Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:31
Ertekiler 1

TYGŞYTLYLYK

Daýhan bilen garynja tygşytlylyk barada jedel edipdirler. Garynja özüniň ýekeje bugdaý dänesi bilen bir ýyllap oňňut edip biljekdigini aýdypdyr.

Muny barlap görmegi karar edipdirler. Daýhan garynjany bir kiçijik küýzä salypdyr, ol ýere bir bir bugdaý dänesini hem goýupdyr-da, küýzejigiň agzyny berk dykypdyr.

Bir ýyl geçipdir, daýhan garynjany ýadyndan çykarypdyr. Ýene bir ýyl geçenden soň tötänden garynja onuň ýadyna düşäýipdir. Küýzäni tapyp, dykysyny açyp görse, hälki garynja onuň erňegine ýarmaşyp, sag-aman çykyp gelýärmiş.

‒ Bäh, sen henizem dirim-aý, garynja? Bir däne bilen bir ýyl ýaşajagyň barada jedel edipdik, sen bolsa iki ýyllap ýaşapsyň! – diýip, daýhan geň galypdyr.

‒ Men ätiýaçlyk üçin şol dänäni hem ikä böldüm. Bir bölegini birinji ýyl iýdim, beýlekisini ikinji ýyl iýdim ‒ diýip, garynja düşündiripdir.

Kiçijik garynjanyň beýle ätiýaçlylygyna we tygşytlylygyna daýhan telpek goýupdyr.

ARZYLY MAKSAT

Bahar möwsümi gelse-de, howa sowukdy. Çapgyn çygly şemal agaçlaryň ýalaňaç pudaklaryny daraýardy.

Ülje agajynyň üstünde oturan bir süri serçeler daragtyň sütünine dyrmaşyp gelýän ulitkany gördüler. Ol ýaňy ýerden bir garyş ýokary çykypdy. Näçe gybyrdasa-da, her gün bir barmak boýy ýol hem öndürmeýän bu janaweriň asla ýöreýändigi hem bildirenokdy, bir duran ýerinde duran ýalydy.

Gaýly howada ýeleklerini hüžžerdip, keýpsiz oturan bikär serçeler ulitkanyň üstünden gülüp hezil etmek üçin onuň töweregine ýygnandylar.

‒ Nirä barýaň, ýolagçy? ‒ diýip, olaryň biri sorady.

‒ Agajyň başyna ‒ diýip, ulitka ýüzüni galdyrman, ýokary dyzap durşuna jogap berdi.

Serçeler ganatlary bilen içlerini tutup, ala wakyrda berdiler.

‒ Näme üçin? ‒ diýip, serçeleriň biri gyzyklandy.

‒ Ülje iýmäge ‒ diýip, öz arzyly maksadyna tarap erjellik bilen deprenýän ulitka jogap berdi.

Serçeler jykyr-jykyr gülüp, kese ýykyldylar. Olaryň biri gülküden gözüni ýaşardyp habar berdi:

‒ Ol ýerde ülje ýog-a, körpeje...

‒ Häzir ýokdur ‒ diýip, olary piňine-de alman, öz ýoluna ýörmeleýän ulitka giňlik bilen jogap berdi ‒ Men baranymda bolar.

Bu aýgytly we dogumly jogaby eşiden serçeleriň gülküleri sem boldy.


ENE SESI

Injir agajynyň şahasynda höwürtge tutan bir ene guş ol ýerde ýumurtga basmaga taýýarlanýardy. Ýumurtgalar taýyndy, jüýje çykýança höwürtgede oturmak üçin ýeterlik iýmit hem jemlänipdi.

Bagzarlygyň beýleki çetindäki zeýtun agajynda onuň jorasy höwürtge tutunyp ýaşaýardy. Ol ene guş hem häzir ýumurtga basmaga taýýarlanýardy. Ýumurtga basylýan döwürde iki ene guşa biri-birini görmek ýokdy. Şonuň üçinem injirdäki guş ilki zeýtundaky jorasy bilen görşüp, hoşlaşyp gaýtmagy ýüregine düwdi.

Ol baryp görse zeýtundaky jorasy höwürtgesinde ýokdy. Ol iýmit taýýarlygyny entek tamamlaman, şonuň ugrunda pelasaň urup ýördi. “Oňa derek munuň ýumurtgasy meniňkiden has kän eken – diýip, injirde ýaşaýan guş pikir etdi ‒ Meniň ýumurtgam kemräk ýaly.” Şeýdibem, ol jorasynyň ýoklugyndan peýdalanyp, onuň bir ýumurtgasyny ogurlap gaýtdy. Getirip, özüniňkilere goşdy.

Günler geçip, guşlaryň höwürtgesinde gyzyletene jüýjeler peýda boldy. Mydama agyzlaryny giňden açyp, iýmit soraýan işdämen balalaryny naharlamak bilen başagaý ene guşlaryň biri-biriniňkä görme-görüşe gelmäge hem wagtlary ýokdy. Olar diňe käte ýolda-yzda duşup söhbet edýärdiler.

Basym jüýjeler ese-boýa galyp, ganatlary bekedi. Olar höwürtgeden çykyp, agajyň üstünde perwaz urmagy öwrendiler.

Bir gün zeýtun agajynda ýaşaýan ene guş çagalaryna şeýle diýdi:

‒ Indi siz bagzarlygyň üstünde uçup, bir sapar öwrüm edip geliň! Aňry çetdäki injiriň üstünde meniň bir joram bardyr, şoňa salam berip gaýdyň.

Onuň çagalary begenişip, uçup gitdiler. Injir agajynyň üstünden geçenlerinde, asmanda pel-pelläp, ol ýerdäki ene guşa we çagalaryna salam berdiler. Soň olaryň barysy toplumyny bozman, şatlyk bilen öz höwürtgelerine gaýdyp geldiler.

Olaryň salamyna gykuwlap jogap beren injirdäki ene guş öz çagalaryna şeýle diýdi:

‒ Balalarym, indi sizem şolaryňky ýaly aýlaw edip geliň! Zeýtunyň üstünden geçeniňizde ol ýerdäki daýzaňyza salam bermegi unutmaň.

Olar şeýle hem etdiler. Emma biraz wagtdan höwürtgelerine bagtyýar dolanyp gelen çaga guşlaryň içinde biri kemdi. Ol zeýtundaky ene guşuň sesini eşiden badyna doganlaryndan saýlanyp, aşak inipdi. Zeýtundaky höwürtgä girip, ol ýerdäki maşgala goşulypdy.

Howa, ol şol ogurlanan ýumurtgadan çykan jüýjedi. Hakyky enesiniň sesini ýeke gezek eşidende, oňa bar zady unutdyran, ony öz ezizleriniň arasyna dartyp alan hem şol mähriban sesdäki jadyly güýçdi.
Bölümler: Çagalar edebiyaty | Görülen: 127 | Mowzugy paýlaşan: Ýaran_Ýagmyr_99 | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 13
avatar
0
1 Medicall • 02:51, 23.11.2023
Garynjaly tymsalda ".. mura gulak goý" setirleri ýadyma düşdi.
Diýseñ manyly ertekiler, sagboluñ!
avatar
0
2 Ýaran_Ýagmyr_99 • 10:17, 23.11.2023
OK
avatar
0
3 Мango • 12:02, 23.11.2023
gowy ertekiler.
öz eseriňizmi, Ýaran kaka?
näme üçin "улитка" - balykgulak bolmadyka?
(sözlükde ikisnem berlen eken...)
avatar
0
4 Ýaran_Ýagmyr_99 • 13:05, 23.11.2023
Ýok, öz eserlerim däl.

Howa, sozlükde "balykgulak" diýýän eken, ýöne öňürti "ilitka", soňra "balykgulak" wariant hökmünde gelýär. "Balykgulagyň" bolsa rusça we iňlisçe garşylygy "mollýusk". "Mollýusk" diýip bolsa jandar ýok, ol birtopar görnüşleri öz içine alýan родовое понятие. Мollýusklaryň (balykgulaklaryň) görnüşleri kän. Köpüsi suwda ýaşaýar.

Men, meselem, bir terjime eden ertekimde içinde dür ýetişýän, iki gabsaly dür balykgulagyny (oňa "sadap" diýilýär) "balykgulak" diýip aldym. Emma ulitka balykgulaklara degişli bolsa-da, ol çemenlikde ýaşaýan aýratyn bir jandar. Oňa hiç bir dilde balykgulak (mollýusk) diýmeýär öýdýän, ýöne mollýusklara degişli hasap edilýär. Diýmek, ulitka öz ady gerek. Ýogsam, zoologiýa sapagynda "balykgulaklar" diýip bir ders berseňiz (esasan deňiz balykgulaklary hakynda), soň ulitka hem "balykgulak" diýseňiz, nähili bolar? "Balyklar" diýen dürli baýlyklary görkezýän shemaly suratyň içinde çapagyň aşagynda ýene "balyk" diýip ýazylan ýaly bolar.

Men öň bir terjimämde ulitka "sümmük" diýdim. "Sümük" diýse-de bolardy. "Gabygyna sümegen" manyda.

Sözlükleriň, elbetde, peýdasy kändir, emma men ylaýta-da türkmen sözlüklerine kän bil baglamok. Olar biziň öz bilýänlerimiz-ä ýazýarlar, kellagyryly zatlary ýazman goýaýýarlar. Meselem, "rus-türkmen" sözlüginde ýaňky ýaly ynamsyzrak bolsa-da garaz ýazypdyrlar (öz bilýänimizi), emma ol ýerde ilkinji wariant "ulitka" diýip ýazylsa-da, "Düşündirişli sözlüge "ulitkany" salman goýaýypdyrlar. Kellagyry kime gerek? "Balykgulagy" salypdyrlar, oňa hem halkara sözlükdäki kesgitlemesini göçürip. Emma, aýdyşym ýaly, umumy düşünje hökmünde mollýuskLAR bar, BIR mollýusk bolsa mollýusk diýip atlandyrylmaýar, ol "ustrisa", "midiýa", "kalmar", "ulitka" ýa ýene bir bela-gör diýip atlandyrylýar. Emma türkmen sözlükçileri "ulitkany" sözlüge sokmazlar, emma ýerine-de söz goýmazlar, çünki olar "köp bilýär-ä". Bularymy, bulary... [:-(}
avatar
0
5 Medicall • 13:14, 23.11.2023
Ýaran Ýagmyr, eger eser öz döredijiligiñize degişli däl bolsa, onda ony talaplara görä öz teg-iñzden aýyraýyñ, sebäbi terjime size degişlu bolsada awtor siz däl bolýandygyñyza bizlerden gowy düşünýänsiñiz, şonuñ üçinem gõwne almaşak ýokdur bu aýdanymy :)))
avatar
0
6 Ýaran_Ýagmyr_99 • 13:16, 23.11.2023
OK
avatar
0
7 Küle • 16:53, 23.11.2023
Garynjaly tymsalyñ esasy bolegi kesilipdir.
avatar
0
8 Küle • 18:09, 23.11.2023
Kabul etmejegiňizi belli ýöne ulitka suwöküz diýileninem eşidipdim.
Ýeri gelende kiçijek möjejige bir sözlemlik "okaraňy getirseň-ä süýt bererdim" ýaly aç eşege ýük atlara derek "meneklije, menejik, almenek, altyngözlije" ýaly görnüşde tutulanynam eşitdim
avatar
0
9 Ýaran_Ýagmyr_99 • 18:48, 23.11.2023
"Okaraňy getir - süýt bereýine" resmi dilde "kekene" diýilýär.

"Золотоглазка" teneçiriň örän nepis bir görnüşi, kekenä orsçada "божья коровка" diýilýär.
avatar
0
10 Küle • 19:38, 23.11.2023
божья коровка - 1) okaraňy getir süýt bereýin 2) nalajedeýin adam. meni urany hudaý ursun adam
Sözlükden
avatar
0
11 Pero • 15:48, 24.11.2023
Enem atam pahyr dagy kekene diýerdiler,emma biz eṣege ýüklük jümläni aýdyp ulaldyk. Kiçikäk ony görenimizde:"eeeýý,okarañy getir süýt bereýin!" diyip begençli seslenerdik. Häzir çagalar,hatda köp ulularam kekene diýseñ düṣünenok ekenler.
avatar
0
12 Küle • 15:58, 24.11.2023
Hazirki çagalar gynansakda bular ýaly möjejikler begenerden ha gözgyny ýagdaýda.
avatar
0
13 Pero • 16:20, 24.11.2023
Hakyky, öñ bir mugallymyñ jany ýanyp aýdan jümlesi:"Bu wagtky adamlañ geñ galyjylyk duýgusy ölen. Olary hiç bir zat bilen haýran galdyryp bolmaýar. Sebäbi olar eýýäm hemme zady bilýär,ylmyñ soñuna çykypdyrlar."
avatar

Старая форма входа
Total users: 203