Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:06
Aýak yzlary

AÝAK YZLARY

Bir guýa egileňde
Ýüzüň görünjek suw ýok bolsa
Çekil o ýerden.
Öldürse-de suw seni
Gözüňe bakyp öldürer.
Sen suwsyz guýudan gork.

Jähennem gurudyr öýtme
Nemlidir.
O ýere gitjek her kesiň
Ozaldan basylan
Aýak yzlydyr.

© Bežan MATUR

Terjime: © MANGO

* * *

Ayak İzleri

Bir kuyuya eğildiğinde
Yüzünü görecek su yoksa
Çekil
Öldürse de su seni
Görerek öldürür
Susuz kuyudan kork

Kuru düşünme cehennemi
Nemlidir
Ve ayak izleri vardır
Önceden
Gidecek olan herkesin

Bejan MATUR
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 90 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Bežan Matur | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 10
avatar
0
1 Мango • 22:09, 10.12.2022
suratdaky Bežan hanym (kürt gyzy)
avatar
1
2 Мango • 00:16, 11.12.2022
guýuda iki görnüş ölüm.
1) suwly guýyda
2) suwsyz guýyda.
nämede bolsa birinji ölüm - mert ölüm. ol "Gözüňe bakyp öldürer".
emma, "Sen suwsyz guýudan gork". ol haýyn ölüm, namart ölüm.
"öldürselerem ýüzüňe bakyp (gözüňe basyp) öldürsünler-le" diýýän ýaly.
---
jähennemdäki aýak yzlara näme diýjek?
özaldan o ýere barylmaka goýulan aýak yzlary....

täsirli şygyr.
avatar
2
3 Pero • 13:09, 20.11.2023
Jinnik ýalyja üýtgedip gördüm terjimäni Mango kaka:
...Gury saýma jähennemi
Nemlidir.
O ýere barjak her kimiñ
Aýak yzy bellidir.
avatar
1
4 Мango • 13:17, 20.11.2023
gowy bolupdyr.
ýöne goşgyň soňyny aýtmak kyn (maňa-ha kyn boldy).
gyzykly ýeri, jähennemde (entek göçülip barylmadygam bolsa) aýak yzlary bardyr - diýýä. birhili ol ýere gitjekler eýýäm bärde aýak yzlaryny goýup ýörler... -diýen ýaly.
ýagny barmakak barjak ýerimizi taýýarlaýas....
kyn...
avatar
0
5 Pegas • 20:53, 20.11.2023
Goşgyň soňuny hakykatdanam gowşagrak nemedipsiňiz ýaly...

Onda dünýämiz jennede-de, jähenneme-de parallel bolýan bolaýmasyn?!
avatar
0
6 Мango • 20:56, 20.11.2023
Hany senem synanyşyp gör.
avatar
0
7 Pegas • 21:04, 20.11.2023
Gurudyr öýtme jähennemi,
Bardyr nem.
Hem ol ýere gitjek her kesiň
Aýak yzlary bardyr
Öňden.
avatar
0
8 Kyyas • 21:06, 20.11.2023
Meñli hanymyñ goşandy hem ýerlikli ýaly...
avatar
1
9 Medicall • 21:12, 20.11.2023
Öñden - i "öñdenem etseñ bolmanam durjakdäl)
avatar
0
10 Şygryýetiň_aşygy • 02:42, 21.11.2023
«Jähennem gurudyr öýtme
Nemlidir.
O ýere gitjek her kesiň
Ozaldan basylan
Aýak yzlydyr»

- O ýere gitjek her kesiň aýak yzlary ozaldan basylandyr, diýjek boldumyka?

Ýöne näme üçin - aýak yzlydyr?
Eger «aýak yzlydyr» boljak bolsa, onda -her kesiň däl, - her kes bolmaly ýaly…
Men-ä düşünmedim.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203