18:10 Azan sesi | |
Azan sesi Her günde oýanyp azan sesine, Dileg etdim ýagşy arzuwlarymy, Dogry ýoldan zyýan çeken görmedim, Kabul eýle meniň dileglerimi. Her gezek ýatladyp Hakyň ýoluny, Yiireklerde täze hyjuw oýarýaň, Owazyňa maýyl edip her säher, Ýaradan bendäňi haka çagyrýaň. Azan ýanlaňsa-da, ýatlap bäş wagty, Gulaklar ganmaýar Hak owazydan, Dili gepleýärka musulman bende, Ýadamaz hiç wagt öz namazyndan. Dogry ýola uýsaň Alla ýaryň bor, Yitirýän zadyň ýok, gazanýanyň bar, Koňlüme nesihat berýärin şuny, Näçe gazansaň-da, dünýä saňa dar. Her günde oýanyp azan sesine, Külli musulmanlar durar namaza, Şeýdip Hak ýoluny berjaý edýäris, Hem Allaň öňünde durýas namaza. ©Baýramgeldi Berdiýew | |
|
Ähli teswirler: 0 | |