Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:37
Bagymdaky tümmekler / nowella

BAGYMDAKY TÜMMEKLER

Iňrik çöküberende bagymda gezim etmegi halaýan. Beý diýsem, baý mülkdardyryn öýtmäň. Meniňki ýaly bag hemmäňizde-de bardyr. Sebäbine häzir düşünersiňiz.
Garaňky düşse diýjek weli, ölügsije ýagtylyk syzylar durar, ýöne, ýene garaňkyda diýäýeýin-le; otlukda aýlaň-çaýlaň edýän, köwşüm çalarak ota çümýär, özümem ýöräp barýarkam oýa batýan, oýa batan wagtymam diň göge garap, asman şugla saçýarmy, ýyldyzlar ýerindemi diýip, üstümi soragdan gömýän-de, ýyldyzlary synlaýan. Kä gijeler welin öz-özüme hiç hili sowal beremok, ýyldyzlar hem al-asmandadyr, dik depämdedir, durşy bilen bimanydyrlar, syr bildirmezler.
Gögele oglan mahalym gije gezelenç edip ýörkäm, bir güberçege gözüm düşdi. Onuň nämedigini aýyl-saýyl edip bilmämsoň, otluçöp ýakdym. Geň galaýmaly, tekiz otluk meýdanda bir tümmek bardy.
Öz ýanymdan: «Bagban bir zatlar etmekçi bolandyr» diýip çakladym. «Ertir özünden sorap göreýin, hany».
Ir bilen bagbany çagyrdym. Ady Jakomody. Oňa şeýle diýdim:
– Howluda nämeler etdiň? Hol otlukda bir zat güberilip ýatyr. Düýn gije büdredim, irdenem Gün doganda seretsem, uzap gidýän insizje tümmek bar eken; mazar tümmegine çalym edýär. Aýtsana, bu nämäniň alamaty?
Bagban Jakomo:
– Mazaryň tümmegine çalym etse ýene ýagşy, jenabym – diýdi. – Ol mazaryň hut özi ahyry. Edil düýnjük dostlaryňyzyň biri ýogaldy!
Onuň sözüniň jany bardy. Dagyň çürdepesinde ýegre dostum Sandro Bartoliniň kelleçanagy pytrap, heläk bolupdy. Tegelek ýigrimi bir ýaşyndady.
– Näme, dostum şu ýerde jaýlandy diýjek bolýaňmy? – diýip Jakomonyň al-petinden aldym.
– Ýok. Dostuňyz Bartoli (bagban öňden bäri işläp ýörensoň, sylag-hormatly gepleşýärdi) şo dagyň eteginde depin edildi. Ýöne, ine, birden bagdaky çemenlik öz-özi tümmerdi duruberdi. Sebäbi, jenap, bu siziň bagyňyz, şonuň üçinem, ömürboýy duçar boljak zatlaryňyzyň ählisiniň bir mysaly şu ýerde gaýtalanar.
– Haý, goýsan-a, senem-ä... bular häki bir gury yrym ahyry. Gowusy, meniň üçin bu tümmegi tekizläp goýber. Bolýamy?
– Ýok, hojaýyn, başarmaryn. Ýeke men däl, meniň ýaly müňlerçe bagban gelse-de, ony tekizläp bilmez.
Bu gürrüňden soň üýtgeşik hiç zat edilmedi, tümmegem şo durşuna galdy. Men hemişekim ýaly, garaňky gatlyşansoň bagda gezim edýärdim. Käte tümmege büdreýärdim, emma bu ýagdaý juda seýrek bolýardy, çünki bag giden meýdany tutup ýatyrdy. Tümmegiň ini ýetmiş santimetr, boýy bolsa bir metr togsan santimetrdi. Üstünde ot örýärdi, howludaky otuň boýundan ýigrimi bäş santimetr beýikdi. Dogrusy, tümmege her büdränimde ony – ýogalan jan ýaly dostumy ýatlaýardym. Belki, tersinedir. Dostum hakynda pikir eden wagtym tümmege aýagym ilişýändir. Bu zatlara düşünmek, akyl ýetirmek aňsat däl, diýseň çylşyrymly.
Ýeri gelensoň aýdaýyn, gije aýlaň-çaýlaňa çykanymda, bu pessejik tümmege iküç aýlap gabadam gelmezdim. Şol wagt dostum hyýalymda janlanardy-da, säginip, gijäň imi-salalygynda sesime bat bererdim:
– Ýatyrsyňmy?
Ol jogap bermezdi.
Sebäbi, hakykatdanam, ýatyrdy. Bärden alysda, gaýalaryň düýbünde, dag gonamçylygynda ýatyrdy, ýyl geçdigiçe ony ýatlaýan azalýardy, hiç kim guburyna gül äkitmeýärdi.
Şeýlelikde, aradan ençeme ýyl geçdi. Bir gije gezelenç edip ýörkäm bagyň beýleki burçunda başga bir tümmege büdredim.
Tas ýüzin ýazylypdym. Gije ýarymdan agypdy, her kim ukudady. Ganym depäme urup, bagbany oýarmak üçin: «Jakomo!.. Jakomo!..» diýip gygyrdym.
Penjireleriň biriniň yşygy ýandy. Jakomonyň ýarty göwresi göründi.
– Ýene bir tümmek bar. Bu näme boldugy? – diýip hemle urdum. – Ýa ýer agdardyňmy?
– Ýok, jenap! Şondan soň, ýatan ýeri ýagty bolsun-da, gowy görüşýän işdeşleriňiziň biri hem aradan çykdy – diýdi. – Adyna Kornali diýerdiler.
Şondan kän wagt geçmänkä üçünji tümmege büdredim. Daş-töweregi gijäniň tüni gaplanam bolsa, ýene-de süýji ukuda ýatan Jakomony çagyrdym. Indi tümmegiň manysyna gowy düşünýärdim, ýöne şol gün şum habar eşitmämsoň, bilesigelijikden ýaňa ýarylyp barýardym. Penjireden, hemişekisi ýaly, sowukganlylygyny saklaýan Jakomo göründi.
– Bu kim? – diýip soradym. – Ýene kimdir biri amanadyny tabşyrdymy?
– Hawa, jenap! – diýdi. – Ady Juzeppe Patane bolmaly.
Şondan soňky birnäçe ýyl imi-salalykda geçdi, ýöne birden çemenlikdäki tümmekleriň sanynyň artyşy tizlendi. Olaryň arasynda kiçileri-de bardy, ululary-da, hatda şeýlebir äpetleri bardy welin, üstünden ätläp geçjek gümanyň bolmaz. Olar kiçeňräk depeleri ýatladýardy, bir tarapyndan dyrmaşyp, beýleki tarapyndan düşübermelidi. Şeýle ululykdaky tümmekler ara kän wagt salman iki gezek öňümden çykdy, indi Jakomodan nämeleriň bolýandygy hakynda sorap oturasy iş ýokdy. Gara gäwmişi ýatladýan şol iki mähnet gum üýşmeginiň astynda gözgyny halatda paýawlan ömrümiň iň süýji demleri ýatyrdy.
Şonuň üçin her gezek garaňkyda şol iki tümmege büdränimde, içimde birgiden ajy ýatlama gozganardy, menem şol ýerde gorkudan zähresi ýarylan çaga ýaly doňup galardym, soňam ýeke-ýekeden dostlarymy çagyrardym. Kormaliniň, Pataneniň, Remizziniň, Longaneziň, Mauriniň adyny tutardym, bularyň hemmesi hem çagalyk dostlarymdy, olar uzak ýyllap meniň bilen bir mekdepde tirsek çorladypdy.
Soňra sesime bat berip, hamala, kim bar, kim ýok, atma-at barlaýan ýaly: «Negro! Wergani!...» diýip gygyrardym. Hiç kimden jogap bolmazdy.
Şeýde-şeýde öňler arkaýyn gezim edýän tekiz bagym ýuwaş-ýuwaşdan söweş meýdanyna öwrüldi; dogry, ol hemişe ýaşyl öwser oturardy, ýöne çaýyrly, ýapgytly-kötelli depejikler, tümmekler, gümmerçekler, tüňňülikler labirintine dönüpdi. Bu gum üýşmeginiň her biri bir ismi aňladýardy, her isim bir dostuň adydy, her dost alysdaky mazar bilen içimdäki takyrap ýatan çukury aňladýardy.
Has soňrak, şu tomusda, şeýlebir beýik tümmek peýda boldy welin, golaýyna baranymda, ol keseligine ýatyşy bilen ýyldyzlary synlamagyma päsgel berdi. Ol edil pil ýaly, kiçeňräk öý ýaly uludy; üstünden ätläp geçmek mümkin däldi, daga dyrmaşmakdan enaýy däldi; onsoň bu niýetiňden el çekip, gapdalyndan aýlanyp geçmeli bolýardy.
Şol gün hiç hili şum habar almamsoň, howludaky bu täze tümmegi görüp äm-säm boldum. Emma bu gezegem derrew çak urdum: agaç ata münen adam –– ýaşlyk döwrüm tirkeşen ýegre dostum bolmaga çemeli. Biz bilelikde nijeme hakykatlaryň düýbüne ýetipdik; dünýä, durmuşa we iň ajaýyp zatlara bile göz ýetiripdik; şygra, çeperçilik sungatyna, aýdym-saza, alpinizme düşünmäge dyrjaşypdyk; şeýle uç-gyraksyz sebäpleri gysgajyk söz düzümleri bilen beýan edilen hem-de bir ýere jemlenen görnüşde öz içine kabul edip bilmegi üçin, hakykatdan hem, kiçeňräk dagyň emele gelmegi mantyga kybapdy. Ine, şonda depe saçym syh-syh boldy. «Ýok! Beýle zat bolup bilmez!» diýip hyrçymy dişledim. Ýene bir ýola dostlarymy ýatladym: Karnali, Patane, Rebizzi, Longanezi, Mauri, Negro, Wergani, Segala, Orlandi, Kiarelli, Brambilla. Ine, şol wagt gijäniň tümünde bir nepes «Hawa» diýip pyşyrdady, ant içýän, bir ses mesaňa «Hawa» diýip dur, başga älemden eşidilýän owaz. Emma, kim bilýä, belki, ol baýguşuň jakyrdysydyr, sebäbi baýguşlar meniň bagymy gowy görýärdi.
Ýöne, haýyş edýän: «Näme beýle gussaly kyssalary tekrarlap otyrsyň? Ömür şonsuzam gysga, durmuş nädeňde-de çetin. Onsoň aýlawly gürrüňler edip, ýaşaýşy zähere öwürmek, heý, heňe geljek zatmy? Onsoňam bu gam-gussalaryň bize näme dahyly bar? Olar diňe seni gyzyklandyrýar, diňe seni» diýip ýazgarmaň. Ýazgaraýaňyzda-da şeýle jogap bererdim: «Haýhat! Olar size-de degişli! Bilýän, size hiç hili galtaşygy bolmasa gowy bolardy. Ýöne çemenlikdäki bu tümmekli wakalar her kimiň başyndan geçer. Asyl içimdäkini aýtsam, biziň her birimiz bu gowgaly wakalaryň bolup geçýän bagyň eýesi. Bu indi ençe asyrdyr gaýtalanyp gelýän gadymy hekaýat siziň üçinem tekrarlanar. Gulagyň duşundan geçirilip goýberiljek edebi meňzetme däldir, islesegem-islemesegem şu şeýle».
«Günlerde bir gün haýsydyr bir bagda maňa degişli tümmek çykarmyka?» diýip, öz-özümden soraýan. Üçünji derejeli gümmerçek, gündiziň günortany hem göze ilmejek kiçilikde, otlugyň ýüzündäki ýukajyk ýygyrt. Herhal, bolmanda, bu dünýäde şoňa büdrejek ýekeje adam-a tapylar.
Bolup bilmejek zat däl, häsiýetim gurasyn, il gözünden çet ýerde ýeke özüm it ýaly jan bererin. Şol gün agşamam howlusynda güberilip çykan tümmejige kimdir biri büdrär, ertesi gije-de ýene aýagy ilişer we (göwün ýüwürtmämi görmezlige salaweriň) her gezeginde Dino Bussati atly bendäni ýeňiljek gussa bilen ýat eder.

© Dino BUSSATI (Italiýa)
Terjime: © Ahmet MELE
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 118 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Dino Bussati, Ahmet Mele | Рейтинг: 4.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 14:12, 06.12.2023
şüň orusçasynam goýaýyňlar-da.
gözläbem tapman dun.
avatar
0
2 sussupessimist • 14:40, 06.12.2023
Haha, goyjak däl, yogsam yalňyş gözläp başlarsyň))
Degişyän, bu hekayasy orsça terjime edilmedik. Terjime türkçeden.
avatar
0
3 Medicall • 22:34, 06.12.2023
Islemesegem ählimiziñem şol bagymyzda ýerlemeli bolanlarymyz, duýdansyz emele gelen mazarlyklar bar(dyr),
Bir günem bolmanda ýeke biriniñ bagynda aýagyna büdrejek tümmege öwrüleris.
Hiç gaçyp gutulyp bolmaz ol ýagdaydan Dino daýy..
avatar

Старая форма входа
Total users: 202