20:38 Ýüregimiň yşgy | |
ÝÜREGMIŇ YŞGY Başlaryna göz ýetmeýän, Daglarda ýüregmiň yşgy. Saýasyna gün düşmeýän, Baglarda ýüregmiň yşgy. Saba-säher höweslenip. Durlanyp barýar seslerim, Aýdyma- saza beslenen, Çaglarda ýüregmiň yşgy. Eräpdir gyşlaryň gary, Synla gül çetirän ýazy, Ýeňişden ýeňişe sary, Ýollarda ýüregmiň yşgy. Görkünden ylham alanym, Başdan yşgyna ýananym, Bezäp dur ýaryň ýaňagyn, Hallarda ýüregmiň yşgy. Ak arzuw joş urýar serde, Hoşallyk görüp illerde, Bu parahat aý-günlerde, Ýyllarda ýüregmiň yşgy. ÜZÜM HATARLARY Ýaýlyp ýatan giň düzler, Bagy-bakjaň mesgeni. Gör ynha bu üzümleň, Hatarlary gös-göni, Tämiz hatar arasy, Haşal otdan nyşan ýok. Suw berseň gyş aýlary, Hoş bolýar hiç üşänok. Bejermeseň kesmeseň, Seni hasyldan keser. Diýip ýuwaş seslenip, Bagban ýylgyrýar ýeser. Bişse gaýra dur diýer, Süýjiligi şekere. Dadanlar hormat bilen, Alkyş okar ekene. ÝAZ ÝETIP GELÝÄR Ýene göçgün göwün düşdi hyýala, Gyş gutaryp täze ýaz ýetip gelýär. Höwes bilen dolanýarlar Diýara, Hatar durna, guba gaz ýetip gelýär. Seriňi sämedip,tämiz howasy, Ylham berýär dürli guşlaň owazy, Gysgalyp ýör gijeleriň dowamy, Günler bir-birinden uz ýetip gelýär Bilbil sesi öňküsinden çaslydyr, Dilinde açylan güliň waspydyr, Bahar pasly-baýramçylyk paslydyr, Şanyna aýdymly saz ýetip gelýär. Gök göbürdäp çal bulutlar çaknyşar Garlar eräp, çaýlar çasly akyşar, Aşyk-magşuk ogryn-ogryn bakyşar, Gözlerden ýürege köz ýetip gelýär. Garşy alyp alabahar şemalyn, Säher bilen güne berýän salamym, Parlap Arkadagly ajap zamanym, Goşa toýlar tizden-tiz ýetip gelýär. DAÝHAN Garrylyga per bermän, Duýmaýan deý ýaşyny. Barha gyzyşyp derläp, Nahal ekýär ýaşuly . Aýdym bilen çykaryp, Ýüreginiň joşuny. Dökün berip suwaryp, Nahal ekýär ýaşuly. Agtyklary daşynda, Öwrenýärler işini. Mes toprakly atyzda, Nahal ekýär ýaşuly. Durup synladym biraz, Görmek jennet ýagşyny. Gül getirer geljek ýaz, Nahal ekýär ýaşuly. © Nowruz GÜÝJOW ”Altyn asyr:Türkmenistan” teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjy | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
0
0
| |