Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:33
Garajaoglandan şygyrlar
GARAJAOGLANDAN ŞYGYRLAR

EL UZATSAK BARYMYZ

Kadyr möwlam, bir dilegim bar senden,
Artdyr biziň şöhratymyz, şanymyz.
Altmyş gardaş olsak aýny eneden,
Bir supraga el uzatsak barymyz.

On bäşimiz awlagyny awlasa,
On bäşimiz baştutanlyk eýlese,
Otuzymyz misli aga söýlese,
Içimizde serdar olsa birimiz.

Bir ýigit silkinip ata müninçä,
Dönüp-dönüp ol gylyjy salynça,
Kapyr gelip bir ýigidi alynça,
Müň kapyra gylyç salsa birimiz.

Garaja Oglan diýr diläliň aman,
Ol belent daglary büredi duman,
Munda Gurhan, ahyretde ol iman,
Zowalsyz jennete girsek barymyz.

* * *

GYRMYZY

Bir jüp bilbil geldi, gondy çemene,
Başy ýaşyl, aýaklary gyrmyzy.
Bal akyp dur dillerinden, lebinden.
Alma kimin ýaňaklary gyrmyzy.

Meniň ýarym hem soltandyr, hem handyr,
Datly janym ol gözele gurbandyr,
Hünji däldir, sadap däldir, merjendir,
Ak golunda gol baglary gyrmyzy.

Bakjamyza üç gül ekdim, bitäýse,
Jak-jaklap teýinden bilbil ötäýse,
Meniň wadam senden owwal ýetäýse,
Mazaryma dikdikleri gyrmyzy.

Üç ýyl oldy şu daglary aşaly,
Bäş ýyl oldy, gyz, söwdaňa düşeli,
Galk, gideli, biziň oda düşeli,
Başdan aýak düşekleri gyrmyzy.

Garaja Oglan diýr gelgin ýanyma,
Saňa gelen kaza degsin janyma,
Meni öldür, bas elleriň ganyma,
Diýsinler ki barmaklary gyrmyzy.

* * *

AÇYJY BOLMA

Diňle saňa bir nesihat kylaýyn,
Hatyrdan, göwünden geçiji olma.
Ýigidiň başyna bir iş düşende,
Ony ýat illere açyjy olma.

Mejlisde aryf bol, kelamy diňle,
Il iki sözlese, sen birin söýle,
Eliňden geldikçe eýgilik eýle,
Hatyra dokunyp ýykyjy olma.

Hatyra dokunan özüni bilmez,
Asylzadalardan hiç kemlik gelmez,
Sen eýgilik etseň, ol zaýa bolmaz,
Darygyp, her başa kakyjy olma.

El arypdyr, barla özi-kendini,
Açar hazynany - ata pendini,
Ýüz berilse otur, synla kendini,
Gaty beýiklerden uçujy olma.

Myradym nesihat munda söýlemek,
Size laýyk olar ony diňlemek,
Söý seni söýeni, zaýa etme emek,
Söýeniň sözünden geçiji olma.

* * *

PERMANYM BARMY

Çyplak geldim, ýene çyplak giderin,
Ölmezlige elde permanym barmy?
Ezraýyl geler-de, jan talap eder,
Meniň jan bermäge mejalym barmy?

Dirilerler, dälirärler, ýörerler,
Ruzy-magşar diwanynda durarlar,
Haramy bar diýe, gorky bererler,
Meniň ýüpek ýükli kerwenim barmy?

Är bolsaň ärligiň meýdana getir,
Kadyr möwlam, nogsanymy sen bitir,
Maňa diýrler: gam ýüküni sen göter,
Meniň ýük götäre mejalym barmy?

Garaja Oglan diýr, adym öwerler,
Awy boldy iýdigimiz şekerler,
Gözel söýer diýe töhmet ederler,
Meniň Hakdan özge söýenim barmy?

* * *

ÝOLUM BAGLAMA

Kadyr möwlam, bir dilegim bar senden,
Muhannes golunda mätäç eýleme.
Jenneti-aglaýa nesip et meni,
Syrat köprüsinde ýolum baglama.

Gapymyza gara düýe çökinçä,
Tüweleýler bu älemi ýykynça,
Jähenneme gul seçilip çykynça,
Kadyr möwlam, ol gullardan eýleme.

Kadyr möwlam, ataş atma özüme,
Dünýä maly görünmeýir gözüme,
Kadyr möwlam, bakaweri ýüzüme,
Jähennemiň ataşyna daglama.

Garaja Oglan, hata çykmaz dilimden,
Gojaldym-la, haýyr gelmez elimden,
Kadyr möwlam asla geçmez gulundan,
Däli köňül, sen ah çekip aglama.

* * *

AÝRYLAR BIR GÜN

Soltan Süleýmana galmadyk dünýä,
Bu daglar ýerinden aýrylar bir gün.
Nije müň ýyllardyr çüýregen janlar,
Hakyň emri bilen diriler bir gün.

Ne gözel ýapydyr jennet ýapysy,
Çoh aradym, görünmedi gapysy,
Meniň gorkdujagym syrat köprüsi,
Jähennem üstüne gurular bir gün.

Garşydaky daglar garly dag olsa,
Töweregi al sünbülli bag olsa,
Aga olsa, paşa olsa, beg olsa,
Ýakasyz köýnege giriler bir gün.

Bu dünýäde adam ogly diýer sen,
Halaly, haramy durman iýer sen,
Iýme il malyny, ir-giç berer sen,
Eden etmişleriň soralar bir gün.

© GARAJAOGLAN

Surat: Garajaoglanyň Aşgabatdaky ýädygärligi
Çeşme: http://tkm.8m.net/garajaoglan.htm
Bölümler: Goşgular | Görülen: 63 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Garajaoglan | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
2
1 Мango • 10:03, 04.01.2023
“gyrmyzy”-da aýaklary gyrmyzy bilbilden başlap ýaňaklary gyrmyzy ýar, gyrmyzy gol bagy, mazarda goýulmaly gyrmyzy gül, gyrmyzy düşek bilen dowam edip ahyram jenaýat bilen gutarýar - ölüm we elleri gana boýalan ýar. Ýöne, goý Garajaoglanyň diýeni bolsun, biz “elleri ganly” diýmeris-de “barmaklary gyrmyzy” diýeris.
Garagol-aý Garajaoglan.
Ispanlaram gyrmyzy bilen öküzi gaharlandyrýalarmy?
Gyrmyzyda oýun bar bolmaly. :-)
avatar
1
2 Мango • 10:09, 04.01.2023
“permanym barmy”-daky ahyrete degişli sorag ýüregiňi gozgap gidýär; “Meniň ýüpek ýükli kerwenim barmy?” Ýagny, “meniň sogap ýükli kerwenim barmy?”
O kerwen bolubam, ondaky sandyklardan ýüpegiň ýerine takyrap duran boşluk çyksa nähili aýylganç. Ýa-da güýe iýen ýüpek çyksa…
avatar
1
3 Мango • 10:12, 04.01.2023
“Aýrylar bir gün”-de “Meniň gorkdujagym syrat köprüsi, Jähennem üstüne gurular bir gün” setirindäki “gorkdujagym” diýişem täsin.
Gulagyň eştmedik formada söz eştmek ýakymly.
avatar
0
4 Анонимно • 10:44, 04.01.2023
Biz özümizçe yoran bolaly. Öldürmegi - öylenmek edeli. Osoñ olar durmuşa çykjak gyzlañ elini hyna boyayanynam gana meñzedipdir diyen bolaly.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202