Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:11
Arakhor goja we çopanyñ dogasy
ARAKHOR GOJA WE ÇOPANYÑ DOGASY

Bir obada: "Şü adam ölse, bizem mundan dynsaýdyk" diýdirýän, obasyna ot ýakdyrmaýan, günägaby bir  adam ýaşapdyr.

Adamyñ zenanasy onuñ ýagdaýyna näler gyýylsa-da, otuz ýyl maşgala bolup ýaşan döwründe urulyp, ýenjilse-de, her gün biri bilen jenjele girip ýören adamsyndan nalyş etmändir, jibrinmändir.
Adam garradygy  saýy  iki basgançak ýokary galsa demini-demine ýetirmeýän, gijeler ukusyny bölüp ýatyrmaýan üsgülewik heläk edip, ellerini titiredip çilimini saklamasy hyllalla bolupdyr.
Zenanasy ellerini asmana açyp, ömründe bir gezejik bolsa-da adamsynyñ düzelmegi üçin Alla ýalbarypdyr.
Bir gün säher wagty öýden çykan adam ertesi günem dolanyp gelmändir. Dañ agarandan aýaly adamsynyñ gözlegine ugrapdyr. Obanyñ ýokary tarapyndaky çeşmäñ başyny, golaý ýerleri, obanyñ çar künjüni aýlansa adamsy ýok. Zenan: "Belki öýe gelendir" diýen umyt bilen öýüne haýdaýar, emma adam häzirem dolanmandyr. Kim bil­ýär nirede doñup galdy bu adam!
Gün guşluk boldy, Zenan çaltlyk bilen täret aldy, namaza durdy, dogasy biter-bitmez gapy kakyldy,
Gelen ýüzi saralyp, gara-ört bolan adamsydy, üsgürip eli bilen gursagyny görkezýärdi, zenana onuñ goltugyna girip düşegine geçirdi. Düşek-de süýnen adam maşgalasynyñ ýüzüne naýynjar bakyp aglaýardy, bu bakyş düzelmek  islegini añladýardy, razylaşmak isleýän ýalydy, emma bir söz sözläp bilmän amanadyny tabşyrdy. Zenan uly ses bilen ahy-perýat çekdi. Bir salymdan özüni ele aldy, gözýaşyny syldy-da, ymamyñ öýüne ugrady.
Zenan:
-Mollam.. -- diýdi-de dymdy,
Ymam hatynyñ ýüzünden ýagdaýyny añlady, "obalylar näme diýer" - diýip oýlandy-da:
--Bir gezegem metjidiñ gapysyny açmadyk píse çynaza çykmaryn - diýip gapyny hatynyñ ýüzüne ýapdy.
Zenan gaharlandy, "nirä, kime barsamkam" diýip pikirlendi, biçäre halda öýüne dolandy.
Adamsyny ýuwga saldy, sandygyndan çykaran ak biýzine dolananan jesedi arkasına aldy-da mazarlyga tarap ugrady, mazarlyga gidýän ýoluñ ugrundaky metjidiñ deñine gelende obanyñ kethudasy bilen oba, adamlarynyñ özüñe tarap gelýändiklerini gördi. Damagy doldy, ölüni omuzyndan düşürdü-de dyzyna çöküp oturdy, ellerini ýüzüne tutup aglamaga başlady.

Oba kethudasy:
--Ony nirä alyp barýañ?  Mazarlyga eltiji  bolaýmagyn,  saglygynda biz çekdik, indi ölülerimiz bir zyýan çekmesin oñ derdinden. (Helifin?)
Zenan dolagdan gözüni aýyrman oturşyna birden dälirän  ýaly uly ses bilen möññürmäge başlady,  daşyndakylar  gorkularyndan ondan daşlaşyp, dargamak bilen boldular,
Gara-der bolup tapdan düşüp, indi ädim ätmäge gurbady galmadyk zenan öz-özüne:
--Şu ýerde ýerläýin adamymy, bu ýerde hiç kim birahat bolmaz - diýdi-de  diñşirgendi.
Şol barmana aýak sesi eşidildi. Gelen bir çopandy. Görgüli zenan bolan wakalary çopana gürrüñ berdi. Çopan gyýyldy, gözleri nemlendi:
-- Alada etme, men saña kömek ederin.
Çukur gazyp ölüni depin etdiler.
Çopan mazaryñ başujynda durup, ellerini açyp doga okady, Zenan gül ýygnap topragyñ üstüne sepdi. Çopana alkyşlar aýdyp öýüne dolandy.
Argyndy. Uklady.
Ertesi säher wagty oba kethudasy ymamyñ gapysyny kakdy. Howpurgap gapyny kakyp, aýagy bilen ýer urup duruşuna:
--Ymam aga, Ymam aga! - diýip aljyraññy seslenýärdi. - bir düýş gördüm, mollam, ol bozuk biçäre jennetdemişin, maña: "saña hakym halal bolsun" diýip ýylgyrdy--diýýär.
Düýşi duýan Ymamyñ reñki öçdi, ol hem şol düýşi görüpdi. Gapyda duruşlaryna oba, dälisiniñ gygyryp gelýänini gördüler:
--Men size aýtmadymmy, aýtmadymmy size, düýşümde gördüm, düýşümde..
Oba adamlarynyñ birnäçesiniñ  şol bir düýşi görendiklerini  bilenlerinden soñ "ötünç soramaly, bizi bagyşla diýmeli hem-de bu ahwalyñ manysyny öwrenmeli" diýen netijä geldiler.

Onuñ öýüne gelip gapysyny kakanlarynda gapyny açan hatyn geñ galdy, gapyny ýapmakçy boldy, emma saklandy, gelenler bolup geçenleri aýdyp ötünç soradylar, ölüni nirede ýerlänini, nämeler bolup geçeni bilen gyzyklandylar. Görgüli Zenan bolanlary b:ir-b:ir aýdyp berdi. Ünsli diñlän adamlar çopany tapmaly diýen karara geldiler. Ýöräp baryşlaryna: "Belki çopan bir öwülýadyr, ýa-da Hydyrdyr. Ölenem beýle bir erbet adama däldi aslynda.." diýişýärdiler.
Aýdylan ýerde çopanyñ goýunlary otlaşyp ýördiler.
Gelenleri gören çopan:
--Gowulykdyrda hernä? diýip ör turdy.
Olara oturmagy teklip etdi, süýt, hödür-kerem etdi. Çopan olaryñ aýdýan zatlaryndan hiç zada düşünmedi,  ölüni nähili ýerländigini aýdyp berdi:
-- men bir garyp bende, ölüni depin etdim, başujynda durup doga-dileg etdim, bolany..

Onda ondan nähili doga edenini soradylar:
Çopan:
"Allahm, men dagda mallarymy bakýarkam ýanyma Salam berip gelen bendeleriñe, Seniñ salamyñ bilen gelen, Seniñ myhmanyñdyr diýip olara hezzet-, hormat edýärin, süýt hödür-kerem edip azygymy paýlaşýaryn, indi häzir men Saña bir myhman ugradýaryn, SENDE ONY HEZZETLE! " diýip doga etdim diýip jogap beripdir..

Çeşme: https://kisahikayeler.net
Terjime eden:  © Kalba NUR.
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 58 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Рейтинг: 4.5/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203