13:16 Eljernon üçin güller / 14 | |
Exclusive ELJERNON ÜÇIN GÜLLER / 14 (dowamy) 25 maý. Bir ynsanyň özüni nadip ýigrenip başlajagyny açyş etdim. Bu haçanda özüniň ýalnyş edýänine akyl ýetirmeginde, emma saklanyp bilmezliginde ýüze çykýar. Aýaklarym meni Alisanyňka getirdi. Ol geň galdy, ýöne meni içerik goýberdi. – Durşuň bilen öl-myžžyk bolupsyň. Burnuňdanam damyp dur. – Ýagyş. Güller üçin gowy. – Girsene. Häzir polotense getireýin, ýogsa öýkeniňi sowukladarsyň. – Başga gitjek ýerim ýok. Seniň ýanyňda galsam bolarmy? – Kofe gaýnaýar... Hany, süpürin, soňra gepleşeris. Ol aşhana girende, men töwerege göz gezdirdim. Nämedir bir zat meni biynjalyk etdi. Ähli ýer arassa. Penjiräň öňündäki farfor heýkeljikler gyşarnyksyz bir setire düzülipdir we ählisi bir tarapa bakýardylar. Diwandaky ýassyklar tertipli ýerleşdirilipdir. Žurnallar atlary görünjek şekilde iki sany stoljykda des-deň paýlanyp goýlupdyr: birinde «Reportýor», «Saterdeý rewýu», «Neýu-Ýorker», beýlekide bolsa – «Mademuazel», «Haus býutiful» we «Roders daýjest». Diwandan uzakdaky diwarda Pikassonyň «Ene we çagasy» eseriniň reproduksiýasy asylgydy, onuň garşysynda bolsa bir zatdan gaty gorkan al ýaňakly gyzy nahilidir bir howpdan goraýan maskaly, eli gylyçly Renossans döwrüniň daýaw koşk ýigidiniň suraty... Goýä Alisa özüniň kimdigini we haýsy dünýäde ýaşamagy ileri tutýanyny hiç çözüp bilmedik ýaly. – Soňky döwür laboratoriýada görüneňok – diýip Alisa aşhanadan gygyrdy. – Professor biynjalyk bolýar. – Adamlaryň ýüzüne seretmäge utanýan. Utanyljak zat ýogam ýaly, ýöne indi birnäçe gün bäri işlämok, bu sebäpli içimde bir boşluk bar – maňa çörekhana, peçler, dostlarym ýetenok... Yzly-yzyna iki gije düýşümde gark bolýanymy gördüm. Alisa mejimäni kofe stoljygynyň edil ortarasyna goýdy – el süpürgüçler üçburçja eplenipdir, kökeler juda gowy edilip aýlaw görnüşde düzülipdir. – Muny ýüregiňe ýakyn kabul etme, Çarli. Bolan zatlara sen günäkär däl-ä. – Synanyşdym, ýöne peýda edenok. Ol adamlaň ählisi... olar meň maşgalamdy. Men jana-jan öýümden kowlup çykarylan ýaly boldum. – Bu zatlaryň çagalyk täsirleriniň simwoliki gaýtalanmasyna meňzeýänini pikir etdiňmi? Ejeň bilen kakaňam senden geçipdiler... seni... – Eý Hudaý! Ýeri, näme üçin her zada arassaja, gowuja etiketka asmaly? Şu içigar galmyş eksperimentden öň olary dost hasaplaýardym! Indi bolsa, men gorkýan... – Seniň dostlaryň bar. – Bu şol bir zat däl. – Gorky – bütinleý tebigy reaksiýa. – Edil beýle-de däl. Öňem gorkup görüpdim. Norma gulak asmazlykdan gorkýardym, Hauell köçesinden geçmäge gorkýadym – o ýerde meni hakykatdanam gorky astyna alýan bir kompaniýa bardy. Mugallymym, hanym Libbiden gorkýardym – partadaky zatlary oýnamazlygym üçin elerimi daňyp goýýardy. Emma, bularyň hemmesi hakykydy – gorkynyň sebäbini bilýärdim, edil nämeden gorkýanymy bilýärdim. Indi, ähli zat başgaça... – Özüňe erkiňi ýitirme. – Sen maňa düşünip bilmeýäň. – Çarli, bu zatlar iru-giç bolmalydy. Sen hamala ilkinji gezek wyşkadan bökýän ýaly we halas ediji tagtanyň häzir aýagyň aşagyndan gider diýen pikir seni hopukdyrýar. Jenap Donner saňa gowy garady, şunça ýyllap başyňy sokjak jaýyň boldy. Ýöne, bu urgy seniň üçin örän agyr boldy. – Hemmesine gaty gowy düşünýän, ýöne bu ýagdaýy ýeňledenok. Otagymda täk başyma oturmaga indi halys güýjüm ýetenok. Köçelerde biderek aýlanyp ýörin, tä azaşýançam... soň dolanyp baran ýerim ýene çörekhana bolýar. Düýn gije Waşington-skwerden tä Merkezi parka çenli ýöräp gitdim, şo ýerde-de ukladym. Meň nämäme gerek? Men näme gözleýän? Näçe köp gürledigimçe, Alisa şonça-da tukatlanýardy. – Çarli, saňa nämedir bir... meniň kömek edip biljek zadym barmy? – Bilemok... Men edil ajaýyp howpsuz kapasadan çykarylyp goýberilen bir wagşy haýwan ýaly. Ol ýanymda oturdy. – Seni has höwesli öňe itekleýärler. Mundan soň nähili ýaşajagyňy bileňok. Uly adam bolasyň gelýär, ýöne, içiňde şol kiçi çagalygyň. Sen ýalňyz, hemem gorkýarsyň. Alisa başymy öz egnine goýdy, şo pursat özümiň oňa gerekdigime düşündim. Edil onuňam maňa gerekligi ýaly. – Çarli – diýip pyşyrdady – näme hakda pikir edýänem bolsaň... menden gorkma. …Bir gezek sargytlary öýe eltip ýörkä, orta ýaşly bir aýal wannadan ýaňyja çykyp durşuna onuň öňünde haladyny açyp, güýmenmekçi bolanda Çarli tasdan çaşyp ýykylýady. Sen ozal ýalaňaç aýal gördüňmi? Bilýäňmi, näme etmelidigini? Çarli şeýle bir aljyrady, şeýle bir iňledi welin ol aýal gorkup haladyny doly ýapyndy, oňa ýigrimi bäş sent berdi we ähli gören zatlaryny unutmagy tabşyrdy. Seni diňe barlap gördüm... gowy oglanmyň ýa-da dälmiň, bilmek üçin. Çarli: – Gowy oglan bolmak üçin jan edýän – diýip jogap berdi. – Aýallara-da asla bakamok, sebäbi munuň üçin ejem meni mydama ýençýärdi... Ine, Çarliniň ejesi gykylyklaýar, elinde-de kemer, kakasy bolsa ony saklamaga synanyşýar. – Bes et, Roza! Öldürýäň ony! Aýryl! – Ejesi ýerde towlanyp ýatan ogluny ýene bir ýola urmak üçin kakasynyň elinden dyzaýar. – Şuňa bir seretsene! – diýip Roza gygyrýar. – Okamagy, ýazmagy öwrenip bilenok, ýöne gyzlaň yzyndan synlamagy başarýar! Oň bu hapasyny ýenjip arassalaryn! – Ereksiýa sebäpli ol günäkär däl. Bu adaty ýagdaý. Ol hiç zat edenog-a. – Oňa gyzlar barada pikirem etmek bolanok! Gyz jigisiniň ýanyna jorasy gelýär, muň kellesine bolsa hapa pikirler sümülip girýär! Bütin ömrüne sapak bolar ýaly ederin! Eşidýäňmi? Haýsam bolsa bir gyza ýanaşyp bir gör, men seni haýwanlaňky ýaly kapasa hemişelik salyp goýaryn! Eşidýäňmi meni?... Hawa, eşidýän seni, ejem jan. Belki, men eýýäm erkindirin? Mümkin, gorky we ýürekbulançlyk indi gark ediji deňiz däldir, bary-ýogy geçmişi gyşyk görkezýän bir suw üýşmegidir? Men erkinmi? Eger-de Alisä biraz irräk ýanaşyp bilen bolsadym, onuň geçmişi meni gurşap almazdan öň... ýadyma düşmezden öň... mümkin, men dowla-da düşmezdim. Men aýdyp ýetişdim: – Sen özüň... özüň... Gujakla