Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:08
Men bolşumdan gowy görünjek bolýan

Men bolşumdan gowy görünjek bolýan,
Men bolşumdan goýy görünjek bolýan

Bolşumdan akylly görünjek bolýan,
Bolşumdan asylly görünjek bolýan.

Bolşumdan gaýratly görünjek bolýan,
Bolşumdan syratly görünjek bolýan.

Ýaş görünjek bolýan bolşuma görä,
Daş görünjek bolýan bolşumdan örän.

Be, walla, bu zatlañ bary birhili...
Bir zaman kürtdürip, diñleýän ili.

Diýýärler: - Bolşuñ dek boluber, şahyr,
Barybir kimligñe biz belet ahyr!

Ýok, men gowy boljak bolýan bolşumdan,
Şu isleg hem ruh berýär dünýäme...
Adam, şu ymtylyş bolmasa sende,
Onda bu ömüriñ manysy näme.

© Tirkeş SADYKOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 83 | Mowzugy paýlaşan: Lacrymosa | Teg: Tirkiş Sadykow | Рейтинг: 4.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 16:37, 24.12.2023
Ýok, men gowy boljak bolýan bolşumdan,
Şu isleg hem ruh berýär dünýäme...

şahyr ruhy özgeriş, kämillik barada aýdýar...
onda dogrudanam bolşuňdan gowy boljak bolmaklyk gowy zat.

hadysam bar bolmaly "Iki güni deň bolan, zyýandadyr".
adamyň bu günki boluşy düýnki boluşyndan has gowy bolmaly.

ana, ýene REKLAMA wagty gelip çatdy.
(kak rasam nowyý god)

Iki güni deň bolan, zyýandadyr:
https://edebiyat.clan.su/news....-29-349
avatar
1
2 Medicall • 09:09, 25.12.2023
"bolşuňdan gowy görünjek bolmak dogrumyka? adam gowulyga özgerip bilse öňe, gowulyga özgermeli, bolşuňdan gowy boljak bolmaly, görünjek bolmak bu eýýam başga bolýar. iň gowusy bolşuň ýaly görünibermeli adamlarada. (edil goşgy barada-da däl, umumy manydada şeýle.)
avatar
0
3 Мango • 09:48, 25.12.2023
Men bolşumdan gowy görünjek bolýan,
...goýy görünjek bolýan
...akylly görünjek bolýan,
...asylly görünjek bolýan.
...gaýratly görünjek bolýan,
...syratly görünjek bolýan.
... diýse-de jemlemede "görünjek bolýan diýdigim, boljak bolýan diýdigimdir" diýýän ýaly "Ýok, men gowy boljak bolýan bolşumdan..." diýip niýetini has dogry açyklaýar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202