Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:27
Amangeldi Goşaýew
AMANGELDI GOŞAÝEW

A. Goşaýew 1954 – nji ýylda Gyzylarbat etrabynyň Purnuwar obasynda dogulýar. 1974 – nji ýylda Nebitdag (häzirki Balkanabat) şäheriniň ýerli telestudiýasynda işe başlaýar.
Žurnalist, ýazyjy we terjimeçi.
“Körpe guzy”,
“Ajydäne”,
“Armyt Jüpbäniň ogly”,
“ Ar”, “Tamdyr”,
“Sekizinji simfoniýa”,
“ Göwün”, “Uly dogan”,
“sakar daş”,
“Kesir gyz”,
“Öz aralarymyz”,
“Aglamagyn, kyýamatlyk perzendim”, “Gara gözüňe döneýin, ukla!” ýaly özboluşly powestleri, dokumental eserleri, hekaýalary döretdi.

W.Panowa bilen A. Bahtiniň “Muhammet pygamberiň ömür beýany”,
Piter Akroýdyň “Edgar Po. Köýen ömür, Ýazyjynyň durmuş ýoly”,
Mario Wargos Lýosyň “Ýaş ýazyja hat“,
W. Şukşimiň “Horazlar üç gezek gygyrýança” eserlerini,
Anna Ahmatowanyň goşgularyny türkmen diline terjime etdi. A.Goşaýew şeýle-de:
“Krasnowodsk”,
“Bendesen” atly dokumental filmleriniň ssenarilerini ýazdy.

® "Balkanyñ edebiýat we sungat älemine syýahat" kitabyndan alyndy
Bölümler: Ýazyjy-şahyrlaryñ, alymlaryñ terjimehaly | Görülen: 78 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Amangeldi Goşaýew | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
1
1 sussupessimist • 11:48, 15.07.2024
ŞuŞkin - Şukşin bolmaly - "До третьих петухов" powesti.
"Ýaş ýazyja hat" ýamman gowy kitap, prozaçylara maslahat berýän. Orsça ady "Письма молодому романисту".
Aman aga respekt!
Salwador Däliň "Bir geniniň gündeligi" kitabynam terjime edendir (geniý diýýäni - Daliň özi)
avatar
0
2 Medicall • 12:11, 15.07.2024
Sagboluñ düzledim, kitapda-da ýalñyşlyk bolupdyr şol sözde, göçüremde menem ýalñyşyberipdirin.

Amandädäñ öz eserleriniñ ady-da özüne çekiji ekeni. Okamaga meýil döredip bilýar.

Eger terjimelerinem, öz powestlerinem tapyp bolsa okyjylara ýetirilse uly höwes bilen okardyk.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203