10:23 Sen maña gül iberipsiñ | |
SEN MAŇA GÜL IBERIPSIŇ Sen maňa gül iberipsiň, O gül kökün urar maňa. Sen maňa gül iberipsiň, O gül ýaly oralmaga, saralmaga, Gurşamaga, Gözýaşlarmy seň ýüzüňe çaga ýaly çyrşamaga... Sen maňa gül iberipsiň, Ganatly gül, reňki dürli. Sen maňa gül iberipsiň, Bildirip dur meňkidigi... Sen maňa gül iberipsiň, Köki gökde, daly — damar, Hut eziz ol, haly — habar. Barmaklarmyň arasynda akyp ýatan ýüpek ýaly, Säher kölüň üstün basan dumandan bir gapak ýaly, Sen maňa gül iberipsiň — gyzyllary şapak ýaly. Sen maňa gül iberipsiň — reňkinden doýup bolmaýar, Gapdalda goýup bolmaýar... Käsämdäki çaýyň reňki ýaňaklarynda oýnaýar... Obamyň läle-reýhanyn ýatladyp, gül iberipsiň! Sowuk ülkede meýhanaň gijelerine güýmenip Sen maňa gül iberipsiň... Sen maňa gül iberipsiň: Iberäýmänsiň aýralyk... Görmesem, setan-seýranda, Derwüş kädiň keşdeleri — Bar meniň hem çal öýmämde... Ah, şalyma şemal çolan, derdiň bilen öwrülipsiň. Düýşümdemi, huşumdamy, Sen maňa gül iberipsiň... Gijäniň seçeklerine basan halym, belki-de, ol. Ýüregiňi diňe maňa açan halyň, belki-de, ol. Ýa, belki, gowakda galan gussalaryň, teňlenipsiň... Ýa ölümden eýmenipsiň, Sen maňa gül iberipsiň?! Aldym! Ukyň arasynda, çatrygynda, çäresinde, Janyň jan bolýan çagtynda, Aňyň äm bolýan çagtynda... Reňkin dökýän älemgoşar Sähel wagt küýlenipsiň! Ýyllardyr garaşyp ýördüm, Sen maňa gül iberipsiň! Oguljennet BÄŞIMOWA. | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |