Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:12
Ene dilim

ENE DILIM

Ýüregimde dilçi bolmak arzuwym,
Dilimde sözleriň ählijesi jem.
Ýaşa sen, ýaşa sen, eý, ene dilim,
Ýaşa sen, şol dili öwreden ejem.

Dolduryp ylhamyň pyýalasyny,
Meýlise başlara bolupdyr bir çen.
Ýaşa sen, ýaşa sen, eý, ene dilim.
Ýaşa sen, şol dili öwreden ejem.

Daga-ha bag diýip, baga dag diýip,
Ýalňyşan günlerim deňimden ötdi.
Emma geçen günlem geljegim üçin
Gundagyn açmadyk duýgy döretdi.

Azaşan gussamy ýürekden sowrup,
Oň deregne jemläp sözleriň baryn.
Eziz ejem, seň öwreden diliňde
Bu gün bilişimçe goşgy ýazýaryn.

© Seýran SEÝITMÄMMEDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 75 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Seýran Seýitmämmedow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 12:26, 19.08.2024
Daga-ha bag diýip, baga dag diýip,
Ýalňyşan günlerim...

harp ýalňyşyň gürrüňi bolmaly.
edil dagy bag, bagy dagdyr öýdüp bolmaz-la..

men ete "etjik" diýip ýaňlyşýadym...
soň düşündirdiler.
indi etjige "et" diýýän... :-)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203