Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:52
Gara dälmidir?

GARA DÄLMIDIR?

Maňa gara diýen gelin,
Gözleriň gara dälmidir?
Özüni söýdüren gelin,
Gaşlaryň gara dälmidir?

Gözel, men seni islärin,
Gül bile seni beslärin.
Aý ýüzüňi höweslärin,
Zülpleriň gara dälmidir?

Boýuň uzyn, biliň inçe,
Ýaňaklaryň bolmuş gunça.
Seret göwse düşen saça,
Örümi gara dälmidir?

Utanar men, akar derim,
Görküňe taý ýokdur, perim.
Iň owadan görgen ýerim,
Saçlaryň gara dälmidir?

Maňa gara diýip ýörme,
Möwlam ýaratmyş, har görme.
Ala göze syýa sürme
Çekdigiň gara dälmidir?

Hindi, Ýemenden çekiler,
Iner Bagdada döküler.
Dürli tagama sepiler,
Garaburç gara dälmidir?

Köllere ak guwlar geler,
Ak göwsünde, gara meňler.
Müsürde çoh baýlar bolar,
Gullary gara dälmidir?

Çeşmä gonan ak guwlaryň
Ganaty görki suwlaryň,
Çöldäki arap begleriň,
Çadyry gara dälmidir?

Iller kändir gonup-göçen,
Läle, sünbülden don biçen,
Aga-begler söýüp içen,
Kofeler gara dälmidir?

Öý öňünden suwlar akar,
Gözelleri göze bakar,
Huplar saçlaryna dakar,
Sünbüller gara dälmidir?

Garajaoglan diýer, inşalla,
Görenler diýsin: «Eý, Alla!»,
Gara donly ol Beýtulla,
Örtüsi gara dälmidir?

© GARAJAOGLAN
Bölümler: Goşgular | Görülen: 70 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Garajaoglan | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 15:01, 03.06.2023
garalara garalyň:
1) gara garajaoglan
2) gara göz
3) gara gaş
4) gara zülp
5) gara saç
6) ýene bir gezek gara saç
7) gara sürme
8) gara garaburç
9) gara meňli ak guw
10) gara gullar (hyzmatçylar)
11) gara çadyr
12) gara kofe
13) käbäniň gara örtisi

gara-ňa waspy ýetipdirow!
gara kofeli ýerem gyzykly: "Aga-begler söýüp içen, Kofeler gara dälmidir?"
şojagaz ýerini "kahweler gara dälmidir?" diýip okasaňa hasam şireli bolýan eken.
avatar
0
2 Мango • 15:06, 03.06.2023
gara reňk barada aýratyn ýazyp bolar.
gara we onuň tony (öwüşgünleri) neýtral reňk hasaplanýar.
bu bolsa ol reňkleriň islendik beýleki reňkler bilen sazlaşyp bilýänligidir.

mysal üçin gyzyl eşik bilen ýazyl reňkli bir geýimi sazlamak kyn, emma garada, çalda beýle zat ýok.
olar (gara, çal) her reňk bilen arkaýyn sazlaşýar.

Garajaoglan näme üçin problema çykarýar garalygyna, düşünmedim :-) Gara her ýerde gelişýär ahyryn.
avatar
0
3 Мango • 15:34, 03.06.2023
Garajaoglandan ýene bir wariant gara goşgy:

GARA DÄLMI?

Gelin, maňa gara diýme,
Gaşlaryň gara dälmidir?
Dal gerdene düşer saçyň,
Saçlaryň gara dälmidir?

Hany Isa, hany Musa,
Şerbedi ezerler tasa,
Musadaky zeýtun hasa,
Dessesi gara dälmidir?

Guzaý saçyň burma-burma,
Öldürdiň, garşymda durma,
Gara göze gara sürme,
Çekdigiň gara dälmidir?

Garajaoglan, biýr salamy,
Dilinde Hakyň kelamy,
Ak kagyz üste galamy,
Ýöreden gara dälmidir?

© GARAJAOGLAN
avatar

Старая форма входа
Total users: 202