny bilenok.
-Bolýa, bolýa. Siziň pikiriňizi kabul edýän, gadyrly kallega,-diýip däli dugtor, baş atdy-da, haýdap nämedir bir zatlar çyrşaşdyrmaga başlady. Ýazyp bolubam ýarym şapbatlyk kagyzy keçäň hümürdeşine uzatdy:
-Ine, gardaş. Şuny al-da, ýazylan zatlary jikme-jik berjaý et. Onsoň gowulaşmasaň, ýene-de geläý.
Ol bahymjak lukman tanşy bilen hoşlaşdy-da, çykyp gaýtdy.
Hassahanadan esli daşlaşandan soňam, zandyna siňen şükranalygy bilen daşyndan sesli şükür edenini duýman galdy:
-Edenine şükür, men-ä her näme-de bolsa keçe bilen gepleşýän. Kaktus bilen gürleşip ýören sähne bolsam näderdim?
-Örrän rast aýdýaň halypa!
Ol gulagynyň agzynda oslagsyz ýaňlanan bu sese aňk-taňk boldy. Kimiň gürlänini biljek bolup, töweregine ýaltaklady.
Hiç kim ýok.
Köçe. Ulaglar. Özi pyýada ýodasynda dur. Ýakynynda baglar. Adamlar bolsa özünden ýigrimi-otuz ädim daşlykdaky duralgada. Bir ädim beýle ýanynda-da ýol hereketiniň “durmak gadagan” belgisi dakylan sütünjik bar.
“Beh. Geplän kimkä?”.
-Men, men, bro! Geleniň gowy bolaýd-aý, druk. Ýogsa iç döküşere adam tapman, wapçe iç gysyp gitd-ow. Uzakly gün “durmak gadagan” diýip görkezmekden başga edýän pişäm ýok!-diýip ýol belgili sütünjik keýpihon dillendi... :-)
avatar
0
11 Мango • 18:38, 19.12.2022
:-) fanzaziýa doňdy. jogap ýok.
avatar
0
12 Мango • 13:37, 07.01.2023
1 gezek şeýle waka boldy. Obasyndaky orta mekdebiň 8 klasyny gutaryp, Aşgabatdaky uçilişeleriň birine girip täzeje student bolan oglanlar, umumy ýaşaýyş jaýynda ýerleşip sag-aman okuwa başlaýalar. Ine, dynç günleriň birinde daýaw kommendant ors heleýiň gykylygyna oýanýalar. Bidenem gapy açylyp komendantyň aýylganç buýruk beriji sesi otagy doldurýar.
- Всем сдавать бельё. Быстро!
Biziň gahrymanymyzam elbetde, jogap gaýtaryp galýar:
- Şäs (Сейчас).
Emma, komendant näçe garaşsa-da biziň gahrymanymyzdan "белье" gelenok. Ýene gygyrýar:
- Сколько можно ждать. Быстро сдавайте бельё.
- Şäs.
Ýene ýarym sagat geçýä, her kim düşek daşlaryny tabşyrsa-da bulardan gelýän zat ýok. Ahyry kommendant olaň üstüne baryp has batly ses bilen gygyrýar:
-Почему не сдаёте БЕЛЬЁ!
Olam aljyrap komendanta gygyrýar:
-Ço takoý BELÝO!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203