Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:12
Üçünji düşelge. 4-nji gün. Magtymguly etraby
ÜÇÜNJI DÜŞELGE. 4-NJI GÜN. MAGTYMGULY ETRABY

Günümizi Eziz bilen Magtymguly etra¬byna gidýän ulaglaryň sürüjileri bilen ýoly gürleşmek, soňam Gyzylarbadyň Söwda satyn alyş-önümçilik kärhanasynyň söwda bazaryna barmak bilen başladyk. Ýaka, börük, mata-marlyk diýip ýarym sagat aýlandyk. Zat almadym, ýöne surata düşürdim. Gowy zadyň gadyry-gymmaty hemme ýerde-de bilinýär.
Soňra Gyzylarbat şäherindäki taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine bardyk. Muzeýiň içki bezegi diýseň täsin, özüne çekiji ekeni. Ol Gyzylarbat etrabynyň meşhur adamlarynyň taryhyny saklap galypdyr. Sport tälimçisinden başlap lukmançylyk ylymlarynyň doktoryna çenli birnäçe şahsyýetleriň diplomlary, hormat hatlary, ulanan esbaplary, suratlary bar. Has dogrusy, Oraz Sahatow — Gyzylarbat şäheriniň wagon abatlaýyjy zawodynyň ilkinji türkmen direktory (1931). Kazyguly Çaryýarow — wagon abatlaýyjy zawodyň çoýun erediji sehiniň işçisi. Ol Moskwada geçirilen ylgaw ýaryşynda ýeňiji bolan şahsyýet. Gapdaldaky suratdaky şahsyýet bolsa zawodyň tokor stanogynda işlän ilkinji türkmen zenany Aýnabat Sitalyýewa. Ol ilki tam süpüriji bolup işläpdir. Soňra rus zenanynyň stanogy işledişini synlap, öwrenipdir. Şeýdibem bu käriň eýesi bolupdyr. Ýene bir suratda bolsa Kaka etrabyndan Lallyk Hanowyň «Ähli ýygnan puluma tank sargyt etjek» diýip, pul eltip berenden soň özüne iberilen suratdaky tankyň maketini agtygyna görkezip dur.
Muzeýden çykyp, wokzala gitdik. Soňra Galçy baba gonamçylygyna zyýarata bardyk. Magtymguly etrabyna gitjek sürüjileriň biri 15:30-da alyp gitmäge razy boldy. Şeýlelikde, Gyzylarbada gezelenjim tamam boldy. Altyn bibi bilen hoşlaşyp, Magtymguly etrabyna tarap ýola düşdük.
Ýol edil Garry Nohuryň ýoly ýaly, iki gapdaly üstüňe abanyp duran kert gaýaly daglar. Özi-de reňkli — gyzyl, ak, goňur. Ulagda pensiýa çykan ýaşuly lukman ýolagçy bar ekeni. Şarlawuga toýa barýan ekeni. Uzak ýoly söküp, üýşmeleňe gidişine geň galdym. Aslynda, geň görerlik zat ýok, menem ýurt görmegiň yşkynda ýola düşüpdim ahyry.
XIX asyryň ahyrynda Magtymguly etra¬byna «Aleksandrow» diýlip atlandyrylypdyr. Ýöne sowet döwründe Garrygala adyny alýar. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alanyndan soň, 2004-nji ýylyň 4-nji iýunynda Garrygala şäheri we etraby Magtymguly Pyragynyň hormatyna «Magtymguly» diýlip atlandyrylýar.
Barmaly ýerim Bezirgen agalaryň öýi. Bezirgen aga täze gurlan Magtymguly muzeýiniň direktory. Ilki myhman boljak öýümiň şolardygynyň sebäbi — muzeýe aýlanyp, maglumat ýygnap, makala ýazmakdy.
Bezirgen agalaryň öýi ümsümlikdi. Adatdan daşary ümsümlik. Iki çagasy bar, gyzy Balkanabada okuwa resminamalaryny tabşyrmaga gidipdir, ogly mal-gara bilen öýde däl ekeni. Annagül daýza iç-daşa çykyp ýör. Ol kynlyk bilen ýylgyrýan ýalydy. Ilkibaşda gürrüňdeşlik açmaga-da çekindim. Şol gün hiç ýere gitmedim. Annagül daýza bilen agşamlyk töweregi synlamak üçin depä çykdyk. Şonda ol ajy ýylgyrşyň sebäbi barada gürrüň berdi. «Biziň 3 çagamyz bardy. Geçen ýyl 2001-nji ýylda doglan oglum aýryldy. Akylly, görmegeý, sen ýaly alçakdy. Indi ol biziň aramyzda ýok. Içim-içimi iýip barýar, bokurdagym dolýar».
Ertesi Annagül daýza üçin üýtgeşiklik bolar ýaly, Bezirgen aga üçümiz seýle çykdyk. Birinji duralga — Bezirgen agaň iş ýeri. Magtymguly Pyragy muzeýi. Muzeý Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, 2015-nji ýylda esaslandyryldy. Magtymguly Pyragy öz eserlerinde türkmen milletiniň agzybirligini we bitewüligini saklamaga çagyrýar. Akyldar şahyr türkmenleriň agzybirliginiň nyşanyna öwrüldi. Şygyrlary türki we yslam dünýäsiniň umumy sesi bolup ýaňlanýar.
Muzeýdäki ýerleşdirilen ýörite kartada Magtymguly Pyragynyň aýak basan ýerleri şekillendirilipdir. Egnine horjun atyp, kerweniň yzyna düşen bolsa gerek.
Bu ýer nar we hoz agaçlaryna baý. Narlary ilkinji gezek tebigy mekanynda gördüm. Olaryň nähili ösýändigini çala Aşgabatdan çykdygyňam görse bolýar, emma meşhurlyga eýe Magtymguly etrabynyň Sumbar narlary başga bolýar-da. Aslynda, türkmen topragynda bitýän miwedir bakja ekinleriniň tagamyna taý ýok bolsa gerek. Syýahatymda halayan köp zatlarymyň biri, ýerli miwedir bakja ekinlerini synlamak, dadyp görmek.
Muzeýden çykyp, Parhaý jülgesine bardyk. Sünt-Hasardagynyň etegindäki Parhaý jülgesinden çykyan kükürtli suw aşgazan, içege, nerw, guragyry, deri kesellerine şypa berýär. Parhaýda biri-birinden uzak bolmadyk aralykda üç hili suw çykýar, esasy çeşmesi adaty suw, burawlanyp çykarylan çeşmeden 40 — 50 metr günortada ýerleşýär.
Köpetdagyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Sünt-Hasardag döwlet goraghanasynyň meýdany 30260 gektar bolup, 3 bölege bölünýär: Merkezi, Çendir, Aýdere. Bu ýerde ösümlikleriň 1322, süýdemdirijileriň 72, guşlaryň 250, süýrenijileriň 36 görnüşi hasaba alnypdyr (arasynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilenlerem bar). Esasan, alajabars, dag goçy, ýekegaplaň, syrtlan.
Parhaýyň suwy Arçmanyň gaýnan ýumurtganyň ysy gelip duran suwy ýaly, ýöne mys-mylaýym. Bu ýerde ýörite myhman jaýlar, tapjanlar bar. Agajyň düýbünde palas ýazyp, üýşüp çaý-çörek edinmek üçin hem şert döredilen.
Parhaýdan çykyp, ilki Atnal baba, soň Şibli baba zyýarata bardyk.

Aýjemal GURBANOWA,
sanly aragatnaşyk boýunça hünärmen

Çeşmesi: “Biznes reklama” gazeti, 19.12.2022ý.
Bölümler: Ýol ýazgylary | Görülen: 58 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Aýjemal Gurbanowa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203