Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:36
Ejeme hat
Ejeme hat

Sergeý Ýesenin

Sen heniz dirimiñ meniñ garryjam?
Meñ janym sag. Saña köp dogaý salam!
Ýagty bolsun agşamara elmydam
Ähli zatdan eziz çaklañja külbäñ.

Hat alýan: hiç kime bildirmän syryñ,
Meni ýatlap çuññur gaýga batypsyñ.
Egniñden çykarman şylha ýeñsiziñ,
Her gün meñ ýoluma gözüñ dikipsiñ.

Agşamlaryñ göm-gök ümüş-tamşynda
Gözleriñe şol bir waka görünýär—
Kimdir biri meýhananyñ urşunda
Fin hanjary bilen maña sürünýär.

Aýby ýok ezizim! Rahatlan az-kem.
Seni basmarlaýar agyr was-wasy.
Şeraba beremok men bütin erkim;
Seni görmän ölmen, dik bolsa başym.

Saña bolan mährim gowzanok heniz
Şol bir arzuw meniñ serimde her wagt.
Howsalaly gamdan boşap tizden-tiz
Öýmüze dolansam—maña uly bagt.

Bahar gelip, çuw ak bolanda bagyñ,
Öye dolanmakdy meniñ hyýalym.
Ýöne, oýarmagyn dañ atan çagy,
Sekiz ýyl mundan öñ oýarşyñ ýaly.

Oýarma meñ paşmadyk arzuwlarymy,
Geçmişimi sökmäge höwesim gaçdy.
Juda ir ýitgini hem argynlygy
Agyr durmuş meniñ gerdenme atdy.

Doga hem öwretme, almaz ýüregim, —
Öñki durmuşyma dolanyp bilmen.
Sensiñ bar begenjim hem-de diregim,
Ruhum belent mydam señ nuruñ bilen.

Indiden beýläk bir düşme howsala,
Şähdiñ açyk bolsun seniñ, mensizem.
Günsaýyn tiz-tizden çykmagyn ýola,
Egniñe atyp şol şylhaja ýeñsiziñ!

Rus dilinden terjime eden Kakajan Balkanow

Сергей Есенин

Письмо матери

Ты жива еще, моя старушка?
Жив и я. Привет тебе, привет!
Пусть струится над твоей избушкой
Тот вечерний несказанный свет.

Пишут мне, что ты, тая тревогу,
Загрустила шибко обо мне,
Что ты часто ходишь на дорогу
В старомодном ветхом шушуне.

И тебе в вечернем синем мраке
Часто видится одно и то ж:
Будто кто-то мне в кабацкой драке
Саданул под сердце финский нож.

Ничего родная! Успокойся.
Это только тягостная бредь.
Не такой уж горький я пропойца,
Чтоб, тебя невидя, умереть.

Я по-прежнему такой же нежный
И мечтаю только лишь о том,
Чтоб скорее от тоски мятежной
Воротиться в низенький наш дом.

Я вернусь когда раскинет ветви
По-весеннему наш белый сад.
Только ты меня уж на рассвете
Не буди, как восемь лет назад.

Не буди того, что отмечталось,
Не волнуй того, что не сбылось,—
Слишком раннюю утрату и усталость
Испытать мне в жизни привелось.

И молиться не учи меня. Не надо!
К старому возврата больше нет.
Ты одна мне помощь и отрада,
Ты одна мне несказанный свет.

Так забудь же про свою тревогу,
Не грусти так шибко обо мне.
Не ходи так часто на дорогу
В старомодном ветхом шушуне.

1924 г.
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 135 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Сергей Есенин | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
0
1 Мango • 22:24, 01.05.2023
Hat alýan: hiç kime bildirmän syryñ,
Meni ýatlap çuññur gaýga batypsyñ.
Egniñden çykarman şylha ýeñsiziñ,
Her gün meñ ýoluma gözüñ dikipsiñ.

"hat alýan" bolsa "batypsyň, dikipsiň" däl-de bolmanda "batýarmyň, dikýärmiň?" bolmaly ýaly.

Hat alýan: hiç kime bildirmän syryñ,
Meni ýatlap çuññur gaýga batýarmyň?
Egniñden çykarman şylha ýeñsiziñ,
Her gün meñ ýoluma gözüñ dikýärmiň?

***
Doga hem öwretme, almaz ýüregim, —

Atamyrat aganyň "çokunmany öwretme" diýip alany has ýerine düşen ýaly.

Gowy synanyşyk.
üstünlikler.
avatar
0
2 Мango • 22:26, 01.05.2023
teg ýatdan çykypdyr.
avatar
0
3 Балканов • 23:38, 01.05.2023
Ýesenin "hat alýan", "batypsyň", "dikipsiň" işlikleri dowamly öten zamanyna degişli. Ejesinden gelýän hatlarda şahyra ejesiniň hal-ahwalyny üçünji kişi habar berýär. Siziň teklip berýän wariantyňyzda şahyr ejesine "şeýlemi?" ("batýarmyň?", "dikýärmiň?") diýip, hatyň eýesine şübheli sorag bilen ýüzlenýär. Rus dilindäki nusgasynda (eger-de Siz rus diline düşünýän bolsaňyz) şahyr ejesiniň ogly hakyndaky kalbyndaky gaýgy-hasratlaryny basyp ýatyrjak bolup, öýüne sygman zol-zol daş çykýar. Bu howsala enäniň balasyny öz gözleri bilen görmese köşeşenok we biynjalyk enäniň gamly gözleri gije-gündiz oglunyň giden ýoluna dikilen, onuň ýüregi diňe oguljygyny bagryna basansoň köşeşer, onýança onuň ahy kemelmez, dowam eder.
"И молиться не учи меня. Не надо!". Isa pygamberiň ymmaty ybadat edende çokunýarlar (çokunmak--креститься). Goşgyda "молитсья" (несовершенный глагол) sözüniň manysyny "hudaýa sena etmek, sygynmak", "doga okamak", "ybadat etmek", "çokunmak" ýaly manylaryny teswir etmekligi şahyr okyjynyň öz ygtyýaryna goýýar. Halypa şahyrymyz Atamyrat Atabaýewiň getiren "çokunmak" sözi hem örän takyk
avatar
0
4 Балканов • 23:41, 01.05.2023
Siz moderatormy? Tege bellik edersiňiz diýip umyt edýärin.
Sag boluň, minnetdar.
avatar
0
5 Мango • 23:47, 01.05.2023
ýok. moderator däl.
ýöne, unudylaýýar şol tegler.
men ýatlatdym. adminler düzeder.
avatar
0
6 Nurdаn • 00:00, 02.05.2023
@Balkanow, awtoryñ at familýasy eseriñ ýokarsynda goýulman tega salynýa diýip teswir ýerdede şahsdada düşündirdim size. Näme üçindir saýtyñ düzgünine dãl-de "õz pikiriñizde" galjakdygyñyzy ýazypsyñyz.

Posty näçe düzetsemem ýene öñki hereketiñizi gaýtalaýañyz.
Posty düzetmek üçin moderator bolmak hökman däl, her awtoryñ özi öz zadyny düzetmäge mümkinçilik döredilen. Açylan postuñ kemçiliginem, dogrylygynam postuñ daşyndan okan her okyjy hem bilip bilýär.

Her kim açan postuny başardygyndan düzedip goýsa maña uly kömek şolam. Gaýrat ediñ, beýle kyn zadam däl.
avatar
0
7 Мango • 00:00, 02.05.2023
Hat alýan: hiç kime bildirmän syryñ,
Meni ýatlap çuññur gaýga batypsyñ.
Egniñden çykarman şylha ýeñsiziñ,
Her gün meñ ýoluma gözüñ dikipsiñ.

hat alýan (ýazýarlar maňa): ...meni ýatlap gaýga batýanyň, ...her gün meň ýoluma gözüň dikýäniň... meniň pikirimçe şeýle has düşnükli.

emma, Hat alýan: ...Meni ýatlap gaýga batypsyñ, ...Her gün meñ ýoluma gözüñ dikipsiñ.

gaýga batanyny bilenok, görenok (elbet duýýandyr), diňe gaýga batýanyny hat üsti bilen habar berýärler, ýatladýalar.... şol sebäpli "gaýga batypsyň" diýmez, "gaýgy edýäňmi (gaýga batýaňmy)?" (aýtdylar gaýga batýanyň...) diýermikä diýýän.

ýok. öz pikirimde galýan Kakajan aga.
avatar
0
8 Балканов • 07:28, 03.05.2023
"Каждый имеет право высказать свое мнение в воздух"
Ф. М. Достоевский
****
"Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça-da filosofiýa bardyr"
"Şükür bagşy"filminden.
***
Я уважаю чужое мнение, но не заблуждение. Оставайтесь в своем мнении. Почитайте другие стихи Есенина и попытайтесь переводить их на туркменский язык, тогда еще больше познаете поэта.
Спасибо.
avatar
0
9 Балканов • 07:51, 03.05.2023
Salam Admin! Maňa dogry düşüniň, "Öz pikirimde galjak" jümle saýtyň garşysyna gitmegi we özümçe hereket etmegi añladanok. Siziň garşyňyza gitmek niýetimem ýok.
Men-å indi näme etjegimi bilemok. Düzetsem "bulaşdyrýaňyz" diýýäňiz, birde-de:"özüňiz düzediň" diýýäňiz. Meniň şu saýtda post goýmakda tejribäm ýok, şol sebäpli säwlik gidip, ikimiziň birek-birege düşünişmezlige eltýär, şonuň üçin meni bagyşlaň we postdaky ýalňyşlyklary özüňiz düzedersiňiz diýip umyt edýän.
Sag boluň, minnetdar.
avatar
0
10 Parahat6499 • 20:58, 03.05.2023
EJEME HAT
Diri gezip ýörmüň, garryja enem?
Menem diri, saňa ýollaýan salam.
Goý seniň şol garyp külbäň üstüne
Aý şuglasyn saçyp dursun elmydam.

Maňa hat ýazýarlar düşüp howsala,
Meni küýsäp gezýärmişiň gussaly.
Her gün ýola çykýarmyşyň zowzalap,
Egne geýip sary giden possuny.

Agşam düşse mawy gijäň tümünde
Eýmenç düýşler seň beýniňi çokýarmyş.
Kimdir biri meýhananyň jeňinde
Meň ýüregme fin hanjaryn sokýarmyş.

Rahatlan, ezizim, gamlanma, käbäm,
Aýyr serden beýle agyr hyýaly.
Men juda bir köçä zyňylan däl-ä,
Seni görmän ölüp gidäýer ýaly.

Henizlerem öňkim ýaly näzik men,
Hemem arzuw edýän şol bir zat hakda:
Göwnüm - gamdan dynyp, duman içinden
Çykyp basym garyp külbä barmakda.

Bararyn tupany sowulyp gyşyň,
Bahar baglar gülden geýende ak don.
Şonda meni, senden ýeke haýyşym:
Sekiz ýyl öňkiň deý oýarma daňdan.

Uklan arzuwlarmy oýarma serde,
Goý, şonlugna galsyn paşmadyk hyýal.
Juda ir uçradym tükenmez derde,
Ýitirdim, ýadadym, keç boldy ykbal.

Hem öwretme çokunmany, gerek däl,
Ýokdur asla geçen günleň gaýdymy
Sen ýeke-täk şatlygym sen ýürekde,
Sen ýeke-täk aýdylmadyk aýdymym.

Ýatdan çykar howsalaňy, gussaňy,
Hem delminip bakma saga-sollara.
Egne geýip sary giden possuny,
Meni idäp çykyp durma ýollara.

Terjime eden:Atamyrat ATABAÝEW
avatar
0
11 Parahat6499 • 21:01, 03.05.2023
a
avatar

Старая форма входа
Total users: 202