Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:08
Birinji düşelge. 1-nji gün. Garry nohur
BIRINJI DÜŞELGE. 1-NJI GÜN: GARRY NOHUR

Irden 9-da goşlarymy göterip, ejemden ak pata alyp, ýola çykdym. Awtoduralgadan Garry Nohura gidýän kiçi awtobuslar gatnaýan eken. Emma meň baran wagtym ol eýýäm gidipdir. Ýagny, irden sagat 7-de we günortan 14-de ugraýan eken.
Meniň garaşmaga takadym ýokdy. Taksi tutup, Teke bazaryň ýanyndaky awtoduralga bardym-da, Bäherdene gidýän maşyna soňky adam bolup mündüm. Derrew ugradyk.
Garry Nohura öň — gyşda Arçman şypahanasynda dynç alýarkam gezelenje gidipdim. Wagt çäkli bolansoň, ýüzleý görüp, yzyma dolanypdym. Bu gezek olaryň ýaşaýşy bilen tanyşdym.
Barmaly myhman öýüm ejemiň iş boýunça aýlanýan çäginde ýaşaýan (ejem maşgala lukmany) Suraý atly tanşynyň atasy öýi. Aşyr agalaryň maşgalasy obada tanalýan, sylanylýan maşgala. Sebäbi ol tebip, her çarşenbe güni delalat islänlere dermanlyk ösümlikleri berip, em edýär.
Bäherdende duralgada düşüp, oba, daga tarap äkidýän ulaga mündüm. Dagyň gerşinde beýikli-pesli jaýlaryň öz nepisligi, arhitektura owadanlygy bar.
Nohur obasynyň özüne mahsus rowaýaty bar. Rowaýat etmeklerine görä, Nuh pygamberiň gämisiniň ilkinji sapar gury ýere uran, galtaşan ýeri Manaman dagynyň goýnunda ýerleşýän gadymy obanyň ady-da Nohur obasy — ýagny «Nuh-ur» (Nuh urdy), «Now-hur» (täze ýurt) diýen sözlerden emele gelipdir diýýärler.
Nohur sözi arap ýurtlarynda Nähur ýa-da Naahur, parslarda Nahor, ýene bir ýerlerde Nohur, Nowhur diýlip, dürli ýerlerde dürlüçe tutulypdyr. «No-hur» arap dilinde «no» dokuz, «hur» bolsa «hüýr, peri» diýen manyny hem berýär diýilýär (edebi dilde aýdylýan «hüýr» sözi nohur şiwe dilinde «hur» diýlip aýdylýar).
Nohur jülgesiniň gözelligi, hoşboý ysly howasy, ajap tebigaty, bir jülgäni emele getirýän 9 sany gujagy behişt mysaly dereleri bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň bu künjegine «Jenneti ýurt» hem diýilýär.
Garry Nohurda zenanlar öýüň işi, çagalar we howlynyň abadançylygy bilen gümra.
Uly ýoluň ugrundaky dükanlarda gelýän jahankeşdelere dagyň dermanlyk ösümlikleri, bu künjege mahsus harytlar hödürlenilýär. Ozal kitaplarda okasagam, ýadyma-oýuma düşmeýän «ýyglamak» (aglamak) sözüniň diňe kitapda däl, şu ýerde-de bardygyna göz ýetirdim.
Ýoluň ýadawlygyny-ha duýmadym, ýöne dag howasynamy-nämemi, biraz kelläm agyrjak ýaly etdi. Myhman baran ojagymda günortanlyk edinenimizden soň, Aşyr aga dermanlyk ösümliklerden melhem ýasap berdi. Meniň bagtyma baran günüm çarşenbedi. Ol soň telefon kitapçasyndan (beýle zadyň entegem ýöreýändigine geň galdym) Bäherden etrabynyň Garry Nohur obasyndaky 7-nji orta mekdebiniň okuw işleri boýunça orunbasary Kakabaý Ataýewiň öýüne jaň etdi.
Şeýlelikde, myhman öýümiň gyzy Umyda (şol mekdebiň okuwçysy) bilen mekdebi we şahsy muzeýini görmäge gitdik. 2000-nji ýylda gurlan mekdepde 800-den gowrak okuwçy okaýar.
Mugallym Kakabaý Ataýew Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň hem eýesi. Oba muzeýi arhiwe baý eken. Köp gymmatly taryhy tapyndylary aýap saklapdyrlar.
Soňra Goçmyrat Ahun gonamçylygyna zyýarat etdik. Ýerli ýaşaýjylar geçi şahynyň erbet ruhlara garşy göreşýändigine ynanýarlar.
Ertesi gün garry çynara bardyk, çeşmeden suw içdik. 1850-nji ýylda 2000 ýaşan hasap edilýän bu gojaman daragt köpleriň ünsüni özüne çekýär.
Soňra Garry Nohuryň metjitlerine aýlandyk. Ýerli dükanlarda gündelik zerur önümler we hojalyk esbaplary näçe diýseň bar. Bu dag obasy özüniň darajyk köçeleri, oba adamlarynyň gürrüňleri, özüne mahsus medeniýeti, dürli tagamlary, ylaýta-da, mantysy bilen gowy ýatlamalar galdyrdy.
Köplenç, Arçman şypahanasyndan ýa başga ýerlerden 1-2 sagatlyk gelip görüp gitseler, men bu obada iki gün ýaşadym, Garry Nohuryň oba durmuşy, ýaşaýşy bilen ýakyndan tanyş boldum. Dag tebigatyny intizar gözügidijilik bilen, guwanç bilen synladym!

Aýjemal GURBANOWA,
sanly aragatnaşyk boýunça hünärmen

Çeşmesi: “Biznes reklama” gazeti, 05.12.2022ý.
Bölümler: Ýol ýazgylary | Görülen: 76 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Aýjemal Gurbanowa | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203