meni!... Näme bolýanyna düşünip ýetişmänkäm Alisa eýýäm meni ogşady we özüne mäkäm gysyp gujaklady, beýle zady ozal hiç kimden görmändim. Ýöne şol bada, ömrümdäki ýeke-täk pursatda, ýene hemmesi başlady – gulak güwwüldisi, üşütmek, ýürek bulanmak. Men ýüzümi öwürdim. Alisa munuň ähmiýetli däldigini, özüňi günäkärlär ýaly zadyň ýokdugyny aýdyp, meni köşeşdirmäge başlady. Utanjymdan agladym. Şol aglaşyma, onuň gujagynda uklap galypdyryn we daýaw rytsar bilen al ýaňakly gyz düýşüme giripdir. Ýöne, düýşümde rytsar däl-de gyz gylyjy göterip durdy. HASABAT №12 5 iýyn. Nemuryň gahary gelýär – iki hepde boldy hasabatlarymy görmedigine. Bir tarapdan ol hakly, sebäbi Uelberg fondy maňa aýlyk tölemäge başlady we ony ödemelidim. Bu meni iş gözlemekden halas edýärdi. Çikagodaky Psihologlaryň halkara simpoziumyna bary-ýogy bir hepde galdy we elbetde, Nemur dokladynyň has täsirli bolmagyny isleýär. Biz Eljernon ikimiz – iň gyzykly eksponatlar. Biziň gatnaşygymyz gün-günden beter dartgynlaşýar. Men hakynda haýsydyr bir laboratoriýa nusgasy hökmünde edýän dowamly gürrüňlerinden ýadadym. Ony diňleseň, eksperimentden öň men asla bolmadyk ýaly. Ştrausa dünýä we ondaky öz ornumy aňlamak bilen juda meşgul bolýanymy we kagyz ýüzünde galam ýöretmäge çydam edip bilmeýänimi aýtdym. Juda netijesiz proses. Maňa maşinkada ýazmagy öwrenmegi maslahat berdi, indi – minutda ýetmiş bäş söz tizlikde ýazyp bilemsoň – ýaşaýyş ýeňilleşdi. Doktor Ştraus adamlaryň meni aňlamalary üçin, pikirlerimi mümkin boldugyça düşnükli beýan etmelidigimi ýatlatdy. Diliň kämahal ýol bolmagyň ýerine böwede öwrülýändigini aýtdy. Indi men intellektual diwaryň beýleki tarapynda ýaşaýaryn ahyryn. Alisa bilen duşuşýarys, ýöne aramyzda bolup geçenleri hiç haçan gürleşemizok. Bary-ýogy iki hepde mundan öň çörekhanadan çykarylanyma ynanmak kyn. Gijesine arwahlar köçede meni yzarlaýalar. Çörekhanaň öňüne baramda, gapylar ýapyk we içindäki adamlar maňa bakmak üçin hiç bärsine öwrülmeýäler. Toý tortunyň üstüne bezelip goýlan öýlenýän ýigit we gelin barmaklaryny çommaldyp hahahaýlap üstümden gülýäler, kupidonlar (söýgi hudaýlary) bolsa ellerindäki oklaryny bulaýlaýalar. Men gygyrýan. Gapyny kakýan, ýöne hiç kimse açanok. Men Çarlini görýän, ol penjireden maňa seredýär. Ýa-da bu aýna düşýän şekilmikä? Kimdir biri aýaklamdan tutup, garaňky alleýalaň saýasy bilen meni çörekhanadan uzaga ýok edip süýräp barýar, olar meni gurşap alýar we men oýanýan. Kämahal çörekhanaň penjiresi açylýar, içine seredemde başga düzgüni we başga adamlary görýän. Ýatlamak ukybymyň güýçlenmegi haýran galdyrýar. Heniz ony doly ulanyp bilemok, emma okamak ýa-da haýsydyr bir meseläni çözmek bilen meşgulkam pikirlerim çendenaşa aýdyňlaşýar. Meniň pikirimçe, bu aňastyndan gelýän duýduryş ýaly bir zat, indi ýatlamalara garaşmagyň ýerine, olary özüm çagyrýan. Bahym olara doly kontrollyk etmegi öwrenerin we diňe bir geçmiş ýaşaýyşymdaky wakalaryň jemini däl, hatda beýnimiň gizlin mümkinçiliklerini hem derňemegi başararyn. Cörekhanaň penjiresini görýän... Men elimi uzadyp elleýän... sowuk aýna... ol ýylap başlaýar... barmaklarymy ýakýar. Penjiräň aýnasy ýüz görülýän aýna öwrülýär we on dört ýa-da on bäş ýaşly ýetginjek Çarli Gordony görýän. Öýüniň penjiresinden maňa bakýar we gaty geň ýeri, düýpgöter maňa meňzänok... Ol gyz jigisiniň mekdepden gelerine garaşýar. Jigisi çüňkden görüner-görünmez, «Norma! Norma!» diýip gygyryp bosaga ylgap çykýar. Norma depderini bulaýlaýar. – Taryhdan barlag işinden bäşlik aldym! Baffin hanym meň işime synpda iň gowysy diýdi! Men hemme jogaplary bildim! Norma – açyk goňur saçlary tertip bilen örülip, kellesiniň daşyna täç ýaly oralan görmegeý gyz. Ol agasyna seredýär we ýylgyryşyny üýtgedip ýüz-gözüni aýnadýar. Seresaplyk bilen oň daşyndan aýlanyp, öýe ylgap girýär. Begenjinden gülýän Çarli onuň yzyndan ylgaýar. Ejesi, kakasy aşhanada. Jigisine bolan buýsanjy joşup duran Çarli gyz jigisi agzyny açyp ýetişmäkä ondan öňürtiläp göýberýär: – Bäşlik alypdyr! Bäşlik alypdyr! – Ýok!!! – diýip Norma bagyrýar. – Sen aýtma! Ýum agzyňy! Meň alan baham, muny özüm aýtjak! – Birje minut, ýaşajyk hanym gyz! – Matt gazetini bir gapdala goýýar we sesini gataldyp diýýär: – Norma, doganyň bilen beýle gepleşmäge miltem etme! – Meň ýerime aýtmaga oň haky ýok! – Mesele munda däl! – Matt haýbat bilen çommaldýan barmagynyň üstünden gaharly seredýär. – Ol saňa diňe ýagşylyk isleýär, oňa beýdip gygyrmak bolmaýar. Norma ejesinden haraý isleýär. – Synp boýunça diňe men bäşlik aldym. Indi maňa it alyp berersiňizmi? Sen söz berdiň. Barlag işinden bäşlik alsaň diýdiň. Bäşligem aldym. Akja menekli goňur it. Oňa Napoleon diýip at goýjak, sebäbi o soraga men hemmelerden gowy jogap berdim. Ol Waterloo söweşinde ýeňildi. Roza baş atýar: – Bar, eýwana git-de Çarli bilen oýna. Ol bir sagatlap okuwdan geleriňe garaşdy. – Oň bilen oýnasym gelenok. Matt: – Derrew eýwana geç! – diýýär. Norma ilki kakasyna, soňra Çarlä seredýär. – Gitjek däl. Ejem, eger islemesem, oň bilen oýnaman bilersiň diýdi. – Göwnüme bolmasa, ýaşajyk hanym gyz – Matt ýerinden turup oňa tarap ugraýar – sen agaň öňünde ötünç soramaly. – Hiç haçan! – Norma gygyryp, ejesiniň oturan oturgyjynyň arkasyna bukulýar. – Ol doly samsyk! Ol Monopoliýa oýnap bilenok, şaşka-da oýnap bilenok... hiç zat oýnap bilenok... barysyny bulaşdyrýar. Gaýdyp hiç haçan oň bilen oýnamaýan. – Onda, ugra öz otagyňa! – Eje, maňa it alyp berermiň? Matt ýumrugyny gümpüldedip stola urýar. – Özüňi şeýle alyp bardygyňça, bu öýde it bolmaz! – Ýöne, oňa söz berdim, eger gowy okasa... –Ak menekli, goňur reňkli! – diýip Norma üstüni ýetirýär. Matt diwara ýaplanyp duran ogluna yşarat edýär. – Sen ogluňa it alyp bilmejegimizi öň aýdypdyň. Hamala oňa ýer ýok, seretmäge-de adam. Ýadyňdan çykardyňmy? Ogluňam it alaly diýipdi ahyryn. Nämä dymýaň? – Men itime serederin – Norma öz diýenine tutup dur. – Özüm iýmini bererin, suwa düşürerin, gezmelemäge-de çykararyn... Çarli ýüpe daňylan ullakan gyzyl ilik bilen oýnap oturan ýerinden, birden şulary aýdyp göýberdi: – Ite seredişmäge Norma men kömek ederin! Menem iýmini bererin, tüýüni dararyn we ony başga itleriň dişlemeginden goraryn! Matt bilen Roza bir söz aýdyp ýetişmäkä, Norma lapykeç gygyrýar: – Ýok!!! O meň itim! Diňe meňki! – Görýäň dämi? – diýýär Matt. Roza gyzynyň ýanynda oturýar we ylalaşdyryjy äheňde onuň başyny sypaýar. – Paýlaşmaly ahyryn, jan gyzym. Çarli saňa kömekleşer. – Ýok, ýeke özüm! Bäşligi men aldym, o däl! Ol hiç wagt gowy baha almady, onda näme üçin maňa kömek etmelimiş? Soňam it ony gowy görüp, meňki däl-de Çarliň iti bolar! Şeýle boljak bolsa, maňa hiç hili it gerek däl! – Gepleşdik onda – Matt ýere gaçan gazeti galdyryp stolda oturýar. – It alamyzok. Norma birnäçe minut ozal şatlyk bilen öýe getiren depderini garbap alyp ýyrtym-ýyrtym edýär we böleklerini geň galyp duran Çarliniň ýüzüne zyňýar: – Ýigrenýän! Ýigrenýän seni! – Kes sesiňi häziriň özünde, Norma! – Roza elini uzadýar, ýöne ol sypyp ýetişýär. – Mekdebem ýigrenýän! Ýigrenýän! Men mekdebi taşlajak, Çarli ýaly samsyk boljak! Öwrenenlerimem unutjak, onsoň ikimiz biri-birimize meňzeş bolarys! Soň uly gykylyk bilen: – Men eýýäm unudýan, unudýan... Eýýäm hiç zat ýadyma düşenok! – diýip otagdan ylgap çykýar. Roza gorky bilen onuň yzyndan okdurylýar. Matt sesini çykarman dyzynyň üstündäki gazete seredip dur. Bu galmagaldan gorkan Çarli diwara gysylyp ýuwaşlyk bilen hamsygyp aglaýar. Ol näme erbetlik etdi? Aýagyndan aşaklygyna gyzgyn bir zat akýar we ejesiniň dolanyp gelip berjek gutulgysyz şapbadyna garaşýar. Bu wakadan soň Norma ähli wagtyny ýa joralary bilen geçirmäge, ýa-da otagynda ýeke özi gulplanyp oturmaga başlady. Onuň gapysy mydama ýapykdy we maňa rugsatsyz girmek gadagandy. Ýadyma düşýär, bir gezek joralary bilen oýnaýarka Norma şeýle diýipdi: – Çarli meň hakyky doganym däl. Biz ol oglanjyga gynandyk we öýe ýaşamaga aldyk. Muny ejem aýdyp berdi we onuň doganym däldigini her kime aýtmaga rugsat berdi! Bu ýatlama fotosurat bolan bolsa gowy bolardy, şonda ony ýyrtyp, ar almak üçin parçalaryny Normanyň ýüzüne zyňardym. Oňa gygyrasym gelýär: «Ol it meniň azaryma-da däl! Diňe Normanyňky bolubam bilerdi! Onuň Normadan beter meni gowy görmegine asla ýol bermezdim. Men diňe Normanyň öňküsi ýaly meň bilen oýnamagyny we hiç haçan ýagdaýynyň erbet bolmazlygyny isleýän». (dowamy bar) © Daniel KIZ Terjime © MANGO ----- Eljernon üçin güller / 1 Eljernon üçin güller / 2 Eljernon üçin güller / 3 Eljernon üçin güller / 4 Eljernon üçin güller / 5 Eljernon üçin güller / 6 Eljernon üçin güller / 7 Eljernon üçin güller / 8 Eljernon üçin güller / 9 Eljernon üçin güller / 10 Eljernon üçin güller / 11 Eljernon üçin güller / 12 Eljernon üçin güller / 13 | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |