Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:56
Gapyma
GAPYMA

Gapym, ýönekeýje demirden gapym,
Sen bilýansiň, diňe meniň bilmeýän,
Hem meniň bu gije yşygmy ýakyp,
Kagyz ýaly owram-owram owradan ,
Ukymyň näme üçin gelmeýänini.
Bilýärsiň sen uzak sapardan soňra,
İlki gelip, sana salam berýänmi.
İlki saňa, ilki saňa, senden soň,
Özgeleri gidip, özüm görýänmi.
Hany aýt, ezizim, näzik şahyryň
Itden gözelini soraýşy ýaly,
Menem senden duýgularmy soraýyn,
Sen dillen hany.
Men uzak ülkede başga gapynyň
Açarny kisämde göterip ýörkäm,
Seniň açaryň hem ýöne ýatyrka,
Gapdalymda hiç bir zada gerek däl.
Bir uzyn boýly hem gözleri umman,
Manysy ertekiň gahrymany deý,
Bir ýigit geldimi, meni yzarlap,
Ol juda görmegeý, juda görmegeý.
Bir ýigit kakdymy demir süňňiňi,
Durup, durup pyşyrdadymy, saňa.
Ah demir topraklym, aýdyp bersene,
"Gürle" diyip, ýalbardymy ol sana?
Demir gapym, aýtsana sen, syrdamdyr,
Saçlarynda barmaklarmyň yzy bar.
Geleninde adimleri merdemdir,
Mahir ýodalary dökülip duran.
Yşykdan nur saçýan eziz ýüzi bar.
Gerdeni berdaşly üstünden kileň,
Sähraň lälezarlygydyr kükeýän,
Omuzlary bulutlaryň Watanyn,
Sährany göterjek, ýük urup bilseň.
Kamys garly ýaýlalaryň aňyrsyn,
Söküp, söküp, söküp, söküp gelen ýar.
Maňa intizardyr, saňa intizar,
Bakyşlary akyp ýatan derýadyr,
Şol bakyşlaň merkeziniň içinde,
Göz içinde ýyldyz gujak gerýändir.
Dury çeşme ýaly kamaty bardyr,
Ellerinde maňa ýazan goşgusy.
Çemen getirerdi birmahallar-a,
Ýa bu gezek elleri hem boşmudy?
Sözle gapym, neneň-niçik halda ol,
Sözlesen-e ýa-da häzir ýolda ol,
Men taýa gelýärmi şemalar bilen,
Ýaşyl göwherini bagra basmana.
Sözle gapym, bir sen şaýat kysmata,
Men garaşaýynmy "Ýaz geler" diýip.
Men garaşaýynmy "Ýar geler' diýip

© Oguljennet BÄŞIMOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 79 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 4.2/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
1
1 Мango • 13:03, 02.08.2023
şeýle goşgulara biografik häsiýetli diýip düşünmelimi?
***
Hany aýt, ezizim, näzik şahyryň
Itden gözelini soraýşy ýaly,

düşünip bilmedim.
***
(gapydan)
Menem senden duýgularmy soraýyn,
Sen dillen hany.

öz duýguňy özüň aýtmaly dälmi, ony başga zatdan sorap bolarmy?
***
Oguljennet hanym erkin ýazýar.
haladym. goşgyň jemlemesi has gowy.
üstünlikler!
avatar
0
2 Medicall • 14:29, 02.08.2023
Ol ýeri bar-a, näzik şahyryñ itden gözelini soraýan ýeri Sergeý Ýeseniniñ şu goşgusyna ýüzlenme ýaly meñ pikirimçe( ýalñyşýan bolmagymam mümkin, dogrysyny awtor biler)
KAÇALOWYÑ ITINE

Hany, Jim, bagt üçin ber bäşi maña,
Beýle penjä duşupdym men negada.
Gel bile üýreli Aý yşygynda,
Şeýle tämiz, şeýle ümsüm howada
Hany, Jim, bagt üçin ber bäşi maña.

Gözüñe döneýin beýle ýalynma,
Düşünmeýäñ kime başyñ egýäniñ.
Seniñ üçin ýagty jahan ýalandyr,
Bileñok oñ ýaşanyna degýänin.

Şöhratly hem atly seniñ hojaýnyñ,
Myhmanam köp gelýär onuñ öýüne.
Sypalasy gelip owadan boýnuñ,
Her kim el uzadýar mahmal tüýüñe.

Düşmersiñ sen bu durmuşa nädeýin,
Gözüñde aldaw ýok, kalbyñda duman.
Ogşajak bolýarsyñ serhoş dost deýin,
Hiç haçan, hiç kimden, hiç zat sorama.

Ýagşy-ýaman kändir bu ýerden gelen,
Hany, Jimim ýatla, geçmişe gara.
Seniñ myhmanlaryñ arasy bilen,
Bir gamgyn gyz gelmedimi bu ýere?!

Ol gyz hökman geler, el berýän ele,
Men ýok wagtym geläýse ol her haçan:
Maña derek näzik ellerin ýala,
Bolan hem bolmadyk günälem üçin.

Terjime: Ahmet Gurbannepesow
avatar
1
3 Мango • 15:14, 02.08.2023
dogry.
minnetdar biz ýaly habarsyzy habarly etdiň.
bu goşgynam aýratyn goýsa boljak eken.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203