12:12 Biziñ başlygymyz | |
Biziñ başlygmyzyñ öz kellesi ýok, Egninde göterýär kellesin başgañ. Bir mesele çyksa, ol haýyr-heläk, Bölüm müdirlerni çagyryp başlar. Sala salar profkoma, partkoma, Orunbasarlarny ýanyna çeker. Sabyr edip diñlär aýdylsa näme, Oýlanar, Ýüz gezek ölçerip-döker. Ol beýle takady nireden alýar, Nireden alýar ol beýle dözümi?! Ol her bir teklibi terezä salýar, Heniz aýdaýmanka soñky sözüni. Biziñ başlygmyzyñ ugry ýok, ugry, Ol işleýär özgäñ kellesi bilen. Bu diýilýän sözler, elbetde, dogry, Bu diýilýän sözler, elbetde, ýalan... © Tirkeş SADYKOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |