20:35 Soñky sowal | |
SOŇKY SOWAL Büdrän ýerme gaýdyp barmajak bolup, Ýene birden bakýan bakmajak bolup, Gülden näzik göwnüň ýykmajak bolup, Nädeýin men öz göwnümi ýykýaryn, Ykbalyma goşmazmyň gyz ykbalyň. Armanyň bar ýaly özüň bolşuňdan, Biraz gussa syzylyp dur gülşüňden, Ökünýärmiň ýa göwnümi döwşüňden, Goşa dideleňden duýýan ahwalyň, Ykbalyma goşmazmyň gyz ykbalyň. Bilbiliň bolaýyn gunça gül bolsaň, Aý günüň bolaýyn eger ýyl bolsaň, Perwanaň bolaýyn ot ýalyn bolsaň, Zemin bolsaň bolaýyn ak asmanyň, Ykbalyma goşmazmyň gyz ykbalyň. Ýürek joşup sallanjyrap gelşiňden, Gam-gussa bir pursat düşýär gerşimden, Alasarmyk duýgularmyň derdinden, Umytlar azalyp galdy ýek ýarym, Ykbalyma goşmazmyň gyz ykbalyň. Serhoş bolup kereşmäňden näziňden, Arzuwlarym galmaz asla yzyňdan, Sowal menden bolsun jogap özüňden, Bile külterläli yşgyň ak ýolun, Ykbalyma goşmazmyň gyz ykbalyň. GÜLKÜŇE GURBAN Ýene men gülküňe boldum bahana, Dişleň düre meňzeş lebiň asala, Ýok beýle gülküler bolmaz ýasama, Gözleňden ýürege düşdi bir uçgun, Ýaksaň ýandyrsaňda sendedir yşgym. Heserli hasratyň jana siňdirip, Geldim kineleri boýun egdirip, Gaşyň çytsaň gaýga özüm ýeňdirip, Gülýän ýüzüň görsem ýaz bolar gyş-gün, Söýseň söýmeseňde sendedir yşgym. Azaryndan ahmallaryň belkileň, Jigerim paradyr, göwnüm gyrkylan, Giň manysy bar ekeni gülküleň, Biraz giç bolsada bu syry açdym, Irde giçde diňe sendedir yşgym. Garaýan ýoluňa ýolum ýok başga, Eretdiň näzleriň misli bir aşgar, Görmesem gün dogmaz dogsada ýaşmaz, Kalbymyň karary kamatyň keşbiň, Dönmezdir, sönmezdir sennedir yşgym. Kä golaýlap kä daşlaşyp aralyk, Hakyň bardyr gülseň menden ar alyp, Sensiz boşap galan ýaly obalyk, Bir aglatdy birde güldürdi yşgyň, Aglasam gülsemde sendedir yşgym. Aý yşgyndan aýdym alyp saz alyp, Garaşýan gelmeseň dünýäm daralyp, Aç ýüreňňi aýt maňa bir täzelik, Derdiňden köp ýaman hallara düşdüm, Derdimiň dermany sendedir yşgym. Nowruz GÜÝJOW Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistaka hünäriniň talyby. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |