14:22 Dükançy gyza | |
Obamyň başynda ullakan dükan, Içinde mylaýym sypaýyja gyz. Ol ýerde arzuwlam tutundy mekan, Bir bakyp kalbymda galdyrypdy yz. Gatnamam ýygylaşdy dükana, Düşnüksiz duýgular özüne çekip. Bir dert bolup, ýapyşan-deý ýakama, Hiç, ganyp bilemok sen gyza bakyp. Birhili, gözüme görünýär yssy, Sypaýylyk bilen sereden gözler. Ýeke gün, barmasam has içim gysdy, Barsam, dile gelmez aýtmaly sözler. Ogrynça seredýän günäli ýaly, Sen gyza ýüregim berenim üçin. Yşgyňda eýlediň diwana däli, Bagtly men, ýeke gün görenim üçin. Seniň bolsa mähremligiň ýenede, Harytlarñy satyp dursyň gyssanman. Ahyry ýok alyjylaň gelende, Süýji sözli ýigitlerden gysganýan. Her gün barýan ýene-de uz bakyşlar, Garşylar näzenin nazary bilen. Ýeke sowal şol beýnimi çekişlär, Tanyş däl, ol söýgüm güzeri bilen. Obamyň başynda ullakan dükan, Içinde mylaýym sypaýyja gyz. Ol ýerde ýüregim tutundy mekan, Söýgi sorap gatnap ýörün yzma yz © Süleýman TEKÄÝEW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |