12:31 "Sen hakda aýdaryn.." | |
"SEN HAKDA AÝDARYN.." Biljek ömri juda artyk söýüp-de, Berseň eger özüň bilen çuň ykbal. Hyýallaryň Ewerest deý beýikde, Gözleriňde Marian ýaly çuňluk bar. Ekwator deý guşak bolsam biliňe, Demirgazyk polýusyňda gar bolsam. Inkär etmen hyýallaryň birinem, Ýer şarynyň bir ýerinde bar bolsam. Nazarym düýbüne degenem däldir, Labyr bolup gözleriňe gaçanda. Meň begenşim ýaly begenen däldir, Hatda Kolumb Amerikany açanda. Magellan daşyny aýlanyp Ýeriň, Açan bolsa onuň togalaklygyn. A men täk daşyňdan aýlanyp seniň, Aýdyp ýörün sen deý gyzyň ýoklugyn. Eý, meniň zeminim, asmana seret, Gujagyňa damja bolup gaýdýan men. ...Sen deý gyz ýok diýip aýtmaga derek, Dünýäde seň bardygyňy aýdýan men. © Seýran SEÝITMÄMMEDOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |