14:46 Ahmet Mele / hekaýa | |
AHMET MELE Keýpime daglaram çydaman darka-darka ýarylyberse gerek. Özümi edil serhoş ýaly duýýan. Ýogsa näme, edebiýat bilen iş salşyp, göz bilen söz süzüp ýörşüňe serhoş bolman bökersiňem. Gör-ä, haw, «süzmegi» dagy iki manyda ulandym. Bäý, bi sözleri diýsene, dilime dözmän, özünden-özi hatara düzülip, sözlem bolup akyp barýar-aý, onda-da nähili sözlem... he-he... tüýs hekaýa ýazybermeli. Şeýdeýin-le, öýe bardygym kompýuteriň başyna geçäge-de, barmaklaryma agram salyp, dürpisint sözleri ýazga geçireýin... Ine, şu we şundan has tagamly pikirler bilen aňymy süýjedip barşyma, liftiň nädip bäşinji gata ýeteninem duýmandyryn. Öýe giren badyma, dälizdäki ullakan aýnadan bir zenanyň sudury gözüme kaklyşdy (elbetde, jaňy basman, hemişe ýanymda göterýän goşmaça açarym bilen gapyny açdym). Birhili hymy-symy-da eşidilýän ýaly. Gelnimiň sesi. Aşhanada biri bilen-ä gepleşýär. Ýöne meni görenok. Kartoşka ýa sogan dograýar, naharyň ugruna çykypdyr. Aý, gelnim zordur-la! Ýöne gulaklygyny dakyp, beýle kim bilen gepleşýärkä? Ejesi bilendir-dä! Käte: «Şo-ol sözüň yzynda entäp ýörşi, üýtgeşik gazanýan pulam, alýan galasam ýok» diýip menden zeýrenen bolýandyr. Gowusy, men çaltrak kompýuteriň başyna geçeýin-le... Ýok, geçip bilmedim. Birki ädim ädenimem şoldy, aşhanadan eşidilýän ölügsiije hümi-sümi ilk-ä duran ýerimde dikilgazyk etdi, soňam gulagymyň ýumşak ýerinden tutdy-da, bat bilen özüne çekdi. –– Hawa-la, seni ilkinji gezek görenimde sulhum alypdy. –– ... Kafedemi? –– Hawa, hawa, şol Teke bazaryň ýanyndaky kafede. –– ... Men seň suratyňy göremde aşyk bolupdym. –– Bilýän-le, özüm-ä beýlede dursun, internetde suratymy göreňde «Men aşyk boldum-e-e-ý» diýip umumy ýaşaýyş jaýyň dälizine çykyp gygyrypsyň-a, dälijäm! –– ... Onsoň haýsy häsiýetlerimi haladyň? –– Onsoň adamkärçiligiňi. Adamkärçiligiňem edil saçyň bilen reňkdeş, gyzyl ýaly eken. –– ... Söz oýnadan bolýaňmy? –– Näme, şol söz diýleni sen oýnatsaň bolýa-da, bize gadaganmyşmy?! Hä-äk, şu sözleriň gursun seň! Şu wagt olaryň depe saçymdan penjeläp tutagada, ýokary çekip, diriň-diriň bökdürip durşundan habaryň barmy seň? Ýa-da hälkije begenjimi zut uçuryp, eliňdäki sogany nahara däl-de, keýpime dogranlygyňy bilýäňmi? Ýa... menem... eliňdäki pyçagy gaňryp alagada, seni dogram-dogram edäýsemmikäm? –– ... Onsoň? –– Onsoňam aýdan owadan sözleriňi, ýazan goşgulaňy haladym. –– ... Ýene? –– Ýene-de-e... mertligiňi. Başga şahyryň goşgusy bolsa, meň bilmeýänimden peýdalanyp, o neressäň setirlerini çilägede, kör abraý bolup ýörmediň. Mert durup, şu setirler pylan şahyrdan diýdiň... Esasanam, Gurbannazardan köp okardyň. –– ... Başga? –– Birem mertligiňi mundan laýyk sekiz aý, on bir gün öň aňryýany bilen subut etdiň. Garyndaşlaryň şunça garşy çyksa-da ejizlemediň... –– ... Saňa duşan kynçylyga ejiz zat diýer... –– Ana, ana, ýene tanyş setirler, Gurbannazardan gerek... Bildim-ä... Nämäň-nämedigini sen häzir has gowy bilersiň. Ýöne azajyk garaş. Ýeke özüň janyňy jähenneme ibermän, telefonyň aňyrsyndaky deýýusyň kimdiginem bir bileýin, onsoň ikijigiňiz dowzahda ümmüldeşip oturarsyňyz... Gelnim... indi şoňa «gelnim» diýmägede dilim baranok, telefonda ogryn-ogryn sözleşýän (birwagtky peripisint gözel, häzirki) aýjyn nämedir bir zat almak üçin yzyna öwrüldi. Bolsa-da, ýetişdim. Meni dikilgazyk eden sözleriň elinden emaý bilen sypdym-da, pişik ýöreýşini edip, otagyma bardym. Kompýuterimiň açylmadyk ekranynda ýazylmadyk sözler gyjalat berýän ýaly... Saňňyldap duran barmaklaryma seretdim. Olaram: «Kerçemeseňem bar-da, ony bog» diýýär. «Sen bigaýratlyk etseňem, biz atagzy dek gysarys, hykgyldadybam bokurdak turbasyndan janyny sogrup alarys» diýýär... Gaharym: «Maňa atlanagada, aýlap goýber gazap gylyjyňy, ýa depesinden namys dürresini indir» diýýär. Aňym welin, tersine, «Garaş!» diýýär. Ýa aň binamysmyka?.. Gapy haýaljakdan açyldy. Seretsem, aşhanadaky aýjyn süýşüp, otagyma gelipdir. Bir elem bykynynda. Çalaragam ýylgyrýar. Ýogsa-da... bir aýdan dogmaly bäbek... –– Geldiňmi sag-amanja? Ýadadyňmy? Aň gaharam, ýazylmadyk sözlerem, barmaklaram zabunlyk bilen dyza çökerdi. Sesim diýseň parahat çykdy. Özüm özüme haýran. –– Hawa, geldim. Birneme ýadadymam. –– Hany, onda, eşigiňi çalyş-da, gel. Çaý demini alyp dur. Häzir naharam taýyn bolar. –– Ýaňy biri bilen gepleşýämidiň? –– Hää.. howwa... –– Kim bilen? –– Ahmet Mele bilen. Ol çykyp giden badyna telefonyma ýapyşdym. Ýaňy gaýrata galan galjaň barmaklam sandyraklap durşuna zordan gelnimiň belgisini aýlady. Edil şol wagtam aşhanadan saz ýaňlandy. Saza bukulyp, arkaýyn gepleşerin diýip göwün ýüwürdenim hem şoldy welin, ol tapba kesildi. Oňa derek telefonyň aňyrsyndan şo-ol mylaýym, näzik ses eşidildi. –– Alo. Men pyşyrdap, ýöne diýseň aýgytly gepledim: –– Ol maňa ikilik edýär! 29.01.2018ý. | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |