18:16 Taňry bolmak islän awtobus sürüjisi | |
Bu – gijä galan ýolagçylara gapysyny açmaýan awtobus sürüjisiniň kyssasy. Sürüji hiç kime gapysyny açmaz. Ne awtobusyň ýany bilen ylgap, oňa naýynjar delmurýan mekdep okuwçylaryna, ne wagtynda gelselerem bar günä sürüjide ýaly gapyny döwere getirýän ganygyzmalara, ne-de harytdan doly goňras kagyz haltalaryny hykgaşlap, saňňyldap duran ellerini kynlyk bilen galgadýan kempirlere. Muny içigaralykdan edenok, jinnek ýalyjak bet niýeti ýok. Onuň özüne görä prinsipleri bar. Ýagny, eger-de bir adam ýarym minut gijä galsa, ol awtobusa ýetişmez hem ömrüniň çärýek sagadyny indiki awtobusa garaşmaga sarp eder. Bu bolsa, awtobusyň içindäki giden mähelläň ömründen ýarym minudy kemmekden has adalatly. Aýdaly awtobusda hiç kime erbetlik etmedik altmyş sany adam bar diýsek, netijede olaryň ählisiniň ýitirýän ýarym minudyny jemlesek, ýarym sagat boljak. Çärýek sagatdan iki esse köp. Sürüjiniň, gijä galanlara gapysyny açmazlygynyň ýeke-täk sebäbem şol. Ýolagçylaryňam, awtobusy saklamaga synanşýanlaryňam bu zatlar hakda çigit ýalyja-da biliginiň ýokdugyndan ol habarly. Adamkärçilik edip, saklanyp ýetişmeýänlerem mündirmek, olaryň ýylgyryşlaryny görmek, minnetdarlygyny almagy olam bilmän duranok. Ýöne tereziň bir pellesinde minnetdarlyk, beýlekisinde jemgyýetiň bähbidi durka, ol ýaýdanman ikinji tarapy saýlar. Bu sörüjiniň destinden iň köp ejir çekýän ýigidiň adyna Eddi diýýäler. Ol, beýlekilerden tapawutlylykda, awtobusyň yzyndan ylgardan, saklamaga çytraşardan, has ýalta hem göwniçökgün. Eddi, samsyk başlygynyň gowy görýän söz oýny bilen baglanşykly ady göterýän “Çaltgyn” kafe-barynda, aşpeziň kömekçisi bolup işleýär. Bu ýeriň naharlary gaty bir datly bolmasa-da, Eddi, taýýarlan tagamyndan göwnine gunt düşmedik ýagdaýynda, tabagy özi getirip, müşderiden ötünç sorap bilýän derejede sypaýy ýigit. Şeýle günleň birinde, ötünç soramak üçin müşderisiniň ýanyna gelende, ol öz bagtyna, iň azyndan bagtly bolmak mümkinçiligine sataşdy. Bu mümkinçilik, işdäsiniň almaýandygyna garamazdan, öňünde goýulan rostbif tagmyny Eddini ynjytmazlyk üçin soňuna çenli iýmäge çalyşýan arassa ýürekli gyzdy. Gyz adyny telefon belgisini aýtmasa-da, akgöwünliginden, onuň bilen ertir sagat bäşde, belleşilen ýerde – has takyk aýtmaly bolsa, Delfinariýada duşuşmaga razylyk berdi. Eddi, ýolugan derdi zerarly durmuşda gaty köp zatdan galýar. Mäzleriň çişmegi ýa-da şolar ýaly çynlakaý zat bolmasa-da, ol bu keselden ýaňa ejir ýamanyy çekýärdi. Ýagny, ol hemişe turmaly wagtyndan on minut giç oýanýar. Hiç bir sagat jaňlary muňa kär edip bilenok. Keseli hem jemgyýetiň bähbidini öz etsem-pessemlerinden üstün goýýan sürüjimiz sebäpli, Eddi “Çaltgyna” hemişe gijä galyp gelmeli bolýar. Ýöne bu gezek gürrüňiň bagt hakda gidýänligi üçin, ol, gündiz uklamagy karar edip, telewizory açdy. Ähtimallyklaryň öňüni almak üçin, bir däl üç sany oýaryjyny gurdy hem jaň edip turuzmaklaryny sargady. Ýöne bu kesele hiç hili çäre bolmansoň, körpejeler üçin gepleşige tomaşa edýän Eddi, çaga ýaly uklap galdy. Müňlerçe gezek jyrlan sagadyň jyrçy sesine, gara dere batyp, on minut giç oýandy. Eddi eşiklerinem çalşyrman, göni awtobus bekedine eňdi. Tasdan, ylgamagyň nämedigini bir çak unudan aýaklaryna çolaşyp, ýere ýazylypdy. Ol soňky gezek, megerem altynjy synpda bolsa gerek, bedenterbiýe sapagyndan gaçanda ylgandyr. Bu gezek ýitirmäge zady barlygy sebäpli, has yhlasly ylgaýardy. Kükregindäki agyra, haşşylda garamazdan, bagtyna gowuşjagy gara-çyny. Häzir oňa öz wagtynda gapylaryny ýapyp, duralgadan ugran sürijimizden başga hiç zadyň ähmiýeti ýok. Ol aýnadan Eddini gördi, ýöne bilişimiz ýaly, onuň öz prinsipleri bar. Arifmetika hem adalata daýanýan mantykly prinsip. Bu arifmetika Eddiniň piňine-de däl. Ömründe ýeke gezek, ol, barmaly ýerine hökman ýetişäýmelidigini anyk bilýändigi üçin, umydyny ýitirmän, jan-jähti bilen awtobusyň yzyndan ylgady. Oslanmadyk ýerden bagt Eddä ýylgyryp bakdy, ýöne erniniň bir çetinde: awtobusyň geçmegine bir dem galanda, duralgadan ýüz metr çemesi uzaklykdaky swetoforyň gözi gyzardy. Eddi awtobusyň yzyndan ýetdi-de, zordan sürüjiniň gapysynyň deňine bardy. Gapyň aýnasyny kakmady, muňa ysgynam ýokdy. Oňa derek ol çygjaran gözleri bilen sürijä seretdi-de haşlap özüni ýere goýberdi. Bu ýagdaý sürüjä heniz süriji bolmagy däl-de, Taňry bolmagy arzuwlan döwrüni ýatlatdy. Bu ýatlama örän gussaly, sebäbi ol Hudaý bolup bilmedi, ýöne şol bir wagtda örän şadyýan, sebäbi ol awtobus sürijisi bolmagy başarypdy. Bu onyň tüýs ýürekden höwes eden zatlarynyň ikinjisidi. Şol purssat, sürüji, eger Hudaý bolsa, mähirli hem rehim-şepagatly bolmaga, öz ýaradan her bir ynsanu-mahlukatyny diňlemäge söz berendigini ýatlady. Şonuň üçinem ýokardan, sürüjiniň kürsüsinden asfaltyň üstünde dyza çöküp oturan Eddini görüp, özüniň prinsipine hem arifmetikasyna garamazdan, oňa gapyny açman bilmedi. Eddi içerik girip, oňa “Taňryýalkasyn” aýtmaga-da demi ýetmän bilmän yza okduryldy. Okyjy üçin hekaýa hut şu ýerde tamamlansa gowy boljak. Sebäbi, Eddiň delfinariýa wagtynda gelenligine garamazdan “bagtdan” derek ýok. Onuň eýýäm sulhy alyşýany bardy. Ýöne akgöwünliginden hem Eddini ynjytmaga dözmän ol bu hakda oňa dil ýaryp bilmedi. Şonuň üçinem, ol ýigidi aldap oňaýdy. Eddi belleşilen ýerde iki sagada golaý garaşdy. Otyrka ol her dürli gussaly pikirlere batdy, nobatdaky güni sag-aman tamamlan Güneşiň ýuwaşlyk bilen alagaraňkylyga siňip gidişini synlady hem özünde bolup biläýjek galdyrama hakda pikirlendi. Tiziräk öýe ýetmek islegi bilen yzyna gaýdyp gelýärkä, ol uzakdan, duralgada ýolagçylary mündürip duran hälki awtobusy gördi. Ylgamaga güýji bolaýanda-da ýetişmejegini bilensoň, ol her ädimde ýadawlykdan ýaňa saňňyldap duran müňlerçe çiginleriniň yzasy bilen, howlukman ýöräp gaýtdy. Sürüji bolsa, ýolagçylaryň nägileligine, mydyrdylaryna garamazdan Eddi awtobusa münýänçä garaşdy hem ol ykjamja ornaşýança gazyň pedalyna aýagynam degirmedi. Ugralandan soň bolsa, aýnadan Eddä duýgudaşlyk bilen garady. Bu bolsa, şunça gürrüň üçin hiç neneň jemleme-de däl. © Etgar KERET © Terjime eden: Umyt KÜLE | |
|
Ähli teswirler: 9 | |
| |