Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:47
Edebiýat agşamy geçiriler

Ertir - 28-nji maýda sagat 17:00-da «Kämil bilim» okuw merkeziniň kitaphanasynda edebiýat agşamy geçiriler. Döredijilik agşamynyň myhmany halypa terjimeçi, žurnalist Meretmämmet Hanmämmedow bolar.

Habarlaşmak üçin: (+993 63) 46-44-03.
Bölümler: Edebiýat täzelikleri | Görülen: 186 | Mowzugy paýlaşan: Saryýew | Teg: Meretmämmet Hanmämmedow | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
0
1 Мango • 22:14, 27.05.2023
her kim ýaly (bizem içinde) garraşýar-ow Meret kaka-da...
***
afişa barada (gyzyklanmaýanlara gyzyksyz bolup biler):
afişa bakaňda ilki görülmeli ýa okalmaly zat bar.
soň ikinji derejeli görülmeli ýa okalmaly zat bolýar.
şu afişa bakamda ilki bilen Meret kakaň suraty bilen "Meret Hanmämmedow bilen edebiýat agşamy" diýen söz okalmaly.
häzirki ýagdaýda welin "HORMATLY KITAPSÖÝÜJILER!" okalýar....
"Biz Sizi dükanymyzda..... çagyrýarys!" diýen ýazgynyň aşagyna näme üçin gözüňi çaşardýan kölege goýulypdyr?
okamagy kynlaşdyrýany görnüp dur.

oň aşagyndaky "edebiýat agşamynyň myhmany..." ýazgysy näme üçin ýokarky ýazgydan kiçiräk ýazýaňyz?
asyl uly we üns berilmeli ýazgy bu ahyryn...

uly ýalňyşlygyň birem adresiň iň ýokarda ýerleşdirilmegi...

afişa hem edil goşgy goşan ýaly zat.
sözlemi haýsy ýerinde bölmelidigini duýmak gerek.

"Edebiýat agşamynyň bu gezekki myhmany Meretmämmet Hanmämmedow" diýlen ýazgyny iki setire nähili bölüpdirler we nähili bolmelidi?

şeýle bölüpdirler:
Edebiýat agşamynyň bu gezekki
myhmany Meretmämmet Hanmämmedow

şeýle bölmelidiler:
Edebiýat agşamynyň bu gezekki myhmany
Meretmämmet Hanmämmedow

"Edebiýat agşamynyň bu gezekki" diýip azajyk pauza berip "myhmany Meretmämmet Hanmämmedow" diýip görüň.
indem "Edebiýat agşamynyň bu gezekki myhmany" diýip pauza berip, soňam "Meretmämmet Hanmämmedow" diýip görüň. haýsysy has sazlaşykly?

bu gezegem afişany oňarmadylar.
göwün üçin minus uşlük.
avatar
0
2 Pero • 22:55, 27.05.2023
:))) sizden üçlüjek alsagam bolýa-la Mango kaka

Bellikler gaty ýerlikli. Dogry düṣünip,öwrenmekde peýda bar. Afiṣaçylarymyz bu ýazgydan habar tapar diýip ullakan umyt edýäs
avatar
0
3 Мango • 01:58, 28.05.2023
adresi aşaky bölege geçiripjik, harp ýaňlyşlarynam düzedip göbermeli:
Ostrowski köçesi, Kämil bilim okuw merkezi.
Ostrowskiý köçesi, «Kämil bilim» okuw merkezi.
avatar
0
4 Мango • 02:01, 28.05.2023
hawa. niýet prikol däl. niýet öwretmek, ýöne prikolyň üsti bilen öwretmek :-)
(öz üstümizden gülüp bilmänem öwrenmeli).
avatar
0
5 Medicall • 02:13, 28.05.2023
Goşgulary gowudy Hanmämmedow aganyñ, häzir haýsy gazetdaka?!

Ogluň ýol ýitirdi, kaka,
Bolup yşgyň şermendesi.
Ýolum ugraşmady Haka,
Mynasyp däl her bendesi.

Obada karar tapmadym.
Ömrümiň alabahary.
Şol günler ýöne ýatmadym,
Küýsedim gohly şäheri.

Bilmedim, dogry etdimmi,
Aldandymmy albaýyna?
Soraga jogap tapmanmy,
Şu ömrümiň ýolboýuna?!

Başym püre-pür howsala,
Kalbym doly haýyr-engam.
Gurlup büs-bütin gowgaýa
Juda agyr eken heňňam.

Bilmedim, nämeden boldy,
Ýöremäne ýoly barka.
Dumanyň içinde galdy,
Ogluň ýol ýitirdi, kaka!

© Meretmämmet HANMÄMMEDOW
avatar
0
6 Medicall • 02:20, 28.05.2023
Durnalaram toýnuk gurmaz owazsyz,
Düşün sözlerime, “zeýrenýär”
diýme.
Ykbalyma öňki yşgym sowapdyr,
Täleýim meňzeýär tikenli sime.

Günler bäsdeş eken meniň ömrüme,
Soňsuz gussalarmyň ýylgyrmaz dişi.
Dostlar diýýä: “keýp edeli her güne”
Göwnüme ýakanok olaň bu işi.

Düşünemok, ýöne bir zady bilýän,
Iki dünýä ýeke gezek ýanara,
Azapsyz günleri azaply dünýäň
Asla indi güýç berenok damara.

Bu günlerem baky durmaz gaşyňda,
Berilenleň bary şertli ekeni.
Owadan gyzlary aýny ýaşyňda
Söýmän gezmekligem mertlik ekeni.

Oktýabr, 1991 ý.

© Meretmämmet HANMÄMMEDOW
avatar
0
7 Pero • 11:23, 29.05.2023
Bu ajap goṣgulary, aýratyn tema edip açmaly ekeniñ ayaldogan!
avatar
0
8 Pero • 11:24, 29.05.2023
Duṣuṣykdan habar bererler-ä hernä?! Garaṣýas.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202