Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:53
Ýegre dostum

ÝEGRE DOSTUM
hekaýa

Ýegre dostum gije gapyma buşukdy. Men liftsiz jaýda, dördünji gatda, kireýine ýaşaýan. Käte bu işi köpekler çäklerini belläp, beýleki itleri getirmezlik üçin edýär. Ýöne ol – it däl, ol – jana-jan dostum. Hem-de, bu onuň mülki däl, öýümiň işigi.

Mundan birnäçe minut öň naýbaşy dostum awtobusa garaşýardy. Ol näme etjegini bilmeýärdi. Ýöne, az-mazdan peşewhaltasy ondan üstün çykmaga başlady. Ol garşylyk görkezmäge synanýardy, awtobusyň sähel salymdan geljekdigini özüne ýatladýardy, şeýdibem on minutdan gowrak çydapdy. Birdenem, meniň – özüniň ýegre dostunyň – duralgadan birnäçe ýüz metrlikde, Zamengof köçesi 14-de, liftsiz jaýyň dördünji gatynda, kireýine ýaşaýandygym ýadyna düşüpdir. Ol duralgadan gaýdyp, öýüme ýönelipdir. Özem gadam urubam däl-de, ýarym ylgap. Soň bolsa başbitin ylgamaga başlapdyr. Ädimsaýam, oňa saklanmak barha kynlaşypdyr, ol eýýäm haýsam bolsa bir howla sowlup, diwara, agaja ýa-da gaz ballonyna buşugmagyň kül-külüne düşüpdir. Bu pikir gelende, ol öýümden takmynan elli metre-de ýeter-ýetmez ekeni, şoň üçinem bu pikiri oňa birneme haýwany hem-de lellimligiň örän uly aňlatmasy bolup görnüpdir. Iň gowy dostum barada köp erbet zatlary aýtmak bolar, ýöne ol – nalajedeýin däl. Şol sebäpli-de ol, peşewhaltasy meşik ýaly çişip, sähelçeden ýaryljak bolýanyna seretmezden, ýene elli metri süýrenip geçipdir-de dört gat ýokarylygyna galypdyr.

Ahyrsoňy öýüme ýetensoň, gapymy kakypdyr. Soň jaňyny basypdyr. Ýene kakypdyr. Batly. Men öýde ýok ekenim. Hut şol pursat, men, onuň iň gowy dosty, oňa şeýle gerek müddetim, haýsy-da bolsa bir paba (piwohana) gidip, duruşhanaň öňünde rahatja oturmagy, her bir ýanyma gelen joramy, öýümde özüm bilen ýatyp-turmaga yrmagy saýlap alypdyryn. Ýegre dostum, halys ruhdan düşüp, gapymyň öňünde dur, ol maňa körje umyt baglaýardy, emma şo pille eýýäm giçdi. Ol indi dört gaty aşaklygyna geçip biljek däldi. Onuň soňra başaran birje zady, diňe mäjerlenen kagyzjykda: “Bagyşla!” diýen ýazgyny galdyrmak boldy.

Şol gije öýüme gitmäge razy bolan joram, işigimiň öňündäki kölçäni görüp, muňa ökünmek ökündi. “Birinjiden,” – diýdi: – “bu ýürekbulanjy. Muňa aýagymy basmaryn. Ikinjiden, hatda süpürseňem, öýüň eýýäm bu ysa eýlendi. Üçünjidenem,” – diýip, sypaýy äheňi taşlap, üstüne goşdy: – “Eger-de naýbaşy dostuň, gapyňa buşugýan bolsa, bu näme-de bolsa bir zat barada habar berýän bolmaly”. Soňam, sähel säginip ýene aýtdy: “Sen barada”. Biraz dymybam diýdi: – “Özem beýlebir gowy zad-a däl”. Soň gitdi. “Bu,” – diýdi ol maňa: – “köpekler şeýdip öz çägini belgileýär”. Muny diýýärkä, “köpekler” diýen sözden soň azajyk säginmäni emele getirdi-de, iň gowy dostum bilen köpegiň arasynda köp umumy zadyň bardygyny habar berýän köpmanyly garaýyş bilen bakdy. Köpmanyly bakybam gitdi. Men eýwandan letdedir suwly bedre getirdim, kölçäni ýuwup-süpürip durkamam, burnuma siňdirip söweş aýdymyna hiňlenýärdim. O gyza şarpyk çalman saklanyp bilendigim üçin özüme iňňän buýsanýardym.

© Etgar KERET

Terjime: © Serdar ATAÝEW

***

Etgar KERET
Etgar Keret, 1967-nji ýylda, Ysraýylyň Tel-Awiw şäheriniň golaýyndaky Ramat-Ganada dünýä inýär. Ol edebiýat işine 1991-nji ýylda başlapdyr. Soňky ýyllarda E.Keret Tel-Awiw uniwersitetiniň ýanyndaky Kinematografiýa mekdebinde sapak berýär we teleýaýlymlar üçin komediýa ssenariýalaryny, gysgajyk hekaýalary ýazýar. E.Keret mundan başga-da birnäçe librettolaryň, operettalaryň awtory. Onuň ssenariýalary boýunça düşürilen iki sany kinofilm, birnäçe baýraklara mynasyp bolupdyr.
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 133 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Etgar Keret | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 17
avatar
1
1 Мango • 14:01, 15.01.2024
МОЙ САМЫЙ ЛУЧШИЙ ДРУГ
Перевод М.Блау

Мой самый лучший друг опИсал ночью мою дверь. Я живу на четвертом этаже в доме без лифта, на съемной квартире. Иногда это делают кобели, помечая территорию, чтобы отогнать других самцов. Но он — не собака, он — мой самый лучший друг. И, кроме того, это была не его территория, это была дверь моей квартиры.

За несколько минут до этого мой самый лучший друг ждал автобуса. Он не знал, что делать. Но понемногу его мочевой пузырь стал побеждать его. Он пытался сопротивляться, напоминал себе, что автобус должен вот-вот прийти, и продержался больше десяти минут. Вдруг он вспомнил, что я, его самый лучший друг, живу всего в нескольких сотнях метров от остановки, на улице Заменгоф, 14, на четвертом этаже в доме без лифта, на съемной квартире. Он покинул остановку и начал двигаться в направлении моей квартиры. Не совсем шагом, наполовину бегом. А потом и совсем бегом. И с каждым шагом его сдержанность становилась ему все более затруднительной, так что он уже думал войти в какой-нибудь двор и пописать там на стенку, на дерево или на газовый баллон. Когда ему в голову пришла эта мысль, он был менее, чем в пятидесяти метрах от моего дома, и мысль эта показалась ему немного скотской и очень-очень большим признаком слабости. О моем самом лучшем друге можно сказать много плохого, но он — не слабак. Так что он тащился еще пятьдесят метров, а потом поднялся еще на четыре этажа, в то время, как его мочевой пузырь продолжал раздуваться, как шар, что вот-вот должен лопнуть.

Когда он дошел, наконец, до моей квартиры, он постучал в дверь. Потом позвонил. И снова постучал. Сильно. Меня не было дома. Именно сейчас, когда я, самый лучший его друг, был так ему нужен, я предпочел пойти в какой-то паб, усесться удобно у стойки и попытаться убедить каждую входящую подругу пойти ко мне домой переспать. Мой самый лучший друг стоял у двери, отчаявшись, он слепо надеялся на меня, а сейчас было слишком поздно. Он уже не мог преодолеть эти четыре этажа вниз. Единственное, что он смог сделать потом, это написать «Прости» на помятой бумажке.

Подруга, которая согласилась пойти ко мне домой в ту ночь, раскаялась в этом, увидев у двери лужу. «Во-первых,» — сказала она — «это омерзительно. Я не наступлю на это. Во-вторых, даже если ты подотрешь это, твой дом уже пропах этим. И в третьих,» — добавила она, оставив вежливый тон, — «Если твой самый лучший друг писает тебе на дверь, это о чем-то говорит.» И после короткой паузы добавила. «О тебе». И еще немного помолчав, — «Не особенно хорошее». И ушла. Это она сказала мне, что кобели так помечают территорию. Когда она говорила это, она сделала короткую паузу после слова «кобели» и посмотрела на меня многозначительно, взглядом, который должен был сказать мне, что есть много общего между моим самым лучшим другом и кобелем. И посмотрев на меня многозначительно, она ушла. Я принес с балкона половую тряпку и ведро воды и пока мыл пол пел себе под нос боевую песню. Я был очень горд, что сумел сдержаться и не дать ей пощечину.
avatar
3
2 Rowaç • 15:47, 15.01.2024
Meniň iň gowy dostum gije meniň gapyma buşukdy.

Indi, iki meniň ikisinem sözlemden aýryp okap göreliň.
Iň gowy dostum gije gapyma buşukdy.
Üýtgeýän zat ýok ýaly. Ondan aşakdaky sözlemlerde-de şeýleräk ýagdaýda okap bolýan bolsa, goý, okalsyn, ýagny, goý, diýýänim, aýrylan ýagdaýda diýdigim.
avatar
0
3 Küle • 17:00, 15.01.2024
Gowy bellik. Keret köpsözli awtor däl.
avatar
0
4 sussupessimist • 17:22, 15.01.2024
Howwa, umuman türkmen diliniň aýratynlygy şu. Men, sen, ol-uň ornuny köplenç (gaty zerur halatlary bolaýmasa) ýöňkeme goşulmalary tutýar.
hatda adynda-da "Iň gowy dostum" edibermeli
avatar
0
5 Atsyzatly • 17:38, 15.01.2024
Hekaýa ýazmak üçin tasa getirilen waka. Rusçasyny okamadym, ýöne türkmençesinde (terjimesi gowy) biri-birini tutmaýan näsazlyklar kän. Ilki bilen wakanyň agşamam däl-de, gije başlaýanlygy. Buşukmak islemek tebigy ýagdaý, ol doly dereje adamyň erkindäki zat däl. Ony saklap bilmezlik ýa hökmany hajathana baryp buşukmazlyk "lellimlikden" ýa-da "haýwanlykdan" nyşan dälmikä diýýän. Elbetde, bu ýerde wakany janlandyrmak, intrigany artdyrmak üçin situasiýany abardýar, her näme bolsa-da daşary gijekä, senem duralgada awtobusa garaşyp durkaň, şeýle adatdan daşary ýagdaýda iň amatlysyndan peýdalanmazlyk logika çapraz gelýär. Elbetde, wakanyň soňy logika laýyk tamamlanan bolsa, hekaýa bolmazdy, şonuň üçinem hekaýadaky sužetda saklanmaly bolýar.
avatar
0
6 Atsyzatly • 17:49, 15.01.2024
" her bir ýanyma gelen joramy öýüme meniň bilen ýatyp-turmak üçin yrmagy saýlap alypdyryn"

Joramy we yrmak sözleri birhili biri-biri bilen jebisleşenok. Joraň bolsa, seni oňat tanaýan adamdyr, özüňi oňat tanaýan adam bilenem flirt edilmeýän bolaýmasa.

"diňe mäjerlenen kagyzjykda: “Bagyşla!” diýen ýazgyny galdyrmak boldy."

Näme üçin mäjerlenen kagyz? Eýýam bu temany peşewden aýyryp beýlekä geçirýän ýaly.

"ol maňa köre-kör umyt baglaýardy"

Köre-kör sözem gelişmändir. Asyl meni tanaman köre-kör umyt edýär diýen ýaly eşidilýär.

"burnuma siňdirip söweş aýdymyna hiňlenýärdim."

Burnuma salyp bolaýmasa?!

Iň gruby ýalňyşam, nädip ýekeje "Bagyşla" sözünden bu işi eden adamyň öý eýesiniň iň gowy dostudygyny gyz hem oglanam bildi?! Elbetde, Wanga gatançlary bolmadyk bolsa.
avatar
0
7 sussupessimist • 17:50, 15.01.2024
"Haçan-da" diýen sözi когда-ny terjime etjek bolan buhgalterler oýlap tapdy. Hiç hili geregi ýok.
"Haçan-da onuň kellesine bu pikir gelende..."
"Kellesine bu pikir gelende..."
avatar
1
8 Rowaç • 19:03, 15.01.2024
-da, -de niň özi şol hyzmaty ýerine ýetirýär diýjekdim welin, ýene bir zat: ýegre dost diýen negözel sözümiz bar ahyryn. @Mango, terjimäniň adyna at dakmak däl niýetim-de, häkibir teklipjik...
avatar
0
9 Мango • 19:45, 15.01.2024
teswir 8, @Rowaja.
terjime meniňki däl, adynam men dakamok ahyry, ony üýtgetmäge-de hakym ýok :-)
aýdylan, diýenleri umyt edýän terjimeçi okaýandyr.
gowy bellikler edilen eken.
avatar
0
10 Мango • 20:10, 15.01.2024
piwo baryndaky "стойкa" "duruşhana" bolupdyr... bolup bilermi? näme üçin bolmasyn?
"lellimli" ýeri täzeden seredesiňi getriýän ýaly...

"Когда ему в голову пришла эта мысль, он был менее, чем в пятидесяти метрах от моего дома, и мысль эта показалась ему немного скотской и очень-очень большим признаком слабости. О моем самом лучшем друге можно сказать много плохого, но он — не слабак."

"Haçan-da onuň kellesine bu pikir gelende, ol meniň öýümden takmynan elli metre-de ýeter-ýetmez ekeni, şonuň üçinem bu pikiri oňa birneme haýwany hem-de lellimligiň örän-örän uly aňlatmasy bolup görnüpdir. Meniň iň gowy dostum barada köp erbet zatlary aýtmak bolar, ýöne ol – lellim däl."

lellimligi pesligiň üsti bilen alynsa näderdi?
...haýwany hem-de pesligiň örän-örän uly aňlatmasy...
bilmedim welin... lellimem dogram ýaly, dälem ýaly...
avatar
0
11 Мango • 20:14, 15.01.2024
teswir 6. @Atsyzatly.
"Iň gruby ýalňyşam, nädip ýekeje "Bagyşla" sözünden bu işi eden adamyň öý eýesiniň iň gowy dostudygyny gyz hem oglanam bildi?!"
dogry sorag, ýöne muny awtordan soramaly...
ol dostunyň her eden yzyny tanaýa diýeli.... ýöne gyz ony edeniň dostudygyny bilip bilmez. :-)
avatar
0
12 sussupessimist • 20:27, 15.01.2024
yegre dost - tuys geregi!

"şonuň üçinem bu pikiri oňa birneme haýwany hem-de lellimligiň örän-örän uly aňlatmasy bolup görnüpdir..." – şu sözlemiň umuman özem sagdyn däl, originalyny bilmeseň, name diyjek bolyanyna düşünmek kyn. "haywany" däl-de, wagşylaç diymelimi, beylekinem lellimligiň örän-örän uly aňlatmasy däl-de, nalajedeyinligiň alamaty diymelimi. Garaz, üstünden geçmeli.
avatar
0
13 Мango • 20:41, 15.01.2024
Serdar Ataýewiň öz teswiri:

E.Keretiň hekaýalarynda stilistikasyny, sýužet liniýasyny saklap, klassyky usulda gowy hekaýa ýazmagy başaryşyny, tutuş hekaýaň dowamynda sözüň äheňini saklap bilşini haladym. Birhili, Buniniň, Çehowyň, Sergeý Dowlatowyň “ysy” gelip gitdi.
E.Keretiň “Meniň iň gowy dostum” atly hekaýasy hakda aýdylanda, Magtymguly: “sözüm gysga, şerhi köp...” diýýär-ä. Ine şonuň ýaly hekaýa ekeni.
Gysgajygam bolsa, örän köpgatlakly, çuň manyly, az gürläp, köp aýtmagy başarýan, üstesine-de aýdasy gelýänini aýtmagyň hatyrasyna “aýagyny ýerden üzmeýän” kämil hekaýa eken.
Okap, näme pikir etdim?!
Awtor näme diýdi?
Näme diýendirin öýdüp özi hasaplaýar?
Emma hakykatda näme diýdi ýa-da diýmedi?
Ýa-da onuň diýmedik, ýöne “diýen” zady näme?

Meniň pikirimçe, bu hekaýanyň gatlaklary:

1. Çyn duýgy – dostluk, dosta wepadarlyk, dostlugyň hatyrasyna ony ähli kemçiligi-artykmaçlygy bilen kabul etmek;
2. Ýalan duýgy – gysga wagtlyk hyjuwa bolan ymtylyş, onuň geldi-geçer şama-şaýyrdylygy, şol duýgynyň seni ruhy taýdan kämilleşdirmän, gaýta seniň göwnüňe «ýara» salmagy, seni kemsitmegi;
3. Çyn dostlukda hatda ol nalajy ýagdaýda seniň işigiňe özüniň «peşewini» getirip gitse-de, ol bagyşlanýar we onuň yzy süpürilýär. Özem muny görlüp-eşidilmedik gahrymançylyk görnüşinde däl-de, adaty bir bolaýmaly zat hökmünde berjaý edilýär;
4.Bimähremi «öý-göwnüňe» aralaşdyrsaň, ol seniň «öý-göwnüňdäki» bolan gowy-erbet zatlara pitjiň atyp, seniň kemiňi gözläp ugraýar, saňa gymmatly zatlary seniň kemçiligiň hökmünde görkezip, ony ýüzüňe bazyladyp basýar;
5.Hatda bimähremler goşulmasyz zadyna goşulyp, seni ynjydaýan ýagdaýlarynda olar bilen agyz deňäp, wejera bolman saklanmagam, seniň «söweşiň» we şol söweşiňde ýeňişiň. Şonuň üçinem sen «söweş aýdymyna hiňlenip», özüňe buýsanmaly we ş.m..
avatar
1
14 Мango • 10:25, 16.01.2024
hormatly saýtdaşlar (kolhozzaşlar diýip bolýan bolsa, saýtdaşlaram diýip bolar-a).
bu terjimä eden bellikleriňiz üçin terjimeçisinden hat aldym, size-de degişli ýerleri bolansoň ony okadaýyn. ine:

Terjimelere bellikleri okadym. Hasam Etgar Keretiňkide hemme aýdylanlar «şap» boldy. Dogrusyny dogry aýdaýyn: begendim.
Näme üçin?
(@myhman-staýl :-))
1.Okyjylar zähmetiňe biperwaý däl. «Çyny» bilen okaýarlar. «Maňa näm-aý?» diýen başdansowmalyk ýok;
2.Türkmen diline, hasam onuň edebi-çeper «resmileşdirilişine :-)» ezber.
@Rowaja tüýs ýürekden «tüweleme» diýýän. Düzedişlerini düzedip hezil etdim. «Meniň»-ler, «seniň»-ler we ş.m. jüpüne düşdi. Derrew düzetdim. Bu gün gelip «ýegrä»-ni görüp, «oh-how» diýip hyýalymda «kellä pitikledim» :-).

@sussypesiň teswirindäkini özümçe «çugdamlapjyk» aýtsam: biziň hemmämize-de şu @Rowaç, @Atsyzatly, @myhman, @Mango @sussypes (bu nikiň yzyny ýazjak bolýan welin, bulaşyp başlaýan, şoň üçin gysgaldaýýan, «belki, gaty görmez-laý» diýen ýagşy umytda :-) ýaly, owarramçyl däl redaktor-korrektorlar gerek.

O redaktor bilen awtoryň «gaýybana munazarasy» bolsa, edebiýat diýlen zat döräpdir — bar.
E.Keretiňkin-ä häzir düzetdim. Ýöne dogrusy, «ýegre, jana-jan» diýen ýaly sinonimleri gereginden artyk ulanyberseň, awtoryň özünden zat galman durubermesin diýibem ýaýdanman duramok. E.Keretiň (belki, ol idişde ýa inglizde ýazýan bolsa, rusçaýa terjimeçisiniňdir), dili garyp, pikir edýän özi bilgeşleýin şeýdýär. Minimalistleň bolan bolşy şeýle. Romantiklerdir-liriklerden tapawutlylykda «gep owadanlamagy», ýagny çeperçiligi kän bir halap baranoklar (Olaň hut şu häsiýetem: «çeperçiliksiz edebiýat» hakda ýalňyş garaýyşlary döredýär. Ýogsa çeperçiliksizem bir edebiýat bolarmy? Bu nonsens ahyry. «Unsuz çörek», «suwsuz çorba», «etsiz kakmaç» diýen ýaly bir zat-da. Ýöne ine: «minimalizm edebiýatynyň öz çeperçiligi bar» diýsek ýalňyşmazmykak diýýän).
E.Keretiňkem terjimäň terjimesi-dä. Onda-da gowy boldy. Okadyk, öwrendik, pikir alyşdyk, başga-da özümiz ýaly okaýanlaň, öwrenýänleň, şu zatlary gyzykly hasaplaýanlaň bardygyny, olara-da şu «pul getirmeýän biderek» zatlaň biderek däldigini bildik.
Onsoň öňem biriniň Moris Drýuondan parçany «türkmençeleşdirip» terjimelejek bolşy ýaly, «Gargyş siňen korollardaky» meşhur personaž graf Rober d’Artuaň özünden ýaşkiçi aristokrat bilen hal-ahwal soraşanda: «Manlykmy, inim? Öý-içeri, mal-gara saglykmydyr?» diýşi ýaly, E.Keretem halys türkmenlerden beter türkmençe «gürläp» başlabermesin?!
Şunam ýatdan çykarmaly dälmikä diýýän.
Galan zadam «dinozawr ekäň özi ýahşy biledi-le welin».
avatar
0
15 Мango • 10:27, 16.01.2024
özüniň täzeden redaktirlän görnüşini bu ýerde täzeden goýdum we köne wariantynam adamçylyk gerek bolsa diýip aşakda goýýan.

MENIŇ IŇ GOWY DOSTUM
hekaýa

Meniň iň gowy dostum gije meniň gapyma buşukdy. Men, liftsiz jaýda, dördünji gatda, kireýine alnan öýde ýaşaýan. Käte bu işi köpekler, öz çäklerini belläp, beýleki erkek itleri getirmezlik üçin edýärler. Ýöne ol – it däl, ol – meniň iň gowy dostum. Hem-de, ondan başga-da, bu onuň mülki däldi, bu meniň öýümiň işigidi.

Mundan birnäçe minut öň meniň iň gowy dostum awtobusa garaşýardy. Ol näme etjegini bilmeýärdi. Ýöne, az-mazdan onuň peşewhaltasy ondan üstün çykmaga başlady. Ol garşylyk görkezmäge synanýardy, awtobusyň sähel salymdan geljekdigini özüne ýatladýardy, şeýdibem on minutdan gowrak çydapdy. Birdenem, meniň – özüniň iň gowy dostunyň – duralgadan birnäçe ýüz metrlikde, Zamengof köçesi 14-de, liftsiz jaýyň dördünji gatynda, kireýine alnan öýde ýaşaýandygym onuň ýadyna düşüpdir. Ol duralgadan gaýdyp, meniň öýüme ýönelipdir. Özem gadam urubam däl-de, ýarym ylgap. Soň bolsa başbitin ylgamaga başlapdyr. Her ädimsaýam, oňa saklanmak barha kynlaşypdyr, ol eýýäm haýsam bolsa bir howla sowlup, diwara, agaja ýa-da gaz ballonyna buşugmagyň kül-külüne düşüpdir. Haçan-da onuň kellesine bu pikir gelende, ol meniň öýümden takmynan elli metre-de ýeter-ýetmez ekeni, şonuň üçinem bu pikiri oňa birneme haýwany hem-de lellimligiň örän-örän uly aňlatmasy bolup görnüpdir. Meniň iň gowy dostum barada köp erbet zatlary aýtmak bolar, ýöne ol – lellim däl. Şol sebäpli-de ol, özüniň peşewhaltasy meşik ýaly çişip, sähelçe salymdan ýaryljak-ýaryljak derejesindeligine garamazdan, ýene elli metri süýrenip geçipdir, soňra ýene-de dört gat ýokarylygyna galypdyr.

Ahyrsoňy ol meniň öýüme ýetenden soň, gapymy kakypdyr. Soň jaňyny basypdyr. Ýene-de kakypdyr. Batly. Men öýde ýok ekenim. Hut şol pursat, men, onuň iň gowy dosty, oňa şeýle gerek müddetim, men haýsy-da bolsa bir paba (piwohana) gidip, duruşhanaň öňünde rahatja oturmagy we her bir ýanyma gelen joramy öýüme meniň bilen ýatyp-turmak üçin yrmagy saýlap alypdyryn. Meniň iň gowy dostum, halys ruhdan düşüp, meniň gapymyň öňünde dur, ol maňa köre-kör umyt baglaýardy, emma ine şu pille eýýäm giçdi. Ol indi şol dört gaty aşaklygyna geçip biljek däldi. Onuň soňra başaran birje zady, diňe mäjerlenen kagyzjykda: “Bagyşla!” diýen ýazgyny galdyrmak boldy.

Şol gije meniň bilen öýüme gitmäge razy bolan joram, işigimiň öňündäki kölçäni görüp, muňa ökünmek ökündi. “Birinjiden,” – diýdi ol: – “bu ýürekbulanjy. Men muňa aýagymy basmaryn. Ikinjiden, hatda sen bu zady süpürseňem, seniň öýüň eýýäm bu ysa eýlendi. Üçünjidenem,” – diýip ol, sypaýy äheňi taşlap, üstüne goşdy: – “Eger-de seniň iň gowy dostuň, seniň gapyňa buşugýan bolsa, bu öz-ä näme-de bolsa bir zat barada habar berýän bolmaly”. Soňam, kelteje säginmeden soň ol ýene-de goşdy: “Sen barada”. Ýene-de biraz dymybam diýdi: – “Özem beýlebir gowy zad-a däl”. Soňam gitdi. “Bu,” – diýdi ol, maňa: – “köpekler şeýdip öz çäklerini çelgileýärler”. Ol muny diýýärkä, “köpekler” diýen sözden soň gysgajyk säginmäni emele getirdi-de, maňa meniň iň gowy dostum bilen köpegiň arasyndan köp umumy zadyň bardygyny habar berýän köpmanyly garaýyş bilen bakdy. Maňa köpmanyly bakybam ol gitdi. Men eýwandan letdedir suwly bedre getirdim, kölçäni ýuwup-süpürip durkamam, burnuma siňdirip söweş aýdymyna hiňlenýärdim. Men ol gyza şarpyk çalman saklanyp bilendigim üçin özüme iňňän buýsanýardym.

© Etgar KERET
avatar
1
16 sussupessimist • 16:25, 16.01.2024
"Jana-jan" çeperleşdirme bolardy, "yegre" edil beyle däl (owadan söz yòne). Лучший друг-y, favourite friend-i minimalistem yegre etmekden çekinmezdimikä diyyän (yone sinonimleri barka, gezekleşdiribermeli, elbetde).
Keret iwritde yazyandyr. Orsça iwritden gowy terjime edip bilyan o diyen känem däl öydyän, esasy Linor Goralik hasaplanyardy. Diyjek bolyanym, bu ors terjimeçiňkem edil ideal terjime bolmazlygy ahmal.
Gowy yazyjy, özboluşly. Birneme yumorly sürrealizm bar.
Umyt Küläň terjime eden terjime eden "Awtobus sürüjisem" bardyr. Başga eserlerinem türkmençä geçirmeli, assa-yuwaşdan.
avatar
0
17 Medicall • 13:46, 17.01.2024
terjiminji çamalagyň (ýa-da çamalagynjy terjimäniň?) başyndaky suraty ajap gelşipdir)))
avatar

Старая форма входа
Total users: 202