Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:34
Dymdyk...

DYMDYK..

Dymdyň!
Dymdym!
Belki kändi aýdara söz,
Gözlesek ugrun tapardyk.
Hic bir zat alacsyz dälä,
Belki,
başgaca bolardyk...
Ýok,dymmagy saýladyk biz,
Gözümizem aňdyrmady.
Gedemlik etmedik bolsak,
Ýüreklermiz aýdarmydy?!
Aşyk gara saclaryňy,
Gör,şemal cözläp oýnady.
Gussa güldi üssümizden,
Aýralyk toýun toýlady.
Aramyza menzil düşdi,
Men başga şäherde ýalňyz,
Jigermi ýakyp, daglaýan.
Diýilmedik sözler ücin,
Gijeler zaryn aglaýan.
Bilýän indi nepi degmez,
Ýüreklere ahmyr cökdi.
Ykbal utdy bu oýunda,
Göcümini jaýdar göcdi.
Dymdyň!
Ne ücin?
Aýt!
nä sebäpden?
"Saclarňa aşyk!" diýmediň?
Eger şonda gürlän bolsaň,
Uzyn saclarmy kesmezdim!...

15.12.2023ý (02:15)
Şagül DOWADOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 58 | Mowzugy paýlaşan: YalňyzDurna5274 | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